gullnara_
04.05.2023 02:25

1. Öýümde bir ogrynyň bardygyny aýtmak üçin enem düýn agşam meni oýardy. Emma enem 2 ýyl mundan ozal ýogalypdy...

2. Ejem meni aşhana çagyrdy, ýöne ejemiň başga bir otagdan pyşyrdanyny eşitdim: "Ol ýere gitme, ol sesi menem eşitdim".

3. "Men uklap bilemok" diýip, ol meniň ýorganyma girdi...Onuň sowuk tenine degip men oýandym...

4. Öýe geldim, ejem aşhanadan “Agşamlyk naharyňy iý" diýip gygyrýar we ejemden SMS gelýär: “Gijä galaryn, özüňe bir zat gyzdyr.”

5. Pişigimiň görüş meselesi bar diýip pikir edýärdim: maňa seredende gözüni jemläp bilmeýär. Onuň elmydama yzymdaky bir zada seredýändigine düşünýänçäm...

6. Näme üçin iki kölege salýandygyma düşünip bilmedim. Galyberse-de, otagda diňe bir çyra bardy.

7. Ýatylýan otagymyň penjiresiniň daşyndaky garaňkylykdan iki sany göz maňa seretdi. Men bolsa 5-nji gatda ýaşaýaryn...

8. Irden telefonda uklap ýatan suratymy tapdym. Kim aldyka... Men ýeke ýaşaýaryn...

9. Uzakly gün işde öýe geldiňiz we eýýäm ýeke dynç almagy arzuw edýärsiňiz. Eliňiz bilen wyklýuçatel gözleýärsiňiz, ýöne kimdir biriniň elini duýýarsyňyz...

10. Asuda uklap ýatyrkaňyz kimdir biri adyňyzy pyşyrdady. A siz bolsa ýeke ýaşaýarsyňyz...

11. Uklap, bir aýagyňyzy ýorganyň aşagyndan çykardyňyz. Kimdir biri derrew seniň aýagyňdan tutdy...

12. Çagany krowadynda ýatyrdym, ol maňa: "Eje, krowadyň aşagyny barla" diýýär. Ony köşeşdirmek üçin krowadyň aşagyna seretdim we ol ýerde maňa gorkunç we titreýän ses bilen seredýän çagamy görýärin: "Eje, meniň düşegimde başga biri bar".

13. Aýnanyň kakylanyny eşidenim üçin oýandym. Ilki bilen penjireden kimdir biri kakýandyr öýdüpdim, ýöne soň başga bir ýerden kakylýanyny eşitdim. Ýüz görülýän aýnadan...

Like basmadyklar aýnaňyza seredip görüň ...👀 😁😁😁

60
875
Myhman
8 May 2023
1njide düýşüňe girýar yşarat berýar
Dilberjan 🇹🇲🏆
7 May 2023
guldesse,men saña diñe like basýan ýone sen balkan gyzynyn yzyna dusup yarsen 02%dusersiñ Tkm_Aýdymçy_ýigit_98😭😭 diyenin yadymdadyr.seý diýeniñe erbet gynandym göwnume degipdin😏😏😏😏😏😭😭😭😭😭
Myhman
4 May 2023
Was was ekeninay
okyjy dz
4 May 2023
ýaman gorkuzdyň çyndanam,
Myhman
4 May 2023
Короткометражный ужастик фильмы😁👍🏻
Melikee
4 May 2023
11..😱.....😂....meledizzz.
ideallider
4 May 2023
guldesse, görersiň. Onsaň bahanalary "Wi jigim basypdyr, tötanlikde basylypdyr, bilmän basypdyryn" bolar. Bilmän müňmanada beräýmezlerweli🤣
violinist
4 May 2023
Dowamy gelsin😁
Myhman
4 May 2023
gorkunc
ideallider
4 May 2023
Rezka ürküzdi😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.