gurbanowa
11.12.2023 22:18
Asmandaky patrak ýaly ýyldyzlar, Äpişgäň ardyndan jyklan çagynda
Süýji düýşler görüp ümsüm gijede, Hemmeler göz yumup uklan çagynda.

Bir natanyş duýgyň ýesiri bolup,
Oňa baglananmy aňmadym meger.
Diýdim öz ýanymdan:"Näme diýerkä,
Özgeler bu hakda biläýse eger?»

Men birdenkä çuň pikire batdym-da,
Hyýallar erkine gideninde has.
Saňa öz içimi dökesim geldi,
Bolup duygularyň ýükünden halas.

Şonda dünýäm içre bir dünýä bolup,
Dörediň alyp bar pikirim, ünsüm.
Seň bilen ikiçäk galan ýalydyk,
Bu gije şeýlebir ümsümdi-ümsüm.

Tä daň agarýança ukym tutmady,
(Tolgunanym üçin şeýledir mümkin),
Ilkinji goşgymy ýazdyran gije,
Juda uzak gije boldy meň üçin.

Aknur Ataýewa
21
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.