gullnara_
05.11.2023 16:31
ÝERÇEKEN

Näçe gezek diýdim:
«Aýryl, ýerçeken!»
Saňa näçe sapar «Ýit, ýok bol!» diýdim.
Aýrylmadyň.
Gitmediň.
Bürmek bolup ýapyşdyň.
«Yzymdan gal!» diýip näçe ýalbardym.
«Agam meni paltalar» diýp agladym.
Kölegäme döndüň.
Sakyrtga bolduň.
Diýdim:
«Diliňi çek, maňa lak atma!»
Diýdim:
«Eliňi çek, masgara etme!»
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Senden sowlup geçere ýol tapmadym.
Özelendim.
Näçe gaýra «ýok» diýdim.
Sülük bolup ýelmeşdiň...
Ahyr bir gün daş bagladym ýüregme.
Gözüm ýumdum.
Başym saldym etegme.
Agamyň paltasyn taşladym guýa.
Saňa-da «Bolýa» diýdim...
Senem gitdiň jähennemiň bazarna.
Taşlap gitdiň,
Gaçyp gitdiň — parhy nä?!
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Özüň-ä däl,
Aýak yzyň görnenok.
Diňe umyt maňa teselli berýär:
Belki, seni ýer çekendir, ýerçeken!..
29
84
nabat_
5 Noýabr 2023
Wahey sözini alansoñ yitip gidayipdir...🥺
sazsoft
5 Noýabr 2023
@violinist, Meňzeýär öz-ä :)
moonlight
5 Noýabr 2023
Gaty jany ýanypdyr öýtýän ýazanyñ))
violinist
5 Noýabr 2023
Aysaparyňkydymy şu goşgy?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.