Dünýäde ýaşy iň uly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.
Safran ― dünýäde iň kyn açylýan gül. Ýöne ol bir açyldymy, ep-esli işe ýaraýar.Ýekeje safran öz agramyndan 100 müň esse agyrlykdaky suwuklygy sary reňke boýamaga ýeterlikdir. Ol kosmetika serişdelerinde,iýmit taýýarlamakda we derman önümçiliginde hem ulanylýar.
Boliwiýada ýetişýän Puýa Raimondii atly täsin gül 150 ýylda bir gezek açylýar.
Dünýädäki iň uzyn Orkida güliniň boýy 20 metre ýetýär.
Bägüller gyrkylandan soň hem ösüp bilýän ýeke-täk güldür.