gurbanowa
05.01.2024 22:12
Sag boluñ Hemmañize...🤗
Öwrenmelide bir agza ha azalar...😁
37
235
gurbanowa
30.12.2023 17:11
Şeýle bir ýürekdeş gürrüñ edeli
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-ä saña özümmikäm öýdeýin
Senem özüñi gör maña seredip.
Meniñ bu "hyñ berip" duran kellämem
Baş atyplar ýetişmesin sözüñe
(Baş näme,janyñam bagyş etseñ bor,
Saña şeýle dünýäsini dözene)
Men goşgy ýazsamam dymma diýdiler,
Gedemem diýdiler tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp meñ göwnümi tapanok
Men nädip taparkam göwnüni hemmäñ?!

Aýgül Garaýewa
22
23
gurbanowa
25.12.2023 15:30
Geljegime aýak basman oýlanyp,
Yza bakdym geçmişime çekip çäk.
Adamlaryň arasyndan saýlanyp,
Galdym tenha özüm bilen ikiçäk.

Geldim şu günlere, geldim şu ýere,
Il aýagna aýak goşup, ýol aşyp.
Humly küýzeler dek ommalyp ýatan,
Syrly dymýan alaňlara dyrmaşyp.

Ot ýakyndym il-günümden ot alyp,
Şu oturan ak depämiň üstünde.
Armanym ýok, türkmen ysyn ýatladyp,
Tüssäň ysy gelip dursa üstümden.

Şükür, ot berdiler, odun berdiler,
Baky lowlap durjak odum, közüm bar.
Adamlar, siz maňa syrly seretmäň,
Hem: «Ýeke özi samrap otyr» diýäýmäň,
Men ýalňyz däl, meň ýanymda özüm bar.

17.05.2000ý

Laçyn Pürjäýewa
26
36
gurbanowa
11.12.2023 22:18
Asmandaky patrak ýaly ýyldyzlar, Äpişgäň ardyndan jyklan çagynda
Süýji düýşler görüp ümsüm gijede, Hemmeler göz yumup uklan çagynda.

Bir natanyş duýgyň ýesiri bolup,
Oňa baglananmy aňmadym meger.
Diýdim öz ýanymdan:"Näme diýerkä,
Özgeler bu hakda biläýse eger?»

Men birdenkä çuň pikire batdym-da,
Hyýallar erkine gideninde has.
Saňa öz içimi dökesim geldi,
Bolup duygularyň ýükünden halas.

Şonda dünýäm içre bir dünýä bolup,
Dörediň alyp bar pikirim, ünsüm.
Seň bilen ikiçäk galan ýalydyk,
Bu gije şeýlebir ümsümdi-ümsüm.

Tä daň agarýança ukym tutmady,
(Tolgunanym üçin şeýledir mümkin),
Ilkinji goşgymy ýazdyran gije,
Juda uzak gije boldy meň üçin.

Aknur Ataýewa
21
30
gurbanowa
28.11.2023 00:40
Kalbyñyzy ýagşy sözlerden dolduryñ.Çünki ýürek nämeden doly bolsa,dodakdan şol döküler.
(
@Gyote)

Geplemäni oñarmasañ,diñlemäni bir öwren.
(@Pomponiy)

Aşhanada aýdylýanlaryñ ählisi myhmanhanada eşidilmeli däldir.
(@Kelli)

Gulagyñyzyñ eşidenine däl-de,gözüñiziñ görenine ynanyñ!

(@Liwiy)

Men bütin ömrümi parasatly adamlaryñ arasynda geçirdim.Emma dymmakdan gowy zadyñ bardygyna hiç duşmadym.
(@Abul Hasan al Gazaly)

Başyñ salamatlygy diliñi saklamakdadyr.
(@Muhammet pygamber)
28
54
gurbanowa
25.11.2023 07:18
Ömrüñizi,siz dymanyñyzda hem size düşünip biljek Adam bilen geçiriñ...!
24
59
gurbanowa
15.11.2023 09:01

Üns berme- senden geçsinler

Üns berme-arkañdan gürlesinler

Üns berme - ýatlamasynlar

Üns berme - seni unutsynlar


Sen diñe öz üstüñde işle!

Wagty gelende işleri düşüp gelerler...

26
58
gurbanowa
12.11.2023 21:59

Penjirämi açmaga-da ýaýdanýan,

Şemal gaýgy-gussa getirjek ýaly.

Dynman hyýal dünýäsinde aýlanýan,

Geçmeýän wagtymy geçirjek ýaly.


Ýüregimde ekdim umyt tohumyn,

Gije-gündiz ynanç bilen suwardym.

Näbelli güýç basyp gitdi möhürin,

Ruhum ejiz geldi ony ýuwardan.


Asuda gijeleñ mymyk howasy,

Ýüzüm sypap meýmiredýär birgeñsi.

Sazlaşykly tebigatyñ howasy,

Bu ne gudrat,bendi edýär neneñsi?


Diýýäler aý dogsa älem görermiş,

Mende dogan aýy hiç kim görmesin.

Diýýäler ot ýansa bir gün sönermiş,

Mende ýanan ataş asla sönmesin.


Ynam diýlen bir gelmişek zatmy ýa?

Durmak bilmän küý-köçämden gatnaýa.

Eý ýolagçy,gel ömürlik hemram bol,

Sensiz ýaşamaga güýjüm ýetmeýä.


Ýene doñup galdym güllere bakyp,

Pikirler serimden gitdiler akyp,

Bir pursatlyk aýak çekdi rahatlyk,

Ýitsedim ykbaly boýnuma dakyp...


Mälikowa B.

29
42
gurbanowa
11.11.2023 13:52

Durmuşda- kiçiräjik aýdylan sözler hem adamy ruhlandyrýar,meselem:ýönekeýje gujaklap:" HEMME ZAT GÜL ÝALY BOLAR" diýlip umyt berilmegi...!

32
50
gurbanowa
10.11.2023 09:37

Goñşy etme ýaman bilen,

Duşman etme dogan bilen.

Haram iýip dok gezenden,

Aç öleýin sogan bilen.



Şanazar Hydyrow.

18
25