gullnara_
07.05.2023 06:01
Maryly Aky atly bir daýhan oglan ahyrsoňy öýlendi. Soňky 6 ýylyň dowamynda 13 gudaçylyga sezewar bolan Akynyň sabry we maksadaokgunlylygy, onuň öz obadaşy aýyň bir bölegi ýaly gözel we asylly Bahar atly gyza öýlenmegine mümkinçilik berdi. 2014-nji ýylda mekdebi tamamlan Akynyň klasdaşlarynyň arasynda gudaçylyk we toý çakylygy uly tolgunma döretdi. Gyz klasdaşlarynyň azyndan 5-siniň toý üçin täze köýnek tikinenligi aýdylýar. Toýuň jemleýji tapgyry Marynyň ”Bagt köşgi” toý mekanynda geçirildi we oňa Marynyň obalaryndan we etraplaryndan ýadaw garyndaşlaryň 214-si, söýüşmek isleýän ýaş oglanlaryň 28-si gatnaşdy, gyz myhmanlaryň arasynda kimiň nähili pikirdedigini anyklamak habarçylarymyza başartmady. Şeýle hem Akynyň gullukdaşlarynyň adyndan Baýramalydan 1, Ýolötenden 2, Duşakdan 1 SMS gutlagy gelip gowuşdy. Ýolötenden gelen gutlagyň şol bir adam tarapyndan iki gezek ýalňyşylyp iberilendigi we ibereniň ýüreginde aýratyn puşmanlyk duýgusyny döredenligi aýratyn bellärliklidir. Ýolötenli SMS-i hem hasaba almak bilen ýurtda ýalňyşylyp iki gezek iberilen SMS-leriň sany 3014-e ýetdi.
Myhmanlar esasan Toýota Kemri we Awalon ulaglarynda geldiler. Däp bolşy ýaly dominant daýzalar bu toýa hem maşynyň öňki oturgyjynda oturyp geldiler. Geçen hepdäniň dördünji gününden bäri didarlaşyp bilmedik çüýşedeşler bolsa, biri-birilerini görenlerinde gözýaşlaryny saklap bilmediler. Türkmen şerabynyň gadymy we wepadar janköýeri Bäşim öz dosty Baýramy görende “söz bilen beýan edip bolmajak duýgylary başdan geçirýärin” diýip tolgunmak bilen öz ahwalatyny teswirledi.
Toýuň birinji çärýeginde Maryly bagşy Dj Meretgeldi birnäçe halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Her kim öz işi bilen başagaý bolanlygy sebäpli onuň aýdym sözlerini üýtgeden ýerlerine hiç kim üns bermedi. Meretgeldi innowasion usuldan peýdalanyp “Gözüm düşdi sonam onlaýn bolan ýerlerňe”, “Adminjan garybam garyp” diýen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Kömekçi bagşynyň aýdan “Sen meniň gowjam” atly rep aýdymyna öýlenýän ýigidiň Kiýewde okaýan jigisinden başga hiç kim düşünip bilmedi. Repden soň garaşylşy ýaly ýöne “näbelli sebäplere görä” elektrik togy öçdi we bellenilen tertipde 1 çüýşe bilen
elektrikden habar tutuldy we tok üpjünçiligi ýola goýuldy.
Toýuň ikinji çärýeginde toý mekanynyň sýurprizi hökmünde kim tarapyndan we näme üçin çagyrylanlygy belli bolmadyk tansçy gyzlar peýda boldular. Olar “Hattuba” atly hindi dilinde, ýöne ýekeje hindiniň hem düşünmeýän, aýdymynyň sazyna örän özüneçekiji tanslar etdiler. Zerli geýimleri we bedenleriniň wagtal-wagtal geýimsizleşýän territoriýalary erkekleriň nazaryndan sypyp bilmedi. Bedenleriň wibrasiýa goýlan telefon ýaly hereketleri, köpleriň ýüregini lerzana getirdi. Oba gelnejelerine Hudaýtarapyn berlen uzak aralykdan görüş sistemalarynyň barlygy erkekleriň özlerini çendenaşa arkaýyn alyp barmaklaryna rugsat bermedi. Tans meýdançasynyň töwereginde aýlanjyrap gözüniň gytagy bilen tansçylara seredip oturan erkekleriň her biri öz aýallarynyň 54 megapiksel 36xOptiki zoom mümkinçilikli gözleri bilen berk gözegçilikde saklandy.
Dabarada düşnüksiz wakalar ýokary depginde alnyp baryldy. Toýuň üçünji çärýeginde wals tansy edildi. Wals tansy barada Aky toýdan öň ýaýradan beýanatynda: “Iller edensoň bizem edäýýäs. Ata-baba wals edilen däldir. Ömrümde ilkinji we iň soňky gezek wals edişim bolar” diýip Ýewropanyň nusgawy tans sungatyna bolan çuňňur biperwaýlygyny äşgär etdi. Gyz tarapyň gelnejesi elindäki çeklisti bilen hemme zady belleşdirmegi dowam etdirdi. Toýuň üçünji çärýeginiň tamamlanmagy bilen eýýäm gyz tarapda oglan tarapyň “gara sanawynyň” deslapky görnüşi taýýar bolup, ol Eltiler geňeşiniň indiki ýygnagynyň gün tertibine girizildi. Sanawa oglanyň aýal dogany we gyz jigisi birinji we ikinji orunlary paýlaşyp girdiler.
Wals tansynyň dowamynda obadaky
40-njy orta mekdebiň 3-4-nji synp okuwçylaryndan ybarat “Gözelligiň duşmanlary” atly terrorçylykly topar ýokardan ýagdyrylan dürli reňkli şarlary bary-ýogy 58 sekundyň içinde ýaryp çykdylar. Şarlaryň sesinden ýaňa zähresi ýarylan oba gyzy Bahar tas özünden gidip ýykylýardy. Ýöne Akynyň kerpiç guýup ýören kuwwatly elleri walsyň endiganlygyny bozmady we ol içinden “ömrümde ýekeje gezek tans edýän, şony bir gowja edeli” diýip, täze gelinligini berk we dik saklap, toý märekesiniň ünsüni çekmezlige çalyşdy. Bahar özüni dürsemäge maý tapdy, emma Aky bilen Baharyň bedeniniň wals tansyndaky aradaşlygy ullakan mesele bolmagynda galýardy. “Gaty daş dursam gülkünç bolar, gaty ýakyn dursam görümsiz diýerler” diýen duýgy Aky bilen Baharyň kellesindäki integral hasaplamalarynyň diňe bir bölegini emele getirdi. Mundan başga-da wals tansynyň barşynda oba gyzlarynyň 32-sinde smartfon enjamynyň barlygy olaryň wideo almaga başlamaklary bilen dünýä aýan boldy. Arçynyň gyzy Ýazjemal hemişeki görümsizligini edip, wals tansyny iPhone 14 mobil enjamy bilen düşürdi.
Toý mekanynda işleýän ofisiant gyzlaryň zoroastrizmde ussatlyk derejesine ýetenleri ýokary tizlik bilen ýaş çatynjalaryň daşyna ýanýan şemleri ýerleşdirdiler. Ol gyzlardan Nasiba atly tejribeli işgär “Öňler adamlar oduň daşyndan aýlanýar eken, indi biz adamlaryň daşynda ot aýlaýas. Muňa neozoroastrizm diýilýär” diýip özboluşly pelsepesini biz bilen paýlaşdy. 3 minut 17 sekundlap ýanan bu şemleriň haýsy maksada we haýsy pikire gulluk edýändigi Akynyň kakasy Berdimyrat aga üçin we daýysy Şageldi üçin ömürbaky tapmaça bolup galar diýlip çaklanylýar.
