gulnura
25.02.2024 17:24
TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI


Kiçijik çaga gök kitiň damarlaryndan ýüzüp bilýär.
Ugandada ilatyň 50%-i 15 ýaşdan kiçi.
Iň pes adamlar ýaponlar, iň ýokary adamlar gollandiýalylar.
Adamyň tüýküligi adaty suwdan üç esse ýokary temperaturada gaýnadylýar.
1979-njy ýylda Pensilwaniýa ştatynda iki çaga adaty bolmadyk at dakdy: Pepsi we Cola.
Doňuzlar asmana nädip seretmelidigini bilmeýärler.
Dil adam bedenindäki iň güýçli myşsadyr.
Pişikler ömrüniň takmynan 70% -ini uklaýarlar.
Horazlar boýnuny gymyldadyp bilmese gygyryp bilmeýärler.
Her gezek asgyrsaňyz, kelläňizdäki käbir beýni öýjükleri ölýär.
Eýfel diňine çykmak üçin 792 basgançakdan geçmeli.
Adam saçlary we dyrnaklary ölümden soň ösmegini dowam etdirýärler.
Futbolçylaryň köpüsi her oýunda takmynan 8-9 kilometre ylgaýarlar. Futbol karýerasynyň dowamynda futbolçy Angliýadan Hytaýa çenli aralyk bilen deňeşdirip biler.
Akylly adamlaryň saçlarynda has köp sink we mis bar.
Russiýa, çäginde 12 deňiz bolan ýeke-täk ýurt.
Pingwin ýüzüp bilýän, ýöne uçup bilmeýän ýeke-täk guşdyr.
19
86
gulnura
23.02.2024 21:05
Ilkinji sowgat (23 fewral)
okuwchy wagtlarymdy yadyma dushyar. Selbi atly klasdashym bardy. O diyen yanyp duran owadan bolmasada ozune chekijidi. 23 fewral geldi yalnyshmasam 2007nji yyl oydyan. Her gyz her oglana sowgat alypdy. In sonky sowgady Selbi berdi. Ozem in yzda otyrdym. Otyramokdym yuzumi elime goyup yatyrdym. Kellami sypalan yaly boldy biri gorsem sho yylgyrypjyk sowgadyny berdi. Achybam gormedim sagbol diydim. Oye baryp acsam sagat. Kicijik sagatlar bardy duzulyan budilnikli guguguk guguguk diyip jynyrdayan. Sagadyn maksady hemishe okuwa gija galyp barardym bahanada yatyp galypdyryn. Okuwdan gija galmasyn diyip sagat beren eken. Hazir ol durmush gurdy men bolsa oylenmedimem. Ol sagadyna yetishdi men bolsa sho sagatly sowgady alsamam gija galyp yorshum.




oglanlar size sorag kimden we nahili sowgat aldynyz bu gun?
14
28
gulnura
22.02.2024 15:04

Logiki soraglar

1.Düýeguş özüne: “Men guşlara degişli” diýip bilermi?

2.Bir gurply maşgalada çagajyk dünýä inipdir. Çagajygyn hemme zady ýerbe ýer maşgalanyň ilkinji bäbegi

bolansoň kakasy ejesi atasy enesi onuň doglan gününe ýatdan çykmajak agşam guramak islediler. Emma

olar onuň üçin 8 ýyl garaşmaly boldular . Sorag: Näme üçin?

3. Dynç güni köşkde jenaýat bolýar. Polisiýalar gelip köşküň işgärlerinden sorag edýärler, derňewçinin

jenaýat wagty sen nirdediň diýen soragyna

Aşpez: “men ertirlik taýýarlaýardym” diýýär

Bagban: “güllere suw berýärdim” diýýär

Garawul: “men poçta gelen gazetleri alýardym” diýýär. Bularyň içinde günäkär adam barmy ?

4. Bir uçar heläkçilige uçrapdyr we ol edil ABŞ bilen Kanadaň araçäk çyzygyna düşüpdir. Siziň

pikiriňizçe ýaralananlar haýsy ýurtda jaýlanar. ABŞdamy ýa Kanadada ?

