ideallider
18.10.2024 09:50
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 34.

306. Gadymy gresiýada söýgüňi bildirmek üçin, söýeniň öňüne alma oklaýmaly eken. Eger ol almany alsa onda söýgüňizi kabul edilendigini aňladypdyr.

307. 2017-nji ýylyň Noýabr aýynda, milýarder Li Kaşin, Gonkongdaky özüne degişli bolan "The Center" atly binany 5.15 milýard dollara satdy. Bu dünýä boýunça taryhdaky binagärlik söwdasynyň iň ulusydyr. Bu bina 1998-nji ýylda 385 milion dollar diýilip bahalanypdy.

308. 2014-nji ýylyň awgust aýynda Rossiýanyň Ýakuti etrabynyň Olom obasynyň ýaşaýjysy 4 ýaşly çaga Karina Çikitowa tokaýda ýitýär we özüniň öýlerinde saklaýan adaty öý güjügi bilen diri galýar. Gözleýjiler(Волонтеры) gyzjagazy ahyry 12 günden soň, 30km² gözläp obadan 6km uzaklykda tapýarlar. 12 günüň içinde gyzjagaz diňe miweleri iýip çeşmelerden suw içipdir. Agşamlaryna uklanynda bolsa wepaly güjügi ýyladypdyr. Çaga ýiteninden, açlygyndan-ölmän jany sag tapylmagy seýrek duş gelýän ýagdaý. Adatça eýýäm 4 gije-gündizden soň adamlar çagany "öldi" hasaplap jeset gözläp başlaýarlar. Bu ýagdaýdan soň Karinajyga adamlar "Maugli" lakamy berýärler.

309. 1931-nji ýylda zoopsihologlar Uintrop Kellogg we onuň aýaly Lýuella maýmynlary adamlaşdyrmak(gumanizasiýa) maksady bilen barlag geçirdiler. Ýagny olar 7 aýlyk "Gua" atly gyz-şimpanzeni öz maşgalarynyň arasyna alyp, oňa öz çagalary bolan 9 aýlyk Donaldyň ýanynda öz-çagalary ýaly edip sakladylar. Gua bilen Donaldy hiçzatdan tapawutlandyrman terbiýelediler. Ýagny birmeňzeş geýindirdiler, nahar berdiler, suwa düşürdiler, okatdylar. Donald we Gua edil aralaryndan suw geçmez doganýaly boldular. Emma näçe jan etselerde 9 aýdan soň, maýmyny adam etmek barlagy başa barmady. Donald, ýagny psihologlaryň öz çagalary akyl-taýdan öz deň-duşlaryndan bahym yza galyp başlady we şimpanzeniň köp endiklerini özleşdirip başlady. Bu ýagdaýda 5 ýyl geçirilmeli barlagy tamamlaman 9 aýda bes etmeli boldylar. Netije: Aňly-düşünjeli jandary(1), özünden pes jandar(2) bilen bile saklanylsa, aňly(1) akyllanmaz, tersine başgalar bilen deňeşdirileninde özi ýalylardan aşakda pes gömük bolar.

310. Amerikan abstraksionisti Barnet Newman-yň 1961-nji ýylda "Black fire 1" atly çeken suraty, 2014-nji ýylda Nýu-Ýork şäheriniň "Christies" auksionynda 84,2 milion dollara satylýar. Men bilgeşleýin surat barada hiçzat aýtjakdäl, google-da ýazyp görmegiňiz üçin. Internetden gözläp şol suraty görüň. Bahasyna degýän surat. Haýran galarsyňyz emma bu hakykat.

Toplan: IDEALLIDER.
11
137
ideallider
17.10.2024 19:24
Gülüşime güleýin 33

321. Mugallym okuwçydan soraýar:
— Meselem ine Jerenjigiň 50 süýjisi bar. Ol bu gün 35-ni iýdi. Inni näçe galdy?
+ Inni bir süýji-kesel galdy!

322. Lukmançylyk synagda bir professor talyba sorag berýär:
— Nämçün operatsiýa-hirurgy bolmak isleýäň?
+ Sebäbi adamlary ýigrenýän, a hirurglar bolsa diňe adamlary kesýär.

