IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 32.
296. Hüwileriň=Baýguşlaryň üç sany gabaklary(Kirpikleriň durýan hamy) bar. Biri göz-gyrpmak üçin(biziňki ýaly), ikinji uklamak üçin, üçinji bolsa göz-gabaklary tozandan we başga howplardan goramak üçin.
297. Durnalar özlerine ýan-ýoldaşy ömürlik tutunýarlar. Emma olar aýry-aýry ýurtlarda, ýagny Afrikada we Golaý Gündogarda(Ближнего Востока) gyşlaýarlar(Gyşlamak= gyş paslynda ýyly ýurtlara göçüp-gitmek we ýyly pasyllarda dolanyp gelmek). Ýöne soň bu jübütler öňki höwürtgelerine dolanyp gelýärler. Şondada durnaň horazy(guşlaryň erkeklerine horaz, gyzlaryna bolsa mäkiýan diýilýär) ilki uçup gelip, entek mäkiýany gelmänkä, höwürtgäni arassalaýar we düzedişdirýär. Durnalar beter wepadar jandarlar, şol sebäpli jübütleriň biri gelmese, onda onuň söýgülisiniň ölendigini ýeke galan durna duýýar we beýik asmana uçup, aşaklygyna-ýere bat alyp süsüp, özlerini heläkleýärler.
298. Koalalaryň 90%-di 2 görnüşli hlomidiý-"Lat. Chlamydia pecorum, Chlamydia Pnoumonia" saklaýjylardyrlar. Hlomidiýanyň birinji görnüşi diňe haýwanlara mahsus, ikinji görnüşi bolsa adamlara ýokuşup "Hlomidoz" keselini döredip biler. Bu kesel hem edil sifilis ýada AIDS ýaly bolup hroniçeska öwrülip nesil yzarlaýar. Şol sebäpli siz Awstraliýa gidip, gowja, ýuwaşja, ýumşajyk koalajyk bilen gujaklaşyp surata düşjek bolsaňyz, onda şu aýdylanlar barada güýçli pikirleniň.
299. Haçanda ene-ary öz esasy-wezipesini, garrylyk ýa-da kesel sebäpli ýerine-ýetirip bilmese, başga işçi-arylar ol ene-aryny şeýlebir gysýalar weli, ene-ary gyzgynlyga çydaman ölýär. Aryň baly süýji hem bolsa, baly öndüriji arylar öz ejelerini öldürýän jandarlar.
300. Her-hili zada söýgi döreýär. Emma şo her-hili zady söýeniňde jyns-gatnaşygy ýaly hereket etmek bu dälilik ýaly hasaplanylyp biliner. Şeýle üýtgeşik söýgüleriň biri hem "Plýuwiofiliýa(плювиофилия)" ýagş-ýagmyra bolan söýgidir. Ýagşdan gorkmagyň hem ylymy ady bar. Ýagny "Ombrofobiýa".
Toplan: IDEALLIDER.