gurbanowa
12.11.2023 21:59

Penjirämi açmaga-da ýaýdanýan,

Şemal gaýgy-gussa getirjek ýaly.

Dynman hyýal dünýäsinde aýlanýan,

Geçmeýän wagtymy geçirjek ýaly.


Ýüregimde ekdim umyt tohumyn,

Gije-gündiz ynanç bilen suwardym.

Näbelli güýç basyp gitdi möhürin,

Ruhum ejiz geldi ony ýuwardan.


Asuda gijeleñ mymyk howasy,

Ýüzüm sypap meýmiredýär birgeñsi.

Sazlaşykly tebigatyñ howasy,

Bu ne gudrat,bendi edýär neneñsi?


Diýýäler aý dogsa älem görermiş,

Mende dogan aýy hiç kim görmesin.

Diýýäler ot ýansa bir gün sönermiş,

Mende ýanan ataş asla sönmesin.


Ynam diýlen bir gelmişek zatmy ýa?

Durmak bilmän küý-köçämden gatnaýa.

Eý ýolagçy,gel ömürlik hemram bol,

Sensiz ýaşamaga güýjüm ýetmeýä.


Ýene doñup galdym güllere bakyp,

Pikirler serimden gitdiler akyp,

Bir pursatlyk aýak çekdi rahatlyk,

Ýitsedim ykbaly boýnuma dakyp...


Mälikowa B.

29
42
okan
13 Noýabr 2023
Gaty manyly 👍👏🥺🥺
nabat_
12 Noýabr 2023
1nji bent❤😊🥺
altyyeva
12 Noýabr 2023
Soňky bent 🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.