Geljegime aýak basman oýlanyp,
Yza bakdym geçmişime çekip çäk.
Adamlaryň arasyndan saýlanyp,
Galdym tenha özüm bilen ikiçäk.
Geldim şu günlere, geldim şu ýere,
Il aýagna aýak goşup, ýol aşyp.
Humly küýzeler dek ommalyp ýatan,
Syrly dymýan alaňlara dyrmaşyp.
Ot ýakyndym il-günümden ot alyp,
Şu oturan ak depämiň üstünde.
Armanym ýok, türkmen ysyn ýatladyp,
Tüssäň ysy gelip dursa üstümden.
Şükür, ot berdiler, odun berdiler,
Baky lowlap durjak odum, közüm bar.
Adamlar, siz maňa syrly seretmäň,
Hem: «Ýeke özi samrap otyr» diýäýmäň,
Men ýalňyz däl, meň ýanymda özüm bar.
17.05.2000ý
Laçyn Pürjäýewa