Oba çagyrsalar, ýitirýän özüm.
Diýýärin aljyrap: «Bararyn hökman.»
Soň çilimmi otlap, ýumýaryn gözüm.
Çozýar ýok pikirler üstüme bakan.
...Ine tämiz geýnip, bararsyň bärden.
Tanyşdyr adamlar, gezilen ýerler.
(Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?!)
Hana, hol gapdalda bir ýigit otyr,
Şondan gorkup, özüm alyp bilemok.
Törde çaý süzüşip gojalar ýatyr,
Olar hakynda-ha gürrüňimem ýok.
Ine, birden obaň garry, jahyly
Söhbet gurar gazet, goşgy barada.
«How, Eziziň ogly, goşgyň nähili?
Ýeňillig-ä ýokdy biziň obada.
Agraslyk süýdüni ilki emeňde,
Sen emipdiň päk süýdüni hak sözüň,
Oglum, oňarsaň-a ilki çenenme,
Çenendiňmi, boş geçmesin oklaryň.»
Diňläp, ýere girmän otyrsyň zordan.
Wah, basymrak ýarylmazam gara ýer.
(Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?!)
Ýeri, hol, agzyndan süýt ysy aňkap
Duran garagolam gyrpyp gözlerin.
Diýer: «Goşgy ýazmak bolupdyr aňsat,
Şeýle goşgular-a menem ýazaryn.
Bulaň göterýäni dünýäniň derdi,
Melul bolup ýörler gülleň ysyna.»
Wah, bir özi bolsa gapam diýerdim,
Meň başyma oňky näme diýsene!
..Oba çagyrsalar, gideýin nädip?!
Men misli söweşden eýmenýän soldat.
Yza iki ädip, öňe bir ädip,
Ahyr ýola düşýän, ýüzümi sallap.
Öz-özümi iýmän saklanýan zordan,
Hakydamda bolsa şol eýmenç sözler:
— Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden
Näme diýerkäler? Näme diýerler?
Gurbannazar Ezizow