Toýuň soňky çärýeginde ýedi gatly tortuň muşdaklary özleri üçin aýgytlaýjy pursadyň ýetip gelýändigini aňyp başladylar. Içinden “çaltrak dynsak” diýýän Akynyň Bahara tort berýän pursadynda onuň gözleri öz gelniniň gözlerine kaklyşyp durmuşyň süýji pursatlarynyň başlandygy baradaky hoş habar Akynyň nerw sistemasyndan 0,01 Amper akym bilen geçip gitdi. Baharyň ýüregindäki tolgunmalar hem Akyň duýgularyna simmetrik boldy we olam bagtly maşgalada ýaşajakdyklary barada umytlara 15 sekundlap gark boldy. Toý mekanynyň işgärleri tarapyndan tort tizden tiz gelen myhmanlara paýlanyldy. Toýuň galan bölegi barada maglumatlar habarçymyzyň içgili bolanlygy zerarly ýitipdir.
23
182
gullnara_
06.05.2023 10:18
Adamlary yazuwy esasynda tanamak..
Okuwçykak sapaklarynyň birinde türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz öz tejribesi esasynda, ýagny biziň we has öňki okuwçylarynyň ýazan düzmelerini mysal getirip, hatyň üç görnüşi hakynda aýdypdy. Ýazuwyň birinji görnüşi ýazýana-da, okaýana-da düşnükliligi bilen tapawutlanýan owadandan nepis hat. Ikinjisinde hatyň düşnükliligi diňe ýazýanyň özi bilen çäklenýär. Üçünjüsi bolsa ne ýazýana, ne-de okaýana düşnükli. Hatyň görnüşlerini şeýle toparlara bölensoň, mugallym bularyň birinjisine mugallymlaryň hatyny mysal getiripdi, ikinjisine lukmanlaryňkyny, üçünjisine bolsa şu ýazgynyň awtoryny mysal getiripdi. Şu ýazgyny kompýuterde däl-de, elde ýazan bolsam, muňa has aýdyň göz ýetirerdiňiz.
Ýazuwyň adamynyň häsiýeti bilen baglanyşygyny öwrenýän ylma grafologiýa diýilýär. Ylmyň bu ugry adamynyň zehinini, özüne erk edip biliş güýjüni, özüne baha berip biliş ukybyny we duýguçyllygyny hatyna görä kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu makalada biz adamynyň şahsyýet aýratynlygy dogrusynda netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýän ýazuwyň esasy alamatlary hakynda gürrüň açmakçy.
Adamynyň häsiýetini açmakda ýazuwyň ölçegi, hili, ýygjamlygy we hereketi aýratyn ähmiýete eýedir. Bulardan ýazuwyň ölçegi jemgyýetde adamlaryň arasyndaky gatnaşygyň hil-derejesini görkezmekde möhüm alamat bolup durýar. Şuňa laýyklykda haty iri ýazýan kişiler ýeňillik bilen daş-töweregindäki adamlaryň dilini tapyp bilýär. Şeýle ýazuwa eýe bolan adamlaryň dosty köp bolýar. Owunjak ýazuwly kişiler bolsa, ýapyklyk we ýaşyrynlik ýaly häsiýetlere eýedirler.
Ýazuwda harplaryň burçlarynyň emele getirilmegi diňe özüni bilýän kişilere mahsus. Aýlawlaryň emele getirilmegi açyk göwünli we ýukaýürek kişilere yşarat edýär. Hatyny basyp ýazýanlarda güýçli erki we erjelligi görmek bolýar. Öçügsiden gowşak basylyp ýazylan harplar bolsa, erksiz ýa-da “suw meýilli gurbaga” häsiýetli kişileriň esasy aýratynlygydyr.
Kalliografik ýazuw adamyny jogäpkärçiligi duýýan, tertip-düzgüne üns berýän, muňa garamazdan özbaşdak hereket etmekde çäkli we garaşly adam hökmünde häsiýetlendirýär. Takyk ýazuw asuda we häsiýeti taýyndan durnukly adamlara yşarat edýär. Gabaraly ýazuwlar janypkeş, bilesigeliji, şadyýan adamlarda gabat gelýär. Düşnüksiz, bulam-bujar ýazuw işjeňlikden, biperwaýlykdan, şeýle hem girriklikden nyşan.
Harplaryň biri-birine goşulmagy bilen emele gelen ýazuwlar logiki pikirlenişiň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Eger harplaryň arasy üzülip, biri-biri bilen birikmeýän bolsa, onda bu ýagdaý ol adamynyň duýgurlygynyň ösenligi bilen baglanyşyklydyr.
Ýazuwda çep gyrada boşlugyň galdyrylmagy adamynyň maddy gymmatlyga bolan gatnaşygyny görkezýär. Eger ol dar bolsa tygşytlylygy görkezýär. Giň bolsa sahylykdan, jomartlykdan habar berýär. Eger çep gyrasy aşaklygyna uzaýan bolsa, zady bisarpa ulanýandygy, yrýa edýändigi bilen baglanyşykly. Çep gyrasyny daraldýan bolsa, onda husytlykdan we nebsewürlikden habar berýär.
Ruhubelent optimist adamynyň ýazuwda setirleri başda pesden başlap setiriň soňuna dogry ýokarlanýar. Göwnüçökgün pessimistiňki bolsa tersine setirleri aşaklygyna gaýdýar. Göni setirler häsiýeti boýunça öz mümkinçiliklerine dogry baha berip bilýän asuda, paýhasly adamlara mahsus. Göni däl – egrem-bugram setirler bolsa, mekirligi, käte bolsa adamynyň haýasyzdygyny, ynsapsyzdygyny görkezip bilýär.
Adamynyň ýazuwy onuň häsiýeti dogrusynda köp zat aýdyp bilýär. Ýazuwyň esasynda adamynyň öz daş-töweregindäkilerden, hatda özünden hem gizleýän häsiýetiniň alamatlaryny ýüze çykarmak mümkin.
Gollar barada aýdylanda, adaty, çylşyrymly bolmadyk gollar adamynyň özüne bolan ynamyny we batyrgaýlygyny görkezýär. Aýlawlardan emele gelen gollar bolsa, mekir we synçy adamlarda köp duş gelýär. Üsti çyzylan gollar adamynyň hyjuwyndan we gujuryndan habar berýän bolsa, aşagy çyzylan gollarda edenliligiň alamatlaryny görmek bolýar. Çekinjeň we dymma adamlar goluny ýa-da onuň birnäçe harpyny halkajyga aýlap geçirýär. Atanakşekilli ýazuw durnuksyz häsiýetiň habarçysy. Çyzyk şekilindäki hatlar bolsa duýguçyllykdan nyşan. Eger-de çyzyk ýok bolsa, bu adamyny akylly we ätiýaçly hökmünde häsiýetlendirmek bolar.
Adamynyň ýazuwy ýagdaýa, keýpe we beýleki dürli faktorlara baglylykda üýtgäp bilýär. Mysal üçin, adam güýçli joşguny başdan geçirýän halaty adatdakysyndan güýçli basyp ýazýar. Eger-de adamynyň ýazuwynyň şekili dowamly üýtgeýän bolsa, bu ýagdaý onuň duýguçyllygyny we döredijilik ukybyny açyp görkezýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
8
28
gullnara_
05.05.2023 09:30

