gullnara_
05.05.2023 09:30

Öz öziňe bolan hormat.

Arada bir mowzukda şeýle teswire gabat geldim:"Howwa, dogry aýdýañyz. Zenanlary urup durmaly. Gözünde, ýüzünde, bedeninde şikesler galdyryp durmaly. Pikrini diñlejek bolubam wagt sarp etmeli däl. Zenanda näme pikir bolsun-aý. Asyl-ha zenanlary ynsan hasap etmegem nädogry".

Öz ýoldaşyndan urulýan aýal-gyzlar bar we olar oz yoldaşyny taşlamaýarlar näçe urulsalaram. Sebabi name? Menin ozüm günäli, onun gaharyny getirdim diýýär.

Elbetde, akmak, bimany gyzlaram kändir, ýöne sen akylly erkek bolsan, akmak gyzy söýmersňä, şeyle dälmi? Akylly, saýhally, paýhasly, manyly bir gyzy söýersiň we gyz gowy düşünjeli bolsa, ola urmak ekeni, oňa sögmäge-de diliň öwrülmez.

Şonuň üçin gyzlara ýüzlenýärin: gyzlar, öziňize hormatyňyz bolsun! Siz gowy gyz bolsaňyz, sizi hiçkimiň urmaga, sögmäge haky yok. Akylly, gowy oglanlary söýüň, olar içgysdy bolsalaram, siz üçin gowy yoldaş bolarlar we çagalaryňyz üçin gowy ata bolarlar diýip pikir edýärin. Oglanlara-da ýüzlenme: diňe akylly we düşünjeli gyzy saýlaň, urup akyl öwretmeli bolan gyzdan gaçyn! Siz ony uranyňyz bilen erkek bolmarsyňyz ýa-da gyz akyllanmaz.

59
751
Myhman
22 May 2023
Машшаллах
Myhman
20 May 2023
Urmaklyk erkeklik däl
Myhman
20 May 2023
Indi yone 2in biri oz ayalyna 2lik etya urs sol 2nji zenanyn ustunde sol 2nji heley ucinem urylyan kan ona nm diyjek
Myhman
15 May 2023
Hakyky
Myhman
13 May 2023
Dogry aytyan guldesse👍
Myhman
13 May 2023
ey suny men soygulime aydyp berayinda
Myhman
9 May 2023
Dogry adamlar aýalyna azar berýär o nädogyry birini alan soñ onyñ bilen
Melikee
7 May 2023
guldesse,menem gutlaýan.Derejeleriň başlangyjy bolsun.Üstünlik! Dowam 💪
ideallider
7 May 2023
Menä postuň başyny okap "Offf ýene bir diňe "Oglanlary" günäkärleýäniň biri" diýip pikir edipdim, a ýok. Aramlygy tapmak gaty kyn, şondada başarypsyňtz. Ýöne ýene bir goşmaly zat. Gyzyň IQ-sy 197 bolaýsyn, hatda şeýle düşünjeli gyzlar hem paniki-hüjüme düşýärler, çaga-başlanlarynda. Ýöne şu zatlarada düşünipbilýän oglan gerek. Şu zatlara düşünipbilmeýän oglan kaka bolupbilmez, bolsada kynçylykly bolar.👍
Melikee
7 May 2023
Güldessa,saňa gerek goşgy şu bolmaly.
Edebiýat dersi üçin gerekmi? )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.