28
488
gulnura
21.02.2024 20:21
Her söýgi bir rowaýat
Elbetde, bu hemmelere mälim bolşy ýaly durmuşyň gyzykly bir başdan geçirmesi. Her bir adamyň öz durmuşynda, ýaşaýşynda söýgi bar. “Söýgi” bu söz göräýmäge her bir ynsana tolgundyryjy, gyzykly, kä ýagdaýlarda bolsa gynandyryjy, ýürek gyýyjy wakalary ýada salýan gudratly bir jümle. Eýsem, söýgi adama nämeleri etdirmeýär diýsene. Käbir gadymy halk dessanlaryndan, halk rowaýatlaryndan belli bolşy ýaly aşyk ýigitler öz söýgüli ýaryna gowuşmak üçin her hili kynçylykly agyr sütemlere sezewar bolýarlar. Edil şoňa meňzeş söýgi bilen baglanyşykly kiçiräk bir waka meniň hem başymdan geçdi. Ol waka, şol pursat maňa hiç gabat gelmejek ýalydy. Ýöne görüp otursaň bu pelegiň öz bagtyndan eçiljek ýenede kän tötänlikleri bar bolara çemeli…

“Soňky bir aýdan bäri göwnüme bolmasa Aýgül maňa gaty sowuk-sala garaýan ýalydy. Ýogsam, biziň aramyzda üýtgeşik bir zadam bolmandy ahyryn. Ýa, onuň maňa bolan söýgüsi sowaýdymyka? Ýok, beýle bolmag-a asla mümkin däl. Onuň gözlerinden bildirýärdi ahyryn maňa bolan söýgüsi. Biz biri-birimize söz beripdik ahyryn elmydama bile bolarys diýip. Indi näme üçin birdenkä beýle bolaýdyka. Bilmezlikde göwnüne degäýdimmikäm… Bää, her zat etmeli munuň sebäbini bilmeli…” diýen pikirler meni öz günüme goýanokdy. Aýgüliňem telefonlaryma jogap bermeýşi, öňki duşuşygymyzdaky gamly keşbi, solgun bakyşlary meni diýseň oýlandyrýar. Gussaly pikirlerden ýaňa içim-içime sygman ahyry telefon üsti bilen oňa belleşilen ýere barmagy barada hat ýazdym. Birnäçe wagtdan soň “bolýa, baraýaryn, ýöne bu biziň soňky duşuşygymyz bolsun. Meni unut…” diýen jogap geldi. Bu haty okanymda depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldum. Hatdaky sözleriň her biri ýüregime hanjar bolup sünjüldi. Kelläme müň dürli pikirler gelýär. Iň gysga wagtda ony görmek, bu düşnüksiz hereketleri etmegine, beýle ýürek gyýyjy sözleri aýtmagyna nämäniň sebäp bolandygyny bilmek maksady bilen öňki belleşen ýerimize bardym. Şol öňküje çynar agajy, biziň mähirli söýgimiziň ýeke-täk şaýady boldy. Hatda oňa bolan ilkinji pynhan duýgylarymy-da şu çynaryň ýanynda aýdypdym. Şonda Aýgülimiň utanjyndan ýaňa alma ýaly ýaňaklary gyzaryp nar ýaly bolupdy. Ýadymda, şol pursat çalaja sepeläp ýagyş ýagyp başlapdy, ine bu ýagyşam bizi çynaryň aşagyna geçirdi we biziň biri-birimizi has ýakyndan synlamagymyza sebäp boldy. Men diňe şonda seniň gözleriňi ilkinji gezek has ýakyndan görüpdim…

Köp wagt geçmänkä olam geldi. Men ilkinji sözüň ondan çykaryna garaşýardym, ýöne şool ýere seredip, aglamjyrap başlaly bäri hiç zat diýmän otyr. Ahyry ümsümligi bozdum-da:

Aýgül, näme boldy, näme üçin aglaýaň?.. – diýip pessaý äheň bilen soradym. Emma ol jogap gaýtarmady. Az salymdan gaýgyly gözlerini maňa dikip:
Myrat, meni näme sebäp bilen çagyrdyň? Ýa öňküdenem beter göwnüme degmek üçinmi? –diýeninde men barada bir zady ýüregine salyp ýörendigini aňdym.
Aýgül, düşünmedim, näme üçin beýle diýdiň, men seniň göwnüňe deger ýaly näme etdim?
Sen meniň bilen öňden bäri oýun oýnap ýören ekeniň, meni ýürekden söýýänligiň ýalan eken!.. Myrat, men seni şeýle söýüpdim…Men saňa ynandym, ýöne sen…
Hany dursana Aýgül, sen nämeler diýip ýaňrap otyrsyň?! Nämäň oýny, nämäň ýalany, diliňden çykýan zatlary gulagyň eşitýärmi seniň?! Düşnükliräk edip aýtsana…
Men aýtjagymy aýtdym Myrat, indi meni öz günüme goý!
Aýgülüm, soňky bir aý bäri saňa nämeler bolýar?
Asyl sen menden gowy bilýänsiň soňky bir aýyň içinde näme bolanyny! Sen öýlenýän ekeniň we muny bilibem nädip meni ýanyňa çagyryp bilýäň, utanç dälmi?
O nähili men öýlenýän, sen beýle ýalan gürrüňi nireden tapyp ýörsüň?!
Men ol gürrüňi özümden tapamok Myrat, joralarym aýtdy.
Haýsy joraň aýdanam bolsa ýalan aýdypdyr, ýok olar ýaly zat! Ýogsada eşiden zatlaryňy aýtsana maňa!
Geçen aý daýyň ogly Myrat öýlenende seniň ýanyňda bir gyzy gördüm, onuň kimdigini soranymda adaglysy diýip aýtdylar. Şonda…
Dur,dur,dur kim ol gyz?! Adagly diýmäň näme?!
Ady Suraý Şony saňa alyp berjek bolýarmyşlar!
Wah ine indi aýan boldy ähli zatlar. Hawa, şeýle gürrüň boldy toýdan soň, ýöne men oňa çürt-kesik garşy çykdym ahyry. Sen şol gürrüňi eşiden wagtyň aýtsaň bolmaýadymy maňa… -diýenimde ol çaga ýaly bolup meniň ýüzüme seretdi-de:
Sen çynyňy aýdýaňmy Myrat?!
Hawa Aýgül, sen ýaly päk ýürekli perizadyň elini göýberip bolarmy, men elmydama seniň bilen bolaryn…-diýdim-de bagryma basdym…
Kä-te durmuşda şeýleräk gyzykly pursatlar hem bolýar. Öz ýürek söýen ýaryň bilen şeýleräk wakalara duş gelmek, seni oňa öňküden-de beter golaýlaşdyrýar eken. Esasy zat söýülýäniňi bilip, söýýän adamyň bilen agzybir ýaşamakdyr. Söýginiň oýny kändir, sebäbi Söýgi durmuşyň özenidir!!!
17
81
gulnura
20.02.2024 22:25
Ejemjan
Meni mähir bilen dünýä indiren,
Ulalýançam ak süýdüni emdiren,
Aglanymda hüwdi bilen diňdiren,
Söýýän seni, mähribanym ejemjan.


Kesellämde ýanymdadyr hemişe,
Ussatdyr ol, baş çykarýar her işe,
Size jan bermäge taýýar hemişe,
Söýýän seni, mähribanym ejemjan.


Mähirlidir seniň gara gözleriň,
Jana şypa seniň şirin sözleriň,
Owadandyr seniň nurly ýüzleriň,
Söýýän seni, mähribanym ejemjan.