Öz öziňe bolan hormat.

Arada bir mowzukda şeýle teswire gabat geldim:"Howwa, dogry aýdýañyz. Zenanlary urup durmaly. Gözünde, ýüzünde, bedeninde şikesler galdyryp durmaly. Pikrini diñlejek bolubam wagt sarp etmeli däl. Zenanda näme pikir bolsun-aý. Asyl-ha zenanlary ynsan hasap etmegem nädogry".

Öz ýoldaşyndan urulýan aýal-gyzlar bar we olar oz yoldaşyny taşlamaýarlar näçe urulsalaram. Sebabi name? Menin ozüm günäli, onun gaharyny getirdim diýýär.

Elbetde, akmak, bimany gyzlaram kändir, ýöne sen akylly erkek bolsan, akmak gyzy söýmersňä, şeyle dälmi? Akylly, saýhally, paýhasly, manyly bir gyzy söýersiň we gyz gowy düşünjeli bolsa, ola urmak ekeni, oňa sögmäge-de diliň öwrülmez.

Şonuň üçin gyzlara ýüzlenýärin: gyzlar, öziňize hormatyňyz bolsun! Siz gowy gyz bolsaňyz, sizi hiçkimiň urmaga, sögmäge haky yok. Akylly, gowy oglanlary söýüň, olar içgysdy bolsalaram, siz üçin gowy yoldaş bolarlar we çagalaryňyz üçin gowy ata bolarlar diýip pikir edýärin. Oglanlara-da ýüzlenme: diňe akylly we düşünjeli gyzy saýlaň, urup akyl öwretmeli bolan gyzdan gaçyn! Siz ony uranyňyz bilen erkek bolmarsyňyz ýa-da gyz akyllanmaz.

59
751
gullnara_
04.05.2023 02:25

1. Öýümde bir ogrynyň bardygyny aýtmak üçin enem düýn agşam meni oýardy. Emma enem 2 ýyl mundan ozal ýogalypdy...

2. Ejem meni aşhana çagyrdy, ýöne ejemiň başga bir otagdan pyşyrdanyny eşitdim: "Ol ýere gitme, ol sesi menem eşitdim".

3. "Men uklap bilemok" diýip, ol meniň ýorganyma girdi...Onuň sowuk tenine degip men oýandym...

4. Öýe geldim, ejem aşhanadan “Agşamlyk naharyňy iý" diýip gygyrýar we ejemden SMS gelýär: “Gijä galaryn, özüňe bir zat gyzdyr.”

5. Pişigimiň görüş meselesi bar diýip pikir edýärdim: maňa seredende gözüni jemläp bilmeýär. Onuň elmydama yzymdaky bir zada seredýändigine düşünýänçäm...

6. Näme üçin iki kölege salýandygyma düşünip bilmedim. Galyberse-de, otagda diňe bir çyra bardy.

7. Ýatylýan otagymyň penjiresiniň daşyndaky garaňkylykdan iki sany göz maňa seretdi. Men bolsa 5-nji gatda ýaşaýaryn...

8. Irden telefonda uklap ýatan suratymy tapdym. Kim aldyka... Men ýeke ýaşaýaryn...

9. Uzakly gün işde öýe geldiňiz we eýýäm ýeke dynç almagy arzuw edýärsiňiz. Eliňiz bilen wyklýuçatel gözleýärsiňiz, ýöne kimdir biriniň elini duýýarsyňyz...