323. Hassa narkozdan açylandan soň, oň ýanyna dogtar gelipdir we:
— Operatsiýa gowy geçdi. Siziň janyňyz sag. Ýöne narkoz urmakak, siz birhili gygyrdyňyz, gohladyňyz çabalandyňyz. Ýoldaşyňyz sizdenem beter wägirdi...
+ Ýogsa näme bizi bu hassahana aýna-ýuwmak üçin ugradypdylar.

324. Ýürek-böwrek satylýan saýty görüp men özüme "Içki-dünýäm baý eken" diýip galdym.

325. — Hormatly myhmanlar. Siziň nahar iýesiňiz gelýärmi!?
+ Howwa.
— Onda nämä öýňüze gaýdaňzok???

326. Peýdaly maslahat. Magazinda original Iphone 16 aljak bolsaňyz, onda magaziniň içinde Iphony eliňizden gaçyran boluň. Eger satyjy çaşsa onda iphone original.

327. Buratino ulalananda ýüzünde jahyl-ýapraklar peýda boldy.

328. Hemme oglan "Arkaýyn Nikadan öňem söýüşibermeli" diýer. Tä özleriniň gyz-çagalary bolýança.

329. Dostum torty el-çörek bilen iýenini göremde men "Dost bolmasa bal-mesge alaýaýyn"

330. Rossiýada Firmada bir täjigiň kellesine kerpiç gaçýar. Polisiýa gelip işdeşlerinden "Что случилось?!" diýip sorasa bugalter Täjik-gyz gelip "Karoçe Dädebaý zdez byl, kerpiç tam byl. Kogda kerpiç zdes byl, Dädebaý pizdes byl" diýipdir.

331. Bankomatda pul almaga oçura duranlaryň oçury ýeteninde nämçün bankomatdaky pul gutarýanyny bilýäňizmi!? SEBÄBI OLAR POST OKABAM LIKE GOÝMANDYRLAR.

Toplan: IDEALLIDER.
13
301
ideallider
13.10.2024 20:45
Dos, daswidos🙂 Üýşeliň
12
733
ideallider
11.10.2024 23:55
Wideo Oýun oýnamagyň wagty.

