ilhano_va
28.02.2024 00:34
Bagt diýlen zat damja bolsa,
Ýaz ýağşyna eziliň. . .
23
54
ilhano_va
27.02.2024 21:18
"Elegant eser baýragyna" hödürlenýär.

Ýer serhoş bolupdyr, başym aýlaýar.
Men ony öýkeletdim.
Kometa deñimden geçende,
Guýrugyna ýapyşyp, ýerden uçup gaýytdym.
Şonda-da yzymdan garap galdy,
Hamsykdy,
Soñam "ýoluñ açyk bolsun!" diýip,
Ellerin galgadyp galdy.
Piñime däl, hezil edip uçup barýan
Ýyldyzlaryñ deñinden,
Hoşum tutup, gygyrýaryn Rokerleriñ heñinde.
Ýyldyraşýan ýyldyzlaryñ kirişine kakýan
Begenýän çünki,
Älemiñ çür başyndan bakýaryn.
Günem kiçelip ýitdi gözümden,
Indi ýeri asla görüp bilemok,
Men ýeri küýsedim,
Haýp,
Uzakda galdy,
Men bolsa yzyma baryp bilemok
25
64
ilhano_va
27.02.2024 17:33
Diregim sowuk diwarlar,
Söýenjim ýalñyz özlügim,
Kine, gussa bilen bakmañ!,
Bilmändim yşgyñ közlügin.

Ýaşajyk, ýaşajak wagtym,
Görjek wagtym gowylygy,
Ömri bimany sowurýan,
Geljege sary howlugyp.

Akyl berýän akyllylar,
Ilki kemimi gözleýär,
Gözlem ýüzümde ýerleşýär,
Asyl ýeñsäme sözlemäñ!...

Ýoklugym bilmesin bagtym,
Hyýallarym hamsykmasyn,
Meni menden alyp gitjek,
Ruhymy gam sykmasyn.

Gidenmi duýmasyn zemin,
Meniñ täsin gelişim kän,
Gözlerim ýumlaýsa...,
Gorkmañ!,
Bu ilkinji ölüşim däl.

Baýram Bejidov
22
50
ilhano_va
27.02.2024 01:26
Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Belki, söýmezdimem seni,
Kä ýürekler öýkeleşse,
Zordan almazdymam demi.

Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Asyl bagty duýmazdymam,
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.

Sesiñ bilen hüwdilenip,
Adyñ bilen galkynan men,
Käte deñiz, derýa ýaly,
Kenaryñda tolkunyñ men.

Hassalasam, derman boldyñ,
Kyn günimde tekgelik sen,
Umyt bilen ýaşap ýörin,
Barlygyñda dikgerip men.

Duýgylardan körän gursak,
Her gün saña alñasady,
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...

Baýram Bejidov
21
58
ilhano_va
26.02.2024 18:18
Ýarty kofäm gözýaş bilen püre-pür,
Baglañ skeleti gyýylyp bakýa.
Keýpine saýdyñmy Sumbar her silde
Iç-içe bükülip, oýulyp akýa?!

Akýa umyt ýañagymdan tuş bolup
Aýnadaky salgym sudur titreýär.
Şeýtanyñ gepine gitmeýär adam
Adam öz hüýüniñ gepine gidýär.

Aýralyklar öldirenok ýüregi
Iç dökeniñ gyjalaty öldürer.
Sen sagdyn toklysyñ, emma ýakynlañ
Agsagyny tapyp ýüzüñe urar.

Zemin doñar minuslara çydaman
Sen doñarsyñ, öýkäñ içiñde gaýnar.
Hiç kim ahwalyña düşünmez. Olam
Señ duýgulañ bilen keýpine oýnar.

Aýna baksam, skeletim görüner,
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.
Bilemok soñumy, belki ykbalym
Bir uly üýtgeşmä çyndanam zardyr.
29
48
ilhano_va
24.02.2024 10:41
Gama baglap goşgymy,
Aglara mejalym ýok.
Yşksyz galan hoş düýni
Dagla:ra mejalym ýok.