10. Asuda uklap ýatyrkaňyz kimdir biri adyňyzy pyşyrdady. A siz bolsa ýeke ýaşaýarsyňyz...

11. Uklap, bir aýagyňyzy ýorganyň aşagyndan çykardyňyz. Kimdir biri derrew seniň aýagyňdan tutdy...

12. Çagany krowadynda ýatyrdym, ol maňa: "Eje, krowadyň aşagyny barla" diýýär. Ony köşeşdirmek üçin krowadyň aşagyna seretdim we ol ýerde maňa gorkunç we titreýän ses bilen seredýän çagamy görýärin: "Eje, meniň düşegimde başga biri bar".

13. Aýnanyň kakylanyny eşidenim üçin oýandym. Ilki bilen penjireden kimdir biri kakýandyr öýdüpdim, ýöne soň başga bir ýerden kakylýanyny eşitdim. Ýüz görülýän aýnadan...

Like basmadyklar aýnaňyza seredip görüň ...👀 😁😁😁

60
875
gullnara_
03.05.2023 08:26

Durmuşdan waka!

Hassahana palatalarynyñ birinde. Iki sany agyr hassa ýatyrdy, olardan birinjisi, ilkinji bolup bu palata gelenligi sebäpli penjiräniñ ýanynda, beýleki hassa bolsa gapynyñ ýanynda ýerleşdirilendi.

Penjiräniñ ýanynda ýatan syrkaw beýleki syrkawa garanda özüni göwniçökgünçilikden saklap bilýän, özüniň gyzyklyja gürrüñleri-sözleri bilen beýlekileriñ göwnüni göterip bilýän adamdy.

- "Penjireden nämeler görünýär?" - diýip, gapyñ ýanyndaky sorady.

- "Gök asmany, bulutlary, köli, ýakyndaky tokaýy görýän" - diýip, penjiräniñ ýanyndaky aýdyp berdi. Soñ her gün penjiräniñ ýanynda ýatan hassa öz goñşusyna penjiräniñ añyrsynda nämeleriñ bolup geçýänini gürrüň bererdi:

- Ol ýol çetindäki park, jürküldeşýän guşlar, kölüñ ýakasyndaky oýnap ýören şadyýan çagalary görýänligini aýdyp, gapyñ ýanyndaky syrkawyñ gam-gussasyny unutdyrardy.

Günleriñ birinde gapynyñ ýanynda ýatan

syrkawyñ kellesine bir pikir geldi:

- "Eger penjiräniñ ýanynda ýatan syrkawa bir bela bolsa, onuñ ýerine özüm geçerin, şonda ol munuñ geplerini eşidip oturman, aýtýan zatlaryny öz gözüm bilen görerin"

Bu pikir onuñ ýüregine düşüp, hiç

rahatlyk bermedi. Ýatan ýerinde diñe

şo hakda oýlanardy, bir çäre gözlärdi.

Bir gün agşam penjiräniñ ýanyndaky hassa güýçli üsgerip demikdi, ýanyndaky knopka (lukmana wyzow berýän knopka) basmagada güýji ýokdy. Beýleki gapyñ ýanyndaky hassa bu bolýan zatlary görüp ýatyrdy, onuñ üçin öz knopkasyna basmak hiç hili kynçylyk däldi, ýöne basmady.

Ertesi gün ir bilen penjiräniñ ýanyndaky ýatan syrkawyñ aradan çykanyny gördüler we ony alyp çykyp gidenlerinden soñ penjiräniñ ýanyna beýleki syrkawy ýerleşdirdiler.

Syrkaw niýetine ýetipdi, indi ol öz gözi bilen köçäni, köli, adamlary, çagalary, guşlary görmek üçin penjireden seretdi, ýöne onuñ oñünde kerpiçden örülen stenadan başga hiç zada gözi düşmedi. Syrkaw aglamjyrap lukmana: - "Hany gök asman, bulutlar, tokaýlar? Ol munça zady stenadan nädip görüp bildi?"- diýip ýüzlendi.

Lukman gynançly ýylgyryp: - "Ol hassa aslynda hiç zat görmeýärdi, ol kördi."

38
270
gullnara_
02.05.2023 05:39

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Mundanam söýgi bormy,

Ýa eýlak bol ýa beýlak.

Ýa baýlyk pula zarmy,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Talyp döwrüm söýdürdiň,

Çekip näziň köýdürdiň.

Jogap bermän ýandyrdyň,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Eger hat ýazsam saňa,

Giç jogap beýäň maňa.

Synag diýýärmiň oňa,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Indi näziň çekmerin,

Senden bagtym tapmaryn.

Saňa tarap bakmaryn,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Çen bolandyr söýgülim,

Göz ýaşlarda ýaglygym.

Meniň ýaşlyk çaglygym,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Bar aýtjagym siz üçin,

Beset oýnuň biz üçin.

Goşgy ýazýan siz üçin,

Ýa eýläk bol ýa beýläk.


Şahyr Begenç Orazow

27
94
gullnara_
01.05.2023 20:11

Ποωςα Αλγεωα:

Birahat ruh 2-nji bölüm (dowamy).


Irden meni agam oýardy.Görsem telewizor görülýän otagda ýatyryn. Agam:

—Uklajak wagtyň telewizory öçürip, otagyňa geçip,ýatmaly ekeniň-diýdi.Men bu otaga haçan, nädip girip ýatanym ýadyma düşmedi...Birdenem aýagymdaky palçyklar ýadyma düşüp, aýagyma seretdim,aýagymda hiç hili palçyk ýokdy. Çykyp seretsem poldada hiç hili yz ýokdy.

Ýene türgenleşige bardym.Ýöne bu gün garaňky düşmänkä,tälimçiden rugsat alyp, obamyza gidýän iň soňky awtobusa münmäge ýetişdim. Awtobusyň içi hemişe bolyşy ýaly dykylyşykdy,adam köpdi.Düýnki maşynyň döwülen ýerine ýetenimizde meň gulagyma ýene "Maňa kömek et!...Kömek et!..." sesi eşidilip ugrady. Men hemmelere eşidilýämikä diýip awtobusdaky adamlary synladym. Ýok,olar parahatdy. Biriniň kömege çagyrýanyny eşitseler şunça adamdan biri seslenerdi ahyryn...Bu ses öýümize gelensoňam meni günime goýmady. Men naharymy çalak-çulak iýip,ukladyjy dermandan iki tabletka atdymda ýatmaga geçdim. Ses welin barha güýçlenýärdi.Edil gulagymyň düýbinde gygyryp duran ýalydy...Ahyryn derman täsirine uklap galypdyryn.