Köp ýaşlar, ylaýtada oglanlar nähili hem bolsa bir oýun göräýseler ol oýunyň deňinden ünssüz geçip bilenoklar. Hala ýönekeý bolsun, mümkin wideo-oýun bolsun gyzygypgalýarlar. Soňky wagtlarda android, smartfon oýunlary ýol alanam bolsa, rowaýaty-gadymy wideo oýunlary hem gözden düşürilenok. Aslynda wideo oýunlar nämä gerek. Wideo oýunlar psihikany güýçelndirmek, tertiplemek we türgenleşdirmek üçin zerur. Belki araňyzda "Bu diýýäniň ýalňyş" diýmegiňiz hem ahmal, onda düşündirjek bolaýyn. Bu döwüriň ýaşlary giper aktiw bolýarlar we netijede adaty ýaş-oglanda ýa gyzda negatiw-energiýa köpelýär. Bu energiýany birýere sarp etmeseler, ýaşlar ýarylýar. Ýarylanlarynda bolsa käte uly ýitgilere getirip, ýakyn-hossarlarynyň göwünlerine degilýär. Şeýle erbetlikleri goýbermezlik üçin ýaşlar ýaramaz endiklere, arak içmek, çilim çekmek, nas atmakýaly zyýanly hereketler öwrenýärler(Gyzlaryň näme zyýanly endikler edýänini bilemok). Şol sebäpli, ýaşlaryň negatiw-energiýasyny wirtual wideo oýunlara gönükdirlmegini dogry hasapladym. Şunlukda size berjek maslahatym Playstation2, ýagny il arasynda Sony diýilip tanalynýan apparat, gysgaça PS2 hem diýilýär. Bu apparatda mundan 4 ýyl ozal oýunlar oýnamak mümkindäl, ýada kyndy. Sebäbi apparat ortaça 2005-nji ýyl töweregi çykan. Netijede apparadyň ähli gurluşlary, ylaýtada disk-okaýan lazeri zaýalanýar. Apparat gereksiz we peýdasyz kerpije öwrüldi. Her-ýerde programmer oglanlar bar. Daşary ýurduň programmer oglan-gyzlarynyň kömegi bilen Sony Playstation2 aparrada täzeden jan berildi. Ýagny indi Sonyny disksiz, fleşkadan hem oýnap bolýar. Bu ýaşlary güýmemäge, ýa okuw okamak üçin, mümkin iş etmegi üçin motiwasiýa bermäge ýardam berer, gysgaça çaga-narkotigi. Nämçün beýle. Meselem mekdep okuwçylaryna "Ýeke bäşlik baha alsaň, onda saňa 15 minut Sony oýnatjak" diýilse, çaga azajyk hem bolsa höweslener we bäşlik almaga synanşar. Emma gaty çenden geçmäň, eger çeniňizi bilmeseňiz çaga garaşly(зависимо) bolar we wide-oýuna azarlar. Şol sebäpli aýawly çemeleşiň. Oýun pristawkany Aşgabat