Kemlik düýpli üýtgeder,
Manym döner düýpgöter.
Dogryma öýtme heder,
Dänmäge mejalym ýok.

Pelek aýla:r çarhyny,
Bilmen wagt parhyny,
Aýtmaň onuň nyrhyny,
Äwmäge mejalym ýok.

Guşlar egiser heňin.
Sensiz parhly däl ömür.
Ah-h...
Söýgime mesgen gabyr,
Zarla:ra mejalym ýok.
Aglara mejalym ýok...

Laçyn Bazarova
25
39
ilhano_va
23.02.2024 18:07
Keýpine ýaşasak bolmaz durmuşda,
Keýpine gelemzok ilkibaşda-da.
Beýdip ýörsek, gynanmarys, duýmarys,
Ýüregmizden arzuw üzlüp gaçsa-da.

Keýpine güllänok ýazda injirler,
Keýpine ýaganok ýagyş-garlaram.
Keýpine däl zatlaň yhlasy bilen,
Aýlanyp durandyr goja barlygam.

Keýpine gürlänok sessiz asmanam,
Perişdeler derdinişýän bolarly.
Saralyp, ýarmasa gamgyn gursagy,
Bu ýüregimiz solarmy?!

Keýpine däl, beýik daglaň dumany,
Keýpine däl, boz Murgabyň çägesi.
Keýpine ölmedi Adam atanyň,
Habyl çagasy...

Keýpine ýaşasaň bolmaz asylam,
Keýpine ölemzok, sanalgy dolýar.
Megerem, durmuşda adam keýpine
Bagtly halyna betbagt bolýar.
28
67
ilhano_va
23.02.2024 11:06
Gutardy" diýersiň, gutarmaz ýöne,
Aýralyk kalbyňy pycaklar durar.
Gündizler ham hyýal ünsüňi sowsa,
Gije kec ýalňyzlyk gujaklar durar.

Ne öli,ne diri bi güman halda,
Göwüniň gönüni eýlär ýörersiň.
Ruhyň-a ýaradar,pikirleň agsak,
Maýyp ykbalyny süýrär ýörersiň.

Kemteriň nä?
bir ýyly söz,ýa mähir,
Barabardyr tapylgysyz hazyna.
Ýöne ähli barlygyňdan aýrylan,
Meňzeýänsiň bir pukara,garyba.

Sebäp köňül şalygyňy terk edip,
Yşgyň kepderisi ucup gidendir.
Söýmejek,söýülmejek ýaly hic wagt,
Seni ýalnyzlyga bendi edendir.

Şamcyragyň elden alynan ýaly,
Dönensiň alacsyz düňle bir köre.
Aýralyk kalbyňy pycaklar durar,
"Gutardy" diýersiň,gutarmaz ýöne...

Şagül Dowadowa
30
57
ilhano_va
23.02.2024 02:32
Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...

Baýram Bejidov
27
48
ilhano_va
22.02.2024 20:35
ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär
Seň üçin

Seň üçin şükür etsem,
Süýşüp gidýär tebigat.
Ol hakda pikir etsem,
Men munda şonçarak şat.

Seň üçin etsem şükür,
Ykbal möňňürip başlar.
Ol hakda etsem pikir,
Arşyň gözleri ýaşda.

Ol hakda etsem pikir,
Günälerim ýuwulýar.
Seň üçin etsem şükür,
Düşnüksizlik duýulýar.

Seň üçin etsem şükür,
Gargap ugrar perişde.
Ol hakda etmän pikir,
Betbagt men hemişe.

Seň üçin şükür edip,
Daş diredi maňlaýym.
Ahyry pikir edip,
Men namazy saýladym.

Seň üçin şükürlerim,
Nätsemem güldürmedi.
Ol hakda pikirlerim,
Şu çaka öldürmedi...
18
40