ilhano_va
05.01.2024 21:59
Birden gök asmana dikildi gözüm.
Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.
Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,
Göwnüňi göterip, durnalar barýar,
Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy.
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.
...Adamlara hiç etmändim erbedi,
Ýagşylygy bolsa az etdim juda.
Köçede maksatsyz entäp ebedi,
Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdan jyda.
Hiç kim maňa erbet adam diýmedi.
Ýöne ýagşam diýmediler, elbetde.
Şeýle agyr jeza meni gynady.
Şeýle jeza goýdy meni ezýetde.
Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni,
Kitap däl-de, ýalňyş bilen öwrendim
Durnalar!
Durnalar!
Ine, şuň ýaly
Ýollar bilen sizi garşylan mendim.
Öňem uçupsyňyz hatarma-hatar,
Ýene uçarsyňyz uzakdan-uzak.
Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,
Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.
Oňat bilýän, menden soňam aýlanyp
Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn.
Ine, şu ynanja mäkäm baglanyp,
Kükregimde ýürek goýar urmasyn.
Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular,
Ýöne durmuş gara günler görmesin.
Durna geler!
Durna gider!
Durna ger!
Il daş çykyp garşy alar durnasyn!
...Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy,
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.

Gurbannazar Ezizow
20
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.