şäherimizde proşiwka edýän oglanlar gaty. Ýöne üns beriň, seresap boluň. Beýle "Oýun gurnaýjylaryň" diňe az-sanlysy oýuny birkemsiz, 100% kemçiliksiz IDEAL edip biljegi azdyr. Oňa derek "Oňarýan, meseledäl, arkaýyn" boluň diýip puluňyzy alyp, aldap, gyýşyk we ýalňyşlykly oýun ýazypberjekler gaty köp. Şol sebäpli, ussa-saýlanyňyzda gaty seresaply çemeleşiň. Oýun gurnaýjy ussalary TMCARS platformadan aňsat tapyp bilersiňiz. Tmcarsda saýlanyňyzda hem hökman doly maglumatlary seljeriň, teswirlerini okaň we ähli zady jikme-jikleşdiriň. Diňe şondan soň apparadyňyzy düzedişe beriň. Elbetde özüm hem çagalygymy ýatlap höwes bilen wideo oýunlary oýnaýaryn. Olaryň içinde: Resident Evil 4(Horror), God Of War 1,2(Action Slam), GTA San-Andreas(Action RPG), NFS Most Wanted(Racing) Syphone Filter Dark Mirrors(Shooter), Crash Nitro Cart(Funny ýaly gyzykly görnüşleri bar. Eger isleseňiz, onda postumyň indiki sanlarynda size oýunlar barada gysgaça ňaglumatlar berjek.

Awtory: IDEALLIDER
12
184
ideallider
11.10.2024 18:42
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 33.

301. 2013-nji ýylda marihuanany ekmäge, saklamaga, ulanmaga kanuna-laýyk eden, ýer-şaryndaky birinji ýurt Uruguwaýdyr.

302. 1921-nji ýylda Alwaranyň(Hindistanyň günorta tarapynda bir oba) maharajjasy Ýaý Singh milli egin-eşikde, Londanda ýerleşýän "Rolce-Royce" awto-ulag kärhanasynyň görkeziliş-dabara-binasyna "Phantom || Tourer" kysymly awtoulagy satyn almaga barýar(şol wagtky bahasy näbelli, şu wagtky bahasy 299000 Ýewro). Kompaniýanyň gaharlanan işgärleri, maharajja adaty sergezzandyr(Bomž) öýdip ony salondan çykarýarlar. Gaharlanan maharajja şeýle maşynlaryň 7 sanysyny satyn alyp ol maşynlaryň öňüne-bamperine sübseler daňdyryp, hyzmatçylaryna buýrup, Londonyň köçelerini süpürtmäge çykarýar. Soňra bolsa maşynlary hindistana alyp-gidip ekerançylykda işledýär.

303. Ýer şarynda 18-den gowrak kitap bolup, ol kitaplar adamyň endamyndan tikilen kitaplardyr. Şol kitaplaryň biri Garward uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanylýar.

