ilhano_va
27.02.2024 01:26
Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Belki, söýmezdimem seni,
Kä ýürekler öýkeleşse,
Zordan almazdymam demi.

Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Asyl bagty duýmazdymam,
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.

Sesiñ bilen hüwdilenip,
Adyñ bilen galkynan men,
Käte deñiz, derýa ýaly,
Kenaryñda tolkunyñ men.

Hassalasam, derman boldyñ,
Kyn günimde tekgelik sen,
Umyt bilen ýaşap ýörin,
Barlygyñda dikgerip men.

Duýgylardan körän gursak,
Her gün saña alñasady,
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...

Baýram Bejidov
21
58
medik_
27 Fewral 2024
Her kim ucin oz soyen yary masgala gurandan sonam uytgesik zenan bolup galsyn!♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.