ilhano_va
06.01.2024 22:31
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok.
Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.
Men «bar» diýsem,
«ýok» diýjegne şübhe ýok
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.
Dört diwardyr
Üçegimiz bir biziň,
Emma ol şonda-da etmeýär müýni.
«Men gaýkyny söýýän, sen kimi?»
diýýän,
Ol arkaýyn jogap berýär:
«Küýkini!»
Diýýärin «Sen bilgeşleýin edýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüni.»
Oň gözlegi towuklaryň arpasy,
Men söýýärin ýöne arpa suwuny.

Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän
Bolmajak bolanda bolmaz ekeni
Ol-a meni söýýär!
Men ony söýýän.

Gurbannazar Ezizow
26
77
susom
7 Yanwar 2024
@loona_girl, booo 😊
susom
7 Yanwar 2024
@loona_girl, ay kemem bolmaz
loona_girl
7 Yanwar 2024
@susom, yat ağy inni ya huwdulemelimi🤦
susom
7 Yanwar 2024
loona_girl
7 Yanwar 2024
@susom, muňa seredayda ağy inni sn yat mn babay
susom
7 Yanwar 2024
yatyyyyyn babay gelya (yagny mn )@tmcell, @loona_girl,
loona_girl
7 Yanwar 2024
@tmcell, aı borda yatmangec innilay innem mn yatjak pka sagaman ýatyptur 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.