304. Amerikanyň ýaşaýjysy bolan Uilýam Suf(William Suff) yz-giderli adam öldüreni üçin 1995-nji ýylda ölüm-jezasyna höküm edilýär. Ol 1991-nji ýylda "Aşpezlik" bäsleşigine gatnaşyp, onda ýeňiji bolýar. Soň geçirilen barlaglara görä, Uilýamyň şol bäsleşige hödür eden naharyna, öldüren adamlarynyň etini garanlygy belli bolýar.

305. "PSR J1748-2446ad" atly neýtron ýyldyzyň diýametri bary ýogy 32 kilometr, emma agramy(масса) günüňkiden 2 esse ulyy bolup, ol Mergen(Стрелец) ýyldyzlar toplumynyň, Terzan ýyldyzlar-üýşmeginde, ýerden 18 000 ýagtylyk-ýyly uzaklygynda ýerleşýär. Bütün älemde, bu ýyldyz öz-okunyň daşyndan aýlanmakda ýeňiji bolup ol 1 sekuntda 716 gezek öz-okunyň daşyndan aýlanýar. Diýmek ol sekuntda 70.000 kilometr geçýär.

Toplan: IDEALLIDER.
15
786
ideallider
08.10.2024 21:09
Gyzyklyja mbähler.

91. Eger suwly stakandaky suwy döküp boşatsak stakanda näme galar?
=============================
92. 53 sany elektrik lampasy bar. Şolaryň 7-sini öçürdiler, 5-ini ýene ýakdylar, 12-ni ýene öçürdiler, 6-ny ýakdylar. Sorag. Jemi näçe lampa galdy?
=============================
93. Buratinanyň oçestwasy näme?
=============================
94. Marmelady ikä böldük, ýarysy nämä meňzäp biler? Süýjämi, şokoladamy ýada başga zadamy?
=============================
95. Men Suwda döreýän, suwda ereýän-gorkýan. Men näme zat?

Hany onda azajyk pişikleşeliň.
15
499
ideallider
07.10.2024 09:53
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 32.

296. Hüwileriň=Baýguşlaryň üç sany gabaklary(Kirpikleriň durýan hamy) bar. Biri göz-gyrpmak üçin(biziňki ýaly), ikinji uklamak üçin, üçinji bolsa göz-gabaklary tozandan we başga howplardan goramak üçin.

297. Durnalar özlerine ýan-ýoldaşy ömürlik tutunýarlar. Emma olar aýry-aýry ýurtlarda, ýagny Afrikada we Golaý Gündogarda(Ближнего Востока) gyşlaýarlar(Gyşlamak= gyş paslynda ýyly ýurtlara göçüp-gitmek we ýyly pasyllarda dolanyp gelmek). Ýöne soň bu jübütler öňki höwürtgelerine dolanyp gelýärler. Şondada durnaň horazy(guşlaryň erkeklerine horaz, gyzlaryna bolsa mäkiýan diýilýär) ilki uçup gelip, entek mäkiýany gelmänkä, höwürtgäni arassalaýar we düzedişdirýär. Durnalar beter wepadar jandarlar, şol sebäpli jübütleriň biri gelmese, onda onuň söýgülisiniň ölendigini ýeke galan durna duýýar we beýik asmana uçup, aşaklygyna-ýere bat alyp süsüp, özlerini heläkleýärler.

298. Koalalaryň 90%-di 2 görnüşli hlomidiý-"Lat. Chlamydia pecorum, Chlamydia Pnoumonia" saklaýjylardyrlar. Hlomidiýanyň birinji görnüşi diňe haýwanlara mahsus, ikinji görnüşi bolsa adamlara ýokuşup "Hlomidoz" keselini döredip biler. Bu kesel hem edil sifilis ýada AIDS ýaly bolup hroniçeska öwrülip nesil yzarlaýar. Şol sebäpli siz Awstraliýa gidip, gowja, ýuwaşja, ýumşajyk koalajyk bilen gujaklaşyp surata düşjek bolsaňyz, onda şu aýdylanlar barada güýçli pikirleniň.

