gullnara_
06.11.2023 06:48
Bilmändirin, wah şo ýyllar,
Çyn ýürekden söýeniñi... Duýmandyryn, gözüñ bilen,
Maña söýýän diýeniñi..
~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Gaşy gara, gözi gara,
Wah boldum men, ýüzügara,
Ýatlasam, girýärin ýere
Meñ yşkymda köýeniñi...
~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Ýigitleri oda ýakyp,
Özgä däl, bir maña bakyp,
Bilmändirin eräp, akyp,
Didarymdan doýanyñy...
~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Meni özüňe taý bilip,
Meni Gün, özüñ Aý bilip,
Bilmändirin... HUDAÝ bilip,
Diñe maña uýanyñy...
~~~~~~~~~~~~~~~~~
Bilmändirin men söýmegi,
Bilmändirin men köýmegi,
Lowurdaýan toý köýnegi,
Wah, soň bildim geýeniñi...
~~~~~~~~~~~~~~~~~
Awtory: Baky Amanýazow
26
68
nabat_
6 Noýabr 2023
👍♥️♥️
oras
6 Noýabr 2023
👌👌👌👌❤️❤️
bayramgeldiyewarslan
6 Noýabr 2023
Super
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.