Baý bir adamyň 4 sany aýaly bardy.
Emma ol 4-nji aýalyny has köp söýýär we esasy oňa üns berýärdi. Oňa iň owadan köýnekler, göwniniň islän ähli zadyny alyp berýärdi.
3-nji aýalyny hem 4-njisiçe söýýärdi. Ol örän owadan bolany üçin ony hemme ýere ýanynda äkidýädi. Emma birden biri bilen gaçaýmasyn diýip hem elmydama gorkýardy.
2-nji aýalyny hem gowy görýärdi. Onuň bilen elmydama syrdaş bolupdy. Haçan bir meselesi bolsa onuň bilen maslahatlaşýardy. Aýallarynyň içinde iň ynanýany 2-nji aýalydy.
1-njy aýalynyň ýagdaýy üýtgeşikdi. Maşgalasyny, baýlygyny gazanmakda onuň möhüm orny bardy. Emma ol adam ol aýalyny söýmeýärdi. Ol adam ony söýmese hem aýaly ony ýürekden söýýärdi. Emma ol baý adamyň iň az söýýän aýalydy.
Bir gün baý adam hassalanýar.
We kän wagt geçmän öljegine göz ýetirýär. Gowy durmuşyny we 4 aýalyny pikir edip 4 sany aýalym we ajaýyp durmuşym bar. Ýakyn wagtda bolsa ölýärin ýeke-ýalňyz gidýärin diýip pikirlenýär.
4-nji aýalyny ýanyna çagyrýar we \"Saňa elmydama iň gowy zatlary aldym, iň köp saňa üns berdim. Emma indi ölýärin, we o dünýäde ýalňyz bolmak islämok. Meniň bilen birlikde gelersiňmi diýip soraýar. Aýaly: \"Asla bolmaz!\" diýip jogap berýär we başga hiç zat diýmän çykyp gidýär.
Lapykeç ýagdaýda 3-nji aýalyny ýanyna çagyrýar we: \"Iň köp seni söýdim, seni elmydam ýanymda sakladym, emma indi ölýärin. Meniň bilen birlikde gelersiňmi?!\" Diýip soraýar. 3-nji aýaly hem: \"Ýok! Durmuş örän gowy we dowam edýär, indi başgasy bilen durmuş sürmek isleýärin. Sen öleniňden soň başga biri bilen durmuş gurjak\" Diýip çykyp gidýär. Baý adam elmydama şeýle bolmagyndan gorkýardy.
Soňra 2-nji aýalyny hem ýanyna çagyrýar we: \"Kyn günlerimde elmydama ýanymda bolduň, iň ýakyn syrdaşym bolduň. Meniň bilen o dünýä gidersiňmi?!\" Diýip soraýar. 2-nji aýaly: \"Menden muny isleme. Ýaşaýarkaň elimden gelen ähli kömegi ederin. Mazaryňa çenli saňa ýoldaş hem bolaryn, emma o dünýä seniň bilen bile gelmegimi menden isleme\" diýip jogap berýär. Bu jogaby alyp baý adam has hem gynanýar..
Baý adam çäresiz ýagdaýda gama batyp ýatyrka: \"Men seniň bilen bile giderin. Nirä gitseň git, seni asla ýalňyz goýmaryn!\" diýen ses eşidýär. Kellesini galdyryp seretse 1-nji aýaly. Baýyň ol aýalyna seretmedigi üçin daşyndan lapykeç görünýärdi. Baý kellesini ýaýkaýar we: \"Wagtynda saňa örän gowy seretmelidim., indi düşündim. Meni bagyşla!\" diýýär ýuwaşja pyşyrdap.
Baý adamyň ýagdaýyny gördik. Aslynda her birimiziň durmuşda 4 aýalymyz bar.
4) 4-nji aýal biziň bedenimizi görkezýär. Bedenimizi söýýäris, ol owadan görünsin diýip elmydama oňa üns berýäris. Emma ölenimizde ony o dünýä ýanymyz bilen äkidip bilemzok.
3) 3-nji aýal dünýäde eýe bolan zatlarymyz, baýlygymyz. Ölenimizde ol hem derrewjik başgalaryna geçäýýär.
2) 2-nji aýal maşgalamyz we dostlarymyz. Bize näçe ýakyn, wepaly bolsa bolsun, bize diňe mazara çenli ýoldaş bolup bilýärler. Ondan soňuna asla güýçleri ýetmez.
1) 1-njy aýal bolsa biziň ruhumyz. Şan-şöhrat, baýlyk ugrunda gözden salan zadymyz.
Hawa, bu dünýäden gidenimizde biziň bilen geljek ýekeje zat - bu biziň RUHUMYZ. Oňa üns berip, adalatly, dogruçyl, halal bolup, ony soňuna çenli güýçli we arassa saklalyň...