299. Haçanda ene-ary öz esasy-wezipesini, garrylyk ýa-da kesel sebäpli ýerine-ýetirip bilmese, başga işçi-arylar ol ene-aryny şeýlebir gysýalar weli, ene-ary gyzgynlyga çydaman ölýär. Aryň baly süýji hem bolsa, baly öndüriji arylar öz ejelerini öldürýän jandarlar.

300. Her-hili zada söýgi döreýär. Emma şo her-hili zady söýeniňde jyns-gatnaşygy ýaly hereket etmek bu dälilik ýaly hasaplanylyp biliner. Şeýle üýtgeşik söýgüleriň biri hem "Plýuwiofiliýa(плювиофилия)" ýagş-ýagmyra bolan söýgidir. Ýagşdan gorkmagyň hem ylymy ady bar. Ýagny "Ombrofobiýa".

Toplan: IDEALLIDER.
6
109
ideallider
04.10.2024 23:21
Mendede seniňki
ýaly söýgi bar 2
Agşam ara öýüne, begenip şatlanyp gelen Wepanyň ýüreginde birzatlar oýanypdy. Ýogsa ýigit Alladan we ejesinden başga hiçkimi söýmelidäldigini özüne berk tabşyran oglan. Sebäbi gyzlara ýada başga zatlara üns bermek, oglany, gelejekki okuwyna tabşyrmaly egzamenlere ýetişiksiz eder. Şondada Tatýana bolan höwes oglanda güýçlenip başlapdy, gyz barada köp pikirlenmejek bolsada, diýeni bolup baraýanok.
Tatýana bolsa, özüniň nämçün beýle hereket edenine, näçe köp pikirlensede düşünip bilmedi. Rus gyzam bolsa, ömründe ýeke oglana seretmedik, ýaş-juwanda özüne ynamsyzlyk döräp "Men ol ýerde näme hereket etdim, bu nähili bolýa!? Birinjidenä ol natanyş, ikinjiden ol türkmen, üçinjiden duşuşuk bolaýsada, ýaňybyr birinji duşuşuk ahyry. Meň herekedim bozuklaryňka meňzedi. Beýdip nomer bermegim bolanok. Ol men barada näme pikir etdikä!? Daşyndana gaty akylly oglana-meňzeş, belkem meň ýüregim-ruhum şeýledigini duýandyr. Gel hany akylyny barlap göreli. Bolmasa bahana tapyp sögüşmek aňsat" diýip özüni garalady. Şunlyk bilen agşam ara gyz oglana nähilidir bir düşniksiz sifrlary sms edip ugratdy. Wepa sms-i açyp gören wagty bir topar sifrlar. Wepa yzyna gyza sorag ýüzlenmesini ulanyp sms ugratdy. Gyz "eger şularyň näme aňladýanyny bilip bilmeseň, diýmek seň beýniň meň pikirlerimi kowalanok. Şeýle bolsa gaýdyp jaň etme" diýilen jogaby ýazyp ugratdy. Dogurdanam, bu nomerler nämäni aňladyp biler!? Telefon nomerä däl, doglan gününiň wagty diýsek, ony ugratmak nämä gerek!? Oglanyň ýiti, ugurtapyjylygy hergezek çykgynsyz ýagdaýlardan halas edýär, nobatdaky ýagdaýdanam Wepa aňsat baş alyp çykdy. Agşam ýatmak üçin ýerine geçen oglan, derrew internede girdi hem bu nomerleriň, id-ýagny haýsydyr bir sossial sifrlardygyny bilip poisk berdi. Gyzyň anketasyny tapyp owadan, ajaýyp, öň-görülmedik gül-suratyny ugratdy. Şeýdip ýaşlar ýazşmaklaryny gürleşmeklerini dowam ediberdiler. Görülüp oturylsa ikisde bir bilrerine düşünşip durlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýazşmaklara, telefonda gürleşmelere kanagat etmediler hem wagt tapsalar, duşuşmagy arzuwlaýardylar. Tatýananyň(Tanýaň) kakasy gaty talap-ediji bolara çemeli. Gyzyna hijem boş wagt goýmaýar eken. Gyz irden okuwy, öýlän goşmaça okuw, agşam-ara suwda ýüzmeli, agşam ertirki okuwa taýynlyk, ýatmagyndan öň bolsa günüň dowamyndaky geçilenzatlary gaýtalamak. Şeýle ýagdaýlar bilen gyz köp boşaşyp bilmeýär. Ahyry hem garaşylýan 2-nji duşuşuk ýetip geldi. Bellenilen wagty, bellenilen ýerde Wepa eýýäm garaşyp otyr. Sagat 19:00 töweregi. Ýönekeýje futbolkada, jynsyda, hem krossowkada gyz hünji dişlerini ýylpyldadyp geldi we:
-Salam. Köp garaşdyrdymmy?
+Ýokla köp garaşmadym, ýeri garaşanymdada seň üçin bolsa, höwes bilen garaşaryn. Gowmy ýagdaýlaň?
-Howwa. Men saňa ýazanymda düşündirendirdim, boş wagtymýok. Kakam gaty talapçyl. Şuwagdam joralarymyň ýanyna diýip gaýtdym.
+Howwa düşünýän. Hiç, seň bilen ýazşmagymam ýeterlik, duşuşyk barada bolsa arzuwam edemokdym. - diýip juwanlar skameýka geçip otyrdylar. Wepa inni nämeler barada gürrüň ederini bilmän, pikire batdy. Onsaň ilkinji duşuşuk barada soramagy makul bildi...