Irde maşgala bolup çaý içip otyrkak agam maňa:

—Gijesi bilen ýatman näme etdiň? Girip-çykyp ýatmaga goýmadyň.Ýa sportsmenligiňi görkezjek bolup gijede ylgap ýörsüňmi?-diýip,hezil edip güldi.

Agamyň bu sözi meni oýa batyrdy. Sebäbi gije men hiç ýerik çykamokdym...

—Ýokla, ýöne özüm ukym tutmady-diýen boldym.Agam sözüni dowam etdi:

—Şu gün günortanky reýs bilen men Aşgabada uçmaly. Bir aýlyk okuwa ugradýalar iş ýerden.Günortan meni aeroporda ertip gaýtda maşyny, türgenleşige gideňde müniber.Ýöne ýagyna-suwuna seredip mün,köçede gyzlary görüp dyzatjak bolup maşyny gynama...diýip agam her gezek maşyny berjek bolanda aýdýan "nesihatlaryna" başlady.

Günortan agamy aeroporda ertip, türgenleşige geldim.Bu gün biraz arkaýynrakdym.Sebäbi düýn agşamdan bäri gulagyma hiç hili "Kömek et!!!" diýlen aýylganç ses eşidilmändi,hemem maşyn bar,ýolda pyýada ýörejek aladam ýok.

Türgenleşik tamamlanansoň,maşyna münüp öýe ugradym.Garaňky düşüp ugrapdy.Şol günki arwaha gabat gelen ýerimize golaýlanymda,tizräk geçmek üçin maşynyň tizligini öňkidenem artdyrdym.Maşynyň tizlik görkezijisi 140-a ýetende gapdalymda biriniň: "Ýuwaşyrak süriber Şirhan,öňüňdäki öwrümde agdarylarsyň ýogsam!" diýen sesine tisgindim.Seretsem şol günki ýigit gapdalymda otyr.Gorkup,aljyrap tormuza basdym.Batly barýan maşyn birden saklanymy ýokuş gördümi nämemi,erbet silkindi-de öçdi. Gapdalyma seretdim ýaňky arwah ýigit ýokdy.

"Gözüme görünäýdi öýdýän" diýip, maşyny işletjek boldym.Açaryny näçe towlasamam maşyndan ses-üýn ýok. Näme bolanyny bilmek üçin maşyndan düşüp,gapyny ýapanymam şoldy welin maşynyň dört gapysam ilindi,açaram içinde galdy.Meni erbet gorky basdy. Ýoldan geçýän ýekejede maşyn ýok...

Birdenem pessaý öwsüp duran şemal güýçlenip başlady.

Daş töwerekdenem "Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...Sen kömek edäýmeli maňa kömek et!..." sesleri eşidilip başlady.Sesler şeýlebir aýylganç, şeýlebir güýçlidi,edil gulagymdan girip beýnimi iýip barýan ýalydy...

Men bu seslere çydaman gygyryp başladym:"Meni günüme goý!...Günüme goý meni!...Men saňa näme etdim!..." birdenem hemme sesler kesildi, şemalam ýatdy...Arkamdan kimdir biri:

—Sen maňa hiç zat etmediň Şirhan!-diýdi.Hawa,bu şol arwahyň sesidi.Men arkama öwrülmäge howlukmadym.Oňa çenli oň özi meň öňüme geçdi. Gorksamam oňa sowal berdim:

—Menden saňa näme gerek?

—Kömegiň gerek!

—Kömek? Nähili kömek?

—Men birahat! Meň birahatlygymyň sebäbem meni öldürenler hiç-hili jeza çekmän,arkaýyn ýaşap ýör.

—Men näme edip bilerin?

—Sen,meni öldürenleri tapyp şu ýere getirersiň.Meň olar bilen hasaplaşmaly zatlarym bar.

—Ýöne men olary tanamoga?!

—Serdar,Orazberdi,Perhat,meň adymam Mergendi.Sen şolary 3-günden soň şu ýere getiräýmeli.Bolmasa olara aýylganç ölüm garaşýar.

—Men olary nädip tapaýyn ahyr?

—Pagta zawotda işleýänlerden soraşdyr.Hemme zada düşünersiň.Meň wagtym boldy.Gitmeli.-diýdi-de ruh gözden ýitdi.

—Ýöne...men...nädip...-diýip onuň yzyndan sakawlap galdym...

Indi öýe gaýtmalydy. Ýöne açary içinde galyp,gulplanan maşyny nädip öýe alyp gaýtjak???.Men pyýada ýöräbem bolsa, öýdäki ätiýaç açary alyp gaýdaýyn diýip ýöräp ugradym...Howa sowuk bolansoň elimi jübime sokdym. Birdenem elim jübimde nähilidir bir açara degdi."Bu nämäň açaryka?" diýip çykaryp gördim.

Ol maşynyň açarydy. Ýöne ol maşynyň içinde galypdy ahyryn...Nädip ol jübime düşdikä?...

Yzyma gaýdyp maşyna mündim, "Ýa,pirim Hezreti Dawut (demriň piri),özüňden medet!" diýip,açary towladym. Maşyn gül ýaly işläp durdy, ýuwaşjadan sürip öýe ugradym...

Ertesi gün,günortanrak etrabymyzdaky pagta arassalaýjy kärhana (il içinde aýdylyşy ýaly pagta zawot) bardym. BGN-daky garawulyň ýanyna girdim. Garawul 60-ýaşlaryndaky adamdy.Men ondan şu zawotda,5-6-ýyllykda işlän Mergen atly oglan barada soradym. Garawul maňa özüniň täzeräk işe geçendigini, köne işgarleri tanamaýandygyny, ýöne şu zawotda direktor bolup işläp, birki ýyllykda pensiýa çykan Kerim agany tanaýandygyny we gerek bolsa şonuň salgysyny berip biljekdigini aýtdy.Men garawuldan Kerim aganyň salgysyny alyp öýe gaýtdym. Kerim aga bilen gürleşip görmegi ertire goýdym.

Dowamy bar.


Ποωςα Αλγεωα:

Birahat ruh." 3-nji bölümi (jemleýji bölüm).

