ideallider
11.10.2024 18:42
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 33.

301. 2013-nji ýylda marihuanany ekmäge, saklamaga, ulanmaga kanuna-laýyk eden, ýer-şaryndaky birinji ýurt Uruguwaýdyr.

302. 1921-nji ýylda Alwaranyň(Hindistanyň günorta tarapynda bir oba) maharajjasy Ýaý Singh milli egin-eşikde, Londanda ýerleşýän "Rolce-Royce" awto-ulag kärhanasynyň görkeziliş-dabara-binasyna "Phantom || Tourer" kysymly awtoulagy satyn almaga barýar(şol wagtky bahasy näbelli, şu wagtky bahasy 299000 Ýewro). Kompaniýanyň gaharlanan işgärleri, maharajja adaty sergezzandyr(Bomž) öýdip ony salondan çykarýarlar. Gaharlanan maharajja şeýle maşynlaryň 7 sanysyny satyn alyp ol maşynlaryň öňüne-bamperine sübseler daňdyryp, hyzmatçylaryna buýrup, Londonyň köçelerini süpürtmäge çykarýar. Soňra bolsa maşynlary hindistana alyp-gidip ekerançylykda işledýär.

303. Ýer şarynda 18-den gowrak kitap bolup, ol kitaplar adamyň endamyndan tikilen kitaplardyr. Şol kitaplaryň biri Garward uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanylýar.

304. Amerikanyň ýaşaýjysy bolan Uilýam Suf(William Suff) yz-giderli adam öldüreni üçin 1995-nji ýylda ölüm-jezasyna höküm edilýär. Ol 1991-nji ýylda "Aşpezlik" bäsleşigine gatnaşyp, onda ýeňiji bolýar. Soň geçirilen barlaglara görä, Uilýamyň şol bäsleşige hödür eden naharyna, öldüren adamlarynyň etini garanlygy belli bolýar.

305. "PSR J1748-2446ad" atly neýtron ýyldyzyň diýametri bary ýogy 32 kilometr, emma agramy(масса) günüňkiden 2 esse ulyy bolup, ol Mergen(Стрелец) ýyldyzlar toplumynyň, Terzan ýyldyzlar-üýşmeginde, ýerden 18 000 ýagtylyk-ýyly uzaklygynda ýerleşýär. Bütün älemde, bu ýyldyz öz-okunyň daşyndan aýlanmakda ýeňiji bolup ol 1 sekuntda 716 gezek öz-okunyň daşyndan aýlanýar. Diýmek ol sekuntda 70.000 kilometr geçýär.

Toplan: IDEALLIDER.
15
786
flowers_
18 Oktýabr 2024
"Dogruçylyñ dosty ýok" diýilyanini bilyan menem türkmençede
flowers_
18 Oktýabr 2024
@ideallider, türkmençe bardygyny bilemokdym🤔
ideallider
18 Oktýabr 2024
@flowers_, Şeýdip Türkmeniň edebi-baýlygyny hem Türklere geçiräýseň😏
flowers_
17 Oktýabr 2024
"Dogry zat aýdany dokuz obadan kowular" diyyälermi türkler😐
Relax
13 Oktýabr 2024
@olia, men hic yerde mollasyramokla
zumerret_
13 Oktýabr 2024
Ayyby eden utanmaz , ustune gelen utanar etdinde muny @Relax,
olia
12 Oktýabr 2024
@Relax, Sonky sozun sanada degishli😄
ayymsha
12 Oktýabr 2024
Matsuriken petiklenipdirä
myrataly_
12 Oktýabr 2024
Dogry aytyan
Relax
12 Oktýabr 2024
Näçe mollasyrasaňda fiziologiýa garşy gidip bolanok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.