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
0
237
ideallider
04.10.2024 18:50
Mendede seniňki ýaly söýgi bar 1
Ýigit işden boşap, sagat 17:00 toweregi öýüne ugrady. Tomsuň gyzgynjak şemaly ýigidiň ýüzüni sypalap geçýär. Nämçündir bu şemala ýigit çaga ýaly ýylgryryp-begenip meýmiredi. Hemişe boluşy ýaly, başgalar üçin düşnüksiz kompazisiýalary diňlemek niýet bilen ýigit nauşniklerini gulagyna dakdy. Halaýanja aýdymyny goýup höwes bilen diňlemäge başlady. Şeýdip ýöräp, gelip öňküje duralgasynda awtobusa garaşyp duruberdi. Asman bulutlaşygam bolsa, ýagyş ýagmajagy bes-belli. Birdenem, nirdendigi bellidäl, güneşdek nuruny saçyp "ol" geldi. Sary saçly, ak tenli, gyzyl dodakly, ak-nurly rus gyzy Tatýana. Wepa, gyzy görüp aňk-taňk bolup duruberdi. Içinden "Barybir awtobusa köp garaşmaly, edere iş ýok, gel gowsy şu gyzdan kemçilikler gölzäýinle, şonsuzam "Adam hukuklary" okuwunda okap, aklawjy(adwokat) boljak bolsam, adamlaryň daş-sypatyna seredip tanamagy öwrenmeli ahyry" diýip pikirlendide, Tatýanany boýdan-başa synlamaga başlady. "Hmmm, джентлмени предпочитает блондинок(Jentlmeler saryýagyz gyzlary göz-öňüne tutýarlar), ýene aýtmyşlaryna görä ruslar gazajyklary halaýarlarmaşyn, menem gazagrak ahyry. Gyz saryja, biline ýetýän saçy hem bedeni güneşiň nury ýaly, diýmek az kynçylyk gören. Geýinişi ýönekeý. Futbolka, emma gözüňi iýip barýan ak reňkde, diýmek gaty arassaçyl hem şakyr-şukur(pank, ýada gotika däl) dakynanok. Kraska çalynmandyr, geň görmeli. Rus bolsada gaşynada degmändir. Bu nähili gyzaý!? Üýtgeşik. Mbäää, "üýtgeşik gyzlar üýtgeşik zatlary halaýan bolmaly" gel şuň bilen şu pikirimi barlap göreýinle. Üýtgeşik bolmak üçin nämeler gerek, göwün-ýüregiňdäkiňi aýdyp bilmeklik hem dogruçyllyk, gönümel dogumlylyk, batyrlyk we hemmezada taýyn bolmaklyk gerek. Nämeler diýsemkäm" diýen reňkli pikirleri kellesinde aýlap durşuna, Tatýana aňkaryp duranyny hem unudan ýigidi, gyzyň gyzgyn-çogly garaýşy özüne getirdi. Oglan özüne gelip, eden pikirleri hamala göze görünendek utanyp-aljyrap birhili ardynjyrady. Ýigidiň bu boluşyny synlan Tatýana, ýaňy 6 aýlyk bäbek-çaga ýaly ýylgyrdy. Ýigit özüni ele alyp "hüjüm etmegiň wagty geldi" diýip gursagyny howadan doldurup gyza tarap ugrady. Gyz oglanyň özüne tarap gelýänini görüp bilgeşleýiň aňrysyna öwrüldi. Wepa(Rus dilinde):
-Salam
+Salam
-A siz ajaýyp. Saçlaryňyz hem güneşiň nuruna meňzeýär. - diýende gyz utanjyndan aşak bakanynda, saryja ýaňaklary gyzyl almadek gyzardy. Tatýana mylaýym ýylgyryp:
+Sagboluň.
-Soramak mümkinmi?
+Soraň
-Telefon nomeriňizi beräýiňdä!? - diýip oglan gönümel a:t ýa tanyşlyk açman, sen-men ýok göni gyzyň telefon nomerini sorady. Soňam gyzdan geljek gaharly sögünçlere hem gykylyklara garaşdy. A ýok, beýledäl, gyz gülüp:
+863.. .. ..-diýip öz telefon nomerini aýtdy. Wepa begenjinden guş bolup "Ýessss" diýenini hem bilmän galdy. Gyz Wepaň bolşuna has beter güldi. Oglan derrew telefonyna nomeri belläp, gyz bilen gürrüňi dowam etmäge hyýallandy. Oňa çenli gelen awtobusa tarap ýönelen gyz, ýuwaşlyk bilen oglandan daşlaşyp başlady. Wepa çaltlyk bilen, belläp alan belgisine jaň aýlady. Tatýana mylaýym sesi bilen gülüp, telefonda jaňy alyp:
-Näme, eýýäm ýüregiň gysýarmy?
+Ýokla, ýöne men siziň nomeriňizi bellämde ýalňyş bellän bolaýmaýyn duýip barlaýşymdy.
-Bolýa. Agşam habarlaşars. - diýip gyz awtobusa mündi. Wepa bolanzatlardan ýaňa esli wagt özüne gelip bilmedi. Howwa, üýtgeşik zat ýok, emma birden owadan gyzyň döremegi, duýdansyz oglanyň dogumlanyp özüne ynamynyň gaty güýçli artmagy, soňra ugruna bolan gürrüňler, hem soralan ýerinde berilen telefon belgisi, eýsem bu zatlar üýtgeşikdälmi!? Şeýle ajaýyp gyzyň şeýle aňsatlyk bilen yrylmagy, Wepany çuňňur iňkise gidirdi. Tatýana näme jogap ederkä...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
9
146
ideallider
04.10.2024 02:30
Mendede seniňki ýaly söýgi bar 7