Ertesi gün Kerim aga bilen görüşmek üçin,onuň obasyna tarap ýola düşdim. Sorap-idäp öýüni tapyp gapysyny kakdym.Gapyny 17-18 ýaşlaryndaky gözleri garaja,saçlary iki örülen gyz açdy:

—Salam,size kim gerek?-diýip utanjyrap, sorady.

—Salam,Kerim aga bilen gürleşmelidim, öýdemikä?

—Atammy? Atam Köneürgenje gidipdi. Ertir geläýmese.

—Şeýlemi,bolýa onda ertir geläýerin.

—Kim sorady diýeýin.

—Ýok,özüm geläýerin.

—Bolýa.

—Neme...siziň adyňyz kim?-diýip soranymda gyz öňkisindenem utanjyrady.

—Menmi...Dursunaý.

Başga wagt, başga ýerde duşan bolsam Dursunaý bilen köpüräk gürleşip durardymam welin...arman wagty däl bolansoň:

—Bor,sag boluň Dursunaý!-diýip,öýe gaýtdym...

Şeýdip ruhuň maňa möhlet beren 3 gününiň ikisi geçdi.Emma entegem tapmaly adamlarymdan uç tapylmady... Tapylaýjagam gümana...

Ertesi ýene Kerim aganyňka baryp, gapyny kakdym.Gapyny Dursunaý açmazmyka diýip durdym.Emma gapyny 40 ýaşlaryndaky erkek adam açdy.

Men oň bilen salamlaşyp,Kerim aga bilen gürleşmelidigimi aýtdym.Kerim aga 70-e golaýlan ýaşuly eken.Oňa özümi Mergeniň ýegeni diýip tanyşdyrdym. Kerim aga pagta zawotda direktor bolan döwründe Mergen, Serdar, Orazberdi, Perhat atly oglanlar bilen işleşendigini olaryň biriniň hasapçy, biriniň tereziman, biriniň lobarnt ýaly wezipelerde işländiklerini, emma Mergeniň syrly ölüminden soň beýleki üçisiniňem etrapdan göçüp gidendiklerini gürriň berdi.

Ýenede Kerim aga maňa işgärler bolup umumy düşen suratlaryny görkezdi, Kerim agadan suratlar barada soraşdyryp,öz tapmaly adamlarymyň ýüz keşplerini ýatladym...Kerim aga bilen sag bollaşyp,öýe gaýtdym...

Orazberdi dosty Serdaryň ölümine gaty gynandy.Jan ýaly klasdaşyny kimdir biri köprüden asyp gitse her kimem gynansa gerek.

Orazberdi dosdunyň namazyny sowuşyp, agşamara öýe geldi."Derdini kemeltmek" üçin ýolugra dükandan bir çüýşe akmämetden alyp gaýtdy.Nahar bilen ýaňky çüýşäni boşadansoň, telewizor görmegä başlady.Birdenem telewizoryň ekranynda "Нет сигнал" diýen ýazgy peýda boldy."Şaring açdym,näme açdym diýen bolup düýnki oglan ep-esli pula sokup gitdi öýtýän.Ýa antena bir zat bolaýdymyka?!" diýip.Daş çykyp,anteny sazlamak üçin üçege çykdy.Anteni eýläk-beýläk aýlap durka arkasyndan kimdir biri:

—Orazberdi,kömek gerekmi?-diýdi. Orazberdi tisginip arkasyna seretdi... Gözlerine ynanmajak boldy arkasynda Mergen durdy.

—M...m...m...Mergen,sen näme işleýäň bärde?

Mergen hahahaýlap güldi.Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy.

—Aý,anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi.

—Ýöne sen ölüpdiňä Mergen!

—Hawa ölüpdim.Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä?

Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady:

—Mergen,ölümiňde meň günäm ýok.Ynanaý günäm ýok...Hemmesini Perhat etdi. Goluňy ýasap,peçadyňy ogurlanam şol, ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol...Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip,seni öldürenem Perhat...Maňa şol günler pul zerurdy,şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym.Mergen ynanaý meň günäm ýok...-diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi.Mergen bolsa:

—Bolýa,bolýa.Gel antenaňy sazlaly.Men gowy edip sazlap bereýin-diýip hahaýlap gülip,anteniň kabelini ýolup aldyda,ony Orazberdiň boýnundan ildirdi...

Ir bilen obanyň adamlary,kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler. Inçe kabel boýuny üzere getiripdir...

Uklapdyryn. Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym.Sagat 01:23. Bu töwereklerde möjek ýokdy.Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi.Ol ses menim etimden geçip,süňkimden geçip,ýüligime ýetdi.Çydamadym.Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp,penjiräniň ýanyna bardym.Ol ýerde,möjek ýokdy...Yzyma öwrülip,öýe girjek wagtym,arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi.Hawa,bu şol Mergeniň ruhydy. Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim.

"Mergen,men tapjak boldym.Ýöne başa baranok.Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer.Tapjak bolýan.Taparynam belki.." diýdim.Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy, gaharmy peýda boldy.Gahar bilen "Ertir A.... obasyna bar. Serdara düýn öldi. Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi.

Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda, dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp, ertesi güni men şol oba ugradym...

Günortanrak baryp ýetdim.Uly ýolda, obanyň içine girmän, maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym...

Birki sagatlardan, obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli,tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady.Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady.

Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar. Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup, maşyndan düşüp,tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim. Perhada gözüm düşmedi.Men garaşmaly diýlen netijä geldim...

Gün öýleden agyp başlanda,obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy. Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym.Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip:

—Inim şähere gidýäňmi?-diýdi.Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin:

—Hawa agam,adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym. Gideli, mün-diýdim.

Perhat gapdalyma mündi.Ugradyk...1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň,men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym.Pehat ýüzüme geň galyp seredip:

—Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy?-diýdi.

—Ýok!-diýip pert jogap berdim.

—Onda nirä barýas?

—Men seni biriniň ýanyna ertmeli.

—Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin?

—Mergeniň ýanyna ertjek.Hol bir wagtky işdeş dosduň bara Mergen.Ana şoň ýanyna barýas häzir.

Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy.Gürländä sesi sandyrap çykdy:

—Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän,hä? Mergeniň ölenine 5-6- ýyl boldy...Sakla maşyny men düşjek.Nirä gitseň şoňa git onsaň-diýdi.

