ilhano_va
26.02.2024 18:18
Ýarty kofäm gözýaş bilen püre-pür,
Baglañ skeleti gyýylyp bakýa.
Keýpine saýdyñmy Sumbar her silde
Iç-içe bükülip, oýulyp akýa?!

Akýa umyt ýañagymdan tuş bolup
Aýnadaky salgym sudur titreýär.
Şeýtanyñ gepine gitmeýär adam
Adam öz hüýüniñ gepine gidýär.

Aýralyklar öldirenok ýüregi
Iç dökeniñ gyjalaty öldürer.
Sen sagdyn toklysyñ, emma ýakynlañ
Agsagyny tapyp ýüzüñe urar.

Zemin doñar minuslara çydaman
Sen doñarsyñ, öýkäñ içiñde gaýnar.
Hiç kim ahwalyña düşünmez. Olam
Señ duýgulañ bilen keýpine oýnar.

Aýna baksam, skeletim görüner,
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.
Bilemok soñumy, belki ykbalym
Bir uly üýtgeşmä çyndanam zardyr.
29
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.