Şahyr: Ezizow Begli
21
25
gulnura
19.02.2024 00:18
Aýralyk söýgi
Iki sany ashyklar urushyalar. 1 ay gecman oglan bashgasyny tapyar oylenmane yola goyulyar birnace wagtdan toy guni bellenyar. Oglan yolda gidip baryaka shol onki soygulisini goryar.. Yylgyryp salam beryar! Icini yakmak ucin oz toyy hakynda aydyp beryar. Gyzam yylgyryp bor bagtly bolun diyip jogap beryar. Yuzini owurip bagyshla men soygulim anyrda garashyp dur gideyin men diyip jogap beryar. Gyz gidyar oglanyn gahary gelyar bay bow bu gyz bilen nadip soyushdumay 2 ayam gecmedi eyyam bashgasy bilen diyip gyz hakda gurleyar. Hemme dostlaryna shol gyz hakda durli erbet sozler aydyar yone ony gorende yuzune yylgyryp hic zat bolmadyk yaly gecyar. Sheydip gyzyn abrayy yere bulanyar bir soz ucin. Ol gyz ol oglany soyyadi sho dushushykda soygulisi yokdy! Toy boljagyny eshtende yuregi bolek boleklere bolundi yone oglan bagtly bolsun diyip durmushyndan cykjak bolup soygulim garashyar diydi! Oglan muna dushunman oz soyushen gyzyny nadaydi!! Gyz gijelerine aglap her kimin bir gepini dinleyadi yone sabyr edyadi Hudaya shukur gyzy gepi dinleman aljak oglan cykdy. Gyz bagtly bolup gitdi name diyyaler name bolsada hemme zat gowluga. Belki shu eser size yol gorkezer belki de sizem gepden dashda durup bashlarsynyz ynanman adamlar, goziniz bilen gormeseniz!
18
91
gulnura
18.02.2024 00:12
Bilmedim
Many gözläp hereketiň, sözüňden,
Kalbyňdaky duýgyňy syza bilmedim.
Birden düşse, mähir doly gözüňden,
Gözümi her nätsem-de üze bilmedim.

Eýsem-de söýgüli aýaman bagyş,
Çeksem-de adyny ýüregme nagyş,
Uçgunňa ot bolýa, damjaňa ýagyş,
Hergiz yşk ataşyn ýaka bilmedim.

Bilýänle, gowlugadyr sabyryň ýoly,
Çekdir näziň, çekeýin Mejnunyň ýaly,
Bardyra-how her zadyň çenidir-çaky,
Gaçar almam heniz kaka bilmedim.

Göwün göwne değse biri şat bolar,
Beýlekisi gaýga golaýgat bolar,
Söýgi şonda wagtlaýynça ýat bolar,
Nätsem-de gazaply baka bilmedim .

Men muny ýazmadym, ýürek ýazdyrdy,
Biraaaazajyk ýagdaýyn saňa syzdyrdy,
Gülün ekmek üçin çukur gazdyrdy,
Söýgüsiz gülümi eke bilmedim...


Şahyr:Ezizow Begli
9
32
gulnura
17.02.2024 02:10
Entek ýok söýgülim üçin goşgy?

Bir çak kalbymda saňa söýgim örňän,
Sensiz günlerimiň manysy-da ýok.
Sesiňe, gülkiňe gulagym gurban,
Eşdip ýörsem owazyň, göwnümem dok.

Çagakam ejemiň hüwdi sesine
Uklasam-da, indi bary tersine,
Seň sesiň gerek, gijeleriň hersine,
Sen bolmasaň uklamajagymam hak.

Meň söýgülim örän-örän göwünjeň,
Gürrüň bersem bolaryn men öwünjeň,
Garaşaryn, meň ýanyma gelinçä,
Gel, söýgim, göripleriň içini ýak!

Islegim, bagtymsyň, ýene kän zadym...
Saňa tarap galdy ýekeje ädim,
Üýtgär nesip bolsa tizlikde "adym",
Çagalarmyza öz familýaňy dak!
22
80
gulnura
16.02.2024 15:24
Dünýäde ýaşy iň uly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze  çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.

Safran ― dünýäde iň kyn açylýan gül. Ýöne ol bir açyldymy, ep-esli işe ýaraýar.Ýekeje safran öz agramyndan 100 müň esse agyrlykdaky suwuklygy sary reňke boýamaga ýeterlikdir. Ol kosmetika serişdelerinde,iýmit taýýarlamakda we derman önümçiliginde hem ulanylýar.

Boliwiýada ýetişýän Puýa Raimondii atly täsin gül 150 ýylda bir gezek açylýar.

Dünýädäki iň uzyn Orkida güliniň boýy 20 metre ýetýär.

Bägüller gyrkylandan soň hem ösüp bilýän ýeke-täk güldür.
11
64
gulnura
15.02.2024 22:02
Magtymguly Pyragynyn ilkinji mugallymynyn ady name? (kakasyndan basga)
25
148