—Maşyna saklaýmaryn!-diýdimem welin,Perhat ýeňsämden tutdyda bat bilen kellämi rola urdy,burnym jaýdar degdi öýdýän,ganap başlady.

Maşyny saklap, saklamankam, Pehat düşüp gaçdy.Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada, ortarada ýykyldy. Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi.Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy. Perhadam ýerinden turjagam bolman, ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy.

"Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym...Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi. Oňa sereder ýaly bolmady, kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir.Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy...Oňa seredip durmakdan gorkdym. Aňyrrak baryp kamazam durdy. Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy. Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip:"Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi.Soňam maňa seretdide:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler. Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi.

Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän,ýuwaşjadan öýe gaýtdym...

Üç günden soň etrap merkezinde,bir çärede Dursunaýa duşdym.Çeper höwesjeňlerde tansçy eken...

Dur hany,nämeler gürriň berip başladymaý?!...Dursunaýa jaň edeýin gowysy.

Soňy.

24
183
gullnara_
30.04.2023 01:38

Men ony söýdüm ýüregim bilen söýdüm, näme üçin ol meni söýmese-de soýýän diýdi. Meniň sypatymy halamasa name üçin meniň bilen gürleşdi, meniň jan yaly joramyn ýanynda:"Men ol bilen göwni üçin gürleşyän sen yaly owadan bolaymala olam" diýipdir, soňam "Özüne şeyle diydi diyip aydayda" diýýämişin, maňa bu soz nähili agyr degdi men

oňa zor bilen gürleş, söýüş men bilen diymedima. "Seni haladym,söýüşäyeli, yüregiňi söýdüm 5 wagt namazyňy söýdüm, akylyňy, arassalygyny söýdüm" diýýädi meniň yüzüme. Arkamdan meni kiçeldipdir, gaty erbet boldum men joramyň ýanynda utandym, yüzüme diyen bolsa-da beyle agyr degmezdi. Bu zatlara ýüregim cydaman oňa şeydip hat yazdym:

"Eger söýmeyän bolsaň ýalan sözlap yüregimi yaralamaly däldiň, gepimi edip maňa şol gepiň yetjegini bilip aytmaly däldin, gara ýüregiň ýaly gara durmuşyň bolsun, meni yadyndan cykar, bagtly bol!!!"

18 minutdan son jogap yazdy:

"-Eeeyyy, sen kime gerek nämedirin oytyäňay özüňe, men sen bilen soýüşenime namys edyän. Dostlarym üstümden gulyär, men oýnamak üçinem söyüşmäga işdäm cekmezdi diýýäler şu wagda cenli utanyadym nädip saňa aytjagymy bilmedim bar durmuşymdan git, oyun edip söýýän diydim, çynyň bilen başyma duşduňow, gaydyp görünme öz deňiňi tap özüňe mynasyp oglany tap, Alada etme, gecmerin, garrap galaryn diyip, gecersin özüňe menzeş biri duşar şu sypatyňada gürleyäň, şoňa gaharym gelyärow, özüň bilmediňmäý men seni almajagymy saňa seret,maňa seret, sen bilen menden başga gurleşen bir barmaý, bolýalaý eger namysyň bolsa sen mana jaň etme şutaýda gecdi hemme zat diyip hasap et dawaýýý..."

Bu haty okap durkam elim,ayagym titredi, ýüregim agyrdy özümi iň erbet dýýan wagtym boldy, birinji gezek, daň atýanca yatman aglap geçirdim, betnyşan sypatda ýaşanymdan kemsidilip yaşanymdan gara ýere girip guma owrülenim gowy diyip dileg etdim agladym..

Teswir:

Aglama gyz uýajygym gam çekme

Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden

Bu howlukmaç ýigitlere at dakma

Kim geçenok oz bagtynyň deňinden

42
932
gullnara_
29.04.2023 06:54

Birahat ruh. (1-nji bölüm. Bolan waka)


Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebimi ýapyp, ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler. Täze geçen mekdebimiz öňkä seredende giňdi we ýylydy. Ýöne çetiräkdä bolansoň, agşamky türgenleşiklerden soň oba gaýtmak kynrak boljakdy.

Türgenleşik tamamlanansoň, bile gatnaýan oglanlar bilen öýli öýimize gaýtdyk. Beýleki oglanlaryň öýi etrap merkezinde bolansoň,olar başga ýoldan gitdiler.Menem obamyza barýan uly ýola çykmak üçin,kiçiräk garaňky ýoldan ýöräp ugradym.Ýoluň ugrundaky ekin ekilýän meýdanlaryň ortasynda depelik bardy.Aýdyşlaryna görä şu depede,bir wagtky haýsydyr bir söweşde ölen şehitler ýatyr.Näçe gezek şu depäni aýyrjak bolup traktor getirselerem aýyrmak başartmandyr.Getiren traktorlary döwülip durypdyr. Ahyryn degmän goýupdyrlar...

Şu zatlar hakda oýlanyp, gorkulyrak pikirlenip gelýärkäm, yzymdan gelýän maşynyň pesiräk yşygyna gözüm düşdi.Köneräk 6-njy (žiguli) eken.Elimi galdyrdym,deňimde saklandy.Sürüji 50 ýaşlaryndaky adam eken.

—Salawmalekim! Agam Gumlydepe tarapa barýaňmy?

—Walekimsalam, edil Gumlydepähä baramok.Ýöne golaýladaýyn,mün-sürüji şeý diýensoň maşyna mündim, ugradyk. Sürüji söze başlady:

—Inim giçden soň bärlerde näme işleýäň?

—Türgenleşikden gelýän,sport mekdebe gatnaýan.

—Tüweleme,sporta höwesiň bolsa gowy.Ýöne giç bolanda şu ýerlerde bir özüň gezmejek bol.Gapdalyň şehitlik. Özüňem ýaş oglan.Ýene nemedip ýörme. Bizä indi arwah jynlara ynanylýan ýaşdan geçdik-diýip,sürüji ýylgyrdy.