...Şeýtdide gyz öz aýratynlyklaryny Wepa güjeňledi. Şol wagt Wepanyň gözleri nämedir birzatlar gördi, nämedir üýtgeşikzat. Oglan muny görüp gorkdy hem ysgyndan gaçdy. Gyzyň jynsysy çyg, ondada şol wajyp ýer. Oglan saklanyp pikirlenip gyzdan gaty yza galanyny duýmandam. Gyzam ünsem bermändir. 20-30 ädimden Tanýa, ýoldaşynyň ýoklugyny duýup yzyna öwrülende, özünden uzagrakda Wepanyň ünjä batanyny gördi. Gyz, wagtyň gelenini duýup, yzyna oglanyň ýanyna ýöredi. Şol 20 ädim aralykda aýtjakzatlary barada pikirlenip, ünsini jemläp gelen Tanýa, Wepanyň ýanyna gelip, elini oglanyň egninde goýanda Wepa başyny gyza tarap çala galdyrdy. Ikisi hem az wagt ses çykarman duranlardan soňra Tatýana gürrüňe başlady:
-Bilýäňmi, men seni şeýle söýüpdüm. Seň sözleriňden, ýylgyrşyňdan, maňa seredişiňden, herketleriňden ýaňa meň başym aýlanýar. Seň maňa diňeje barmaklaryň bilen, saçlaryma, ellerime, ýaňaklaryma, tenime degmegiň eýýäm meniň başymy humarladýar hem eräp-akýaryn. Onsaň sen pikir edip gör, şeýle degmekligiň eýýäm meni sandyradýan bolsa, onda çyzykdan geçmekligiň, maňa nämeler edip biler!? Pikir et, görüşiňýaly başga gyzlardan meň hemmezadym beter güýçli. Meň döşüm, arka-bilimiň olaryňkydan beter uly. Elbetde mendenem beter müň esse güýçliler bardyr, eýle-beýleleri ulular bardyr. Men olary bilemok. Meň duýgym, pikirlenşim, empatiýam, simpatiýam, etikam ine görüşiň ýaly sözlerimem güýçli. Diýmek söýgümem güýçli. Wepajan, söýgüsi güýçli gyzyň, organizimi hem ýene şu görüşiňýaly güýçli bolýar. Sen söýüp söýüp, başyň gök-asmana ýeteninde sende nämeler bolup geçýä? Derýalar akýarmy? Deňiz joşýarmy? Wulkan atylýarmy? Mendede seniňki ýaly, hatda seňkiden has beterem güýçli. Ýagny seniň barmaklaryň tenime degeninde, derýalar akmaga, deňizler joşmaga, wulkanlar bolsa atylmaga taýynlanýar. A haçanda dodaklaryň dodagyma degeninde, elleriň pynhan ýerlerime baranynda, iň beterem sendäki daş-dek gaty güýji duýanymda ana şonda mende hemmezat ereýär-akýar. Saklap bolmajak dereje akyp gidýär. Wah bilýänle bu adatydäl, bilemok bu kemlikmi ýa artyklyk. Ýöne Wepajan, düşün meni tebigat şeýle ýaradypdyr. Mende gyzlaryňky ýalydälde, seniňki ýaly söýgi we hyjuw bar. Geçenki gezeklerde seň balagynda dörän çyglygam meň yzym bolmaly. Ýok, ol fantandäl. Ol mendäki fantan. Men şu ýagdaýymy bildirmejek bolup, görkezmejek bolup senden gaçýardym. Mümkin sen mundan beýläk tersine menden gaçarsyň, ýöne nähili bolaýandada sen meniň birinji hem iň söňky söýgüm bolup galarsyň!!! - diýip biraz wagt dymdy. Wepa Tanýanyň hemme aýdanyna aňyrsy bilen düşündi hem hiçzat jogap etmedi. Ýagdaýa özüçe düşünen gyz, sessiz yzyna öwrülip, öýüne tarap ýoly, ýeke dowam etdi. Yzda galan oglan bolsa, gyzy saklajagam bolmady. Eýsem, tebigaty, içi oglanyňky ýaly, daş sypaty, organlary, hemmezatlary gyzyňky ýaly, bu nä geňsi gyz, hem beýle zat adaty zatmy!? Tanýa öýlerine gelişine göni ýuwunmaga girdi. Sebäbi gyzyň bu tebigatynda köp joşgunlar bolýar. Ýuwunulýan otagyň gulpuny berk gulplady. Ulurak platensa dolanyp el ýüzünde goýup uzak wagt oý-pikire çümdi. Gözlerden bolsa boýur boýur ýaşlar dökülýär. Gyzynyň esli wagt eglenini bilen kakasy gapyny kakyp:
-Tanýa, ýatmaly wagtyň boldy. Nahar iýdiňmi?
+Aha
-Bolýa. Ertir ir turmalysyň. -diýip öz işleri bilen güýmendi. Şolwagdam Wepadan gelen "Ertir gürrüňim bar" diýen sms Tanýa täzeden jan berdi...

7-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
8
88