Logiki soraglar
1.Düýeguş özüne: “Men guşlara degişli” diýip bilermi?
2.Bir gurply maşgalada çagajyk dünýä inipdir. Çagajygyn hemme zady ýerbe ýer maşgalanyň ilkinji bäbegi
bolansoň kakasy ejesi atasy enesi onuň doglan gününe ýatdan çykmajak agşam guramak islediler. Emma
olar onuň üçin 8 ýyl garaşmaly boldular . Sorag: Näme üçin?
3. Dynç güni köşkde jenaýat bolýar. Polisiýalar gelip köşküň işgärlerinden sorag edýärler, derňewçinin
jenaýat wagty sen nirdediň diýen soragyna
Aşpez: “men ertirlik taýýarlaýardym” diýýär
Bagban: “güllere suw berýärdim” diýýär
Garawul: “men poçta gelen gazetleri alýardym” diýýär. Bularyň içinde günäkär adam barmy ?
4. Bir uçar heläkçilige uçrapdyr we ol edil ABŞ bilen Kanadaň araçäk çyzygyna düşüpdir. Siziň
pikiriňizçe ýaralananlar haýsy ýurtda jaýlanar. ABŞdamy ýa Kanadada ?