—Ýokla,arwah jyn näme etsin maňa-diýsemem,ýüregimde birhili gorky peýda boldy.Sürüji bolsa bilgeşleýin gorkymy artdyrmakçy bolýan ýaly:

—5-6 ýyllykda şu taýda pagta zawotda işleýän bir oglany pyçaklap, öldürip taşlap gidenmişinler.Şol oglanyň birahat ruhy şu töwerekde aýlanýamyşynam diýýäler.Özümä görmedim ýöne görenler barmyş-diýip gürläp gelýärdi.Birdenem maşyny bir kemçilik tapdyda birki gezek silkinip tapba öçdi.Sürüjiniň muňa gahary gelip:

—Şu maşyny alanyma 16 ýyl boldy. Şondan bäri çekiçlemedik günim ýok. Ýene bir zat tapdy bu-diýip,hüňürdäp maşyndan düşüp,hereketlendirijiniň o ýerini bu ýerini görüp başlady.

Menem düşüp, maşynyň arka tarapyna geçdim.Daş töwerek tüm garaňkydy. Sürüjiniň ýaňky gürriňlerini ýatlap ýüregime gorky aralaşdy.Edil şol ruh garaňkylykdan çykyp ýanyma geläýjek ýaly bolup,töweregime seretdim. Birdenem sürüjiniň biri bilen gürleşýänini eşidip,gorky bilen maşynyň öň tarapyna bardym.25-30 ýaşlaryndaky ýigit sürüjä maşynyň döwülen ýerini oňarmaga kömekleşip durdy.Hiç zat diýmän maşynyň yzky oturgyjyna geçip oturdym.

Birazdan sürüji maşyna münüp hereketlendirijini işledip gördide,ýaňky ýigide:

—Boljak ýaly özä,mün gideli-diýdi.

Ýigit maşynyň öňüne mündi.

—Inim duşanyň gowy bolaýdy.Bolmasa bilmedim näçe durardym bärde-diýip, ýaşuly ýigitden göwnihoş söze başlady-

--Nirde ýaşaýaň ertip gaýdaýyn?

—Şehitligiň ýanynda-diýdi welin inim düýrügip gitdi.

—Şehitligiň ýanyndada adam ýaşaýamy näme?-diýip sürüji haýran galyp sorady.Ýigit:

— Men adam däl!-diýdi welin,sürüji batly barýan maşyny birden saklady.Maşynyň içinde güýçli sarsgyn bolup,tigiriň asfalta sürtilen sesi eşidildi...Seretsek maşynyň öňünde oturan ýigit ýokdy...Bize arwah-jynyň duşanyny ikimizem aňdyk...

Sürüji ýolboýy bilýän aýat dogalaryny okap gaýtdy.Meni öýümize düşürip,"ýol kireý"diýip beren pulymam alman gitdi. Soň bu sürüjä hiç ýerde gabat gelmedim.

Öýe gelensoňam esli wagt özüme gelmedim. Naharlanyp, ýatmaga ýerime geçdim. Birbada hiç uklap bilmedim. Internede giren boldum.Ahyryn ýatyp galypdyryn... Düýş gördim. Düýşimde şol maşynyň döwülen ýerinde ýeke özüm duranmyşym,ekinligiň içinde bolsa şol ruh "Maňa kömek et! Maňa kömek et!..." diýip gygyryp dur.Men oňa kömek etmek üçin ylgap ekinli meýdana girenimden batga batyp ýykylýan,batga meni özüne çekip başlaýar...Birdenem daş-töweregimi al-arwahlar alyp, "Ol indi biziňki! Şirhan biziňki!..." diýip gygyryşyp, heşelle kakyp başlaýalar...

Hopugyp oýandym.Sagat 02:34.Turup hammama baryp,ýüzümi ýuwdym. Aýnada özümi gördüm.Ýüzümiň reňki gaçypdyr, gözüm gyzarypdyr.Suw alyp ýüzümi ýuwup aýna seretdim.Arkamda şol ýigit seredip durdy.Gorkyp yzyma seretdim,hiç kim ýok...Birdenem aýagyma gözüm düşdi. Dyzymdan aşagy ylaýdy. Pola seretsem, düşegimden hammama gelýänçä palçykly aýak yzlarym durdy.Gulagyma bolsa "Kömek et!...Maňa kömek et!... Kömek et maňa!...sesleri eşidilip başlady. Kellämi tutyp ýykyldym...


Dowamy bar.

31
264
gullnara_
28.04.2023 09:48

✔Adamyň iki sany halaýan oýunjagy bar - öz ykbaly we beýleki adamlaryň duýgulary ...


✔Meni ýigrenýän adamlar bar. Goý, ýigrensinler. Meni söýýän adamlar bar. Goý, söýsünler. Meni ýigrenýän, ýöne söýýän ýaly görünýän adamlar bar. Bular meniň ýigrenýänlerim.


✔Iň kyn zat, hemme zady ýatdan çykaran adamlary ýatdan çykarmakdyr.


✔Käwagt durmuşy ýatdan çykarmak üçin bir pursat ýeterlik , käte bolsa bir pursady ýatdan çykarmak üçin bir durmuşam ýeterlik däl.


✔Dymmak elmydama sözler bilen doldurylýar.


✔Eje! Diňe bary-ýogy üç harp, ýöne manysy ömürlik ...


✔Taşlamak-mertlik däl.

Gaýdyp gelmek- batyrlyk däl.


✔Iru-giç, sen göwnüne degen adamyň ýerinde bolarsyň.


✔Käwagt odumyz öçýär, ýöne başga bir adam ony köredýär. Odumyzy öçürmediklere her birimiziň bergimiz bar.


✔Iň owadan zat, ýylgyrýan adamyň gözleridir. Her kimiň gözi öziçe "ýylgyrýar".Ýylgyrýan gözler iň owadan gözlerdir.


✔Asudalygyň we agzybirligiň hemişe höküm sürýän öýüne bagt has köp girýär.


✔Garaşýan zadyňyza we bütin janyňyz we ýüregiňiz bilen ynanýan bolsaňyz, garaşýan zatlaryňyz hökman bolar.


✔Özümiz üçin däl-de, biri-birimiz üçin bir zat etsek dünýä hemişe birneme ýagty görünýär ...


✔Siz henizem ol hakda pikir edýärsiňizmi?

- Hawa

- Köplençmi?

Irden azajyk, günortan biraz, agşam biraz, gije biraz.

27
146