Maryly Aky atly bir daýhan oglan ahyrsoňy öýlendi. Soňky 6 ýylyň dowamynda 13 gudaçylyga sezewar bolan Akynyň sabry we maksadaokgunlylygy, onuň öz obadaşy aýyň bir bölegi ýaly gözel we asylly Bahar atly gyza öýlenmegine mümkinçilik berdi. 2014-nji ýylda mekdebi tamamlan Akynyň klasdaşlarynyň arasynda gudaçylyk we toý çakylygy uly tolgunma döretdi. Gyz klasdaşlarynyň azyndan 5-siniň toý üçin täze köýnek tikinenligi aýdylýar. Toýuň jemleýji tapgyry Marynyň ”Bagt köşgi” toý mekanynda geçirildi we oňa Marynyň obalaryndan we etraplaryndan ýadaw garyndaşlaryň 214-si, söýüşmek isleýän ýaş oglanlaryň 28-si gatnaşdy, gyz myhmanlaryň arasynda kimiň nähili pikirdedigini anyklamak habarçylarymyza başartmady. Şeýle hem Akynyň gullukdaşlarynyň adyndan Baýramalydan 1, Ýolötenden 2, Duşakdan 1 SMS gutlagy gelip gowuşdy. Ýolötenden gelen gutlagyň şol bir adam tarapyndan iki gezek ýalňyşylyp iberilendigi we ibereniň ýüreginde aýratyn puşmanlyk duýgusyny döredenligi aýratyn bellärliklidir. Ýolötenli SMS-i hem hasaba almak bilen ýurtda ýalňyşylyp iki gezek iberilen SMS-leriň sany 3014-e ýetdi.
Myhmanlar esasan Toýota Kemri we Awalon ulaglarynda geldiler. Däp bolşy ýaly dominant daýzalar bu toýa hem maşynyň öňki oturgyjynda oturyp geldiler. Geçen hepdäniň dördünji gününden bäri didarlaşyp bilmedik çüýşedeşler bolsa, biri-birilerini görenlerinde gözýaşlaryny saklap bilmediler. Türkmen şerabynyň gadymy we wepadar janköýeri Bäşim öz dosty Baýramy görende “söz bilen beýan edip bolmajak duýgylary başdan geçirýärin” diýip tolgunmak bilen öz ahwalatyny teswirledi.
Toýuň birinji çärýeginde Maryly bagşy Dj Meretgeldi birnäçe halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Her kim öz işi bilen başagaý bolanlygy sebäpli onuň aýdym sözlerini üýtgeden ýerlerine hiç kim üns bermedi. Meretgeldi innowasion usuldan peýdalanyp “Gözüm düşdi sonam onlaýn bolan ýerlerňe”, “Adminjan garybam garyp” diýen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Kömekçi bagşynyň aýdan “Sen meniň gowjam” atly rep aýdymyna öýlenýän ýigidiň Kiýewde okaýan jigisinden başga hiç kim düşünip bilmedi. Repden soň garaşylşy ýaly ýöne “näbelli sebäplere görä” elektrik togy öçdi we bellenilen tertipde 1 çüýşe bilen
elektrikden habar tutuldy we tok üpjünçiligi ýola goýuldy.
Toýuň ikinji çärýeginde toý mekanynyň sýurprizi hökmünde kim tarapyndan we näme üçin çagyrylanlygy belli bolmadyk tansçy gyzlar peýda boldular. Olar “Hattuba” atly hindi dilinde, ýöne ýekeje hindiniň hem düşünmeýän, aýdymynyň sazyna örän özüneçekiji tanslar etdiler. Zerli geýimleri we bedenleriniň wagtal-wagtal geýimsizleşýän territoriýalary erkekleriň nazaryndan sypyp bilmedi. Bedenleriň wibrasiýa goýlan telefon ýaly hereketleri, köpleriň ýüregini lerzana getirdi. Oba gelnejelerine Hudaýtarapyn berlen uzak aralykdan görüş sistemalarynyň barlygy erkekleriň özlerini çendenaşa arkaýyn alyp barmaklaryna rugsat bermedi. Tans meýdançasynyň töwereginde aýlanjyrap gözüniň gytagy bilen tansçylara seredip oturan erkekleriň her biri öz aýallarynyň 54 megapiksel 36xOptiki zoom mümkinçilikli gözleri bilen berk gözegçilikde saklandy.
Dabarada düşnüksiz wakalar ýokary depginde alnyp baryldy. Toýuň üçünji çärýeginde wals tansy edildi. Wals tansy barada Aky toýdan öň ýaýradan beýanatynda: “Iller edensoň bizem edäýýäs. Ata-baba wals edilen däldir. Ömrümde ilkinji we iň soňky gezek wals edişim bolar” diýip Ýewropanyň nusgawy tans sungatyna bolan çuňňur biperwaýlygyny äşgär etdi. Gyz tarapyň gelnejesi elindäki çeklisti bilen hemme zady belleşdirmegi dowam etdirdi. Toýuň üçünji çärýeginiň tamamlanmagy bilen eýýäm gyz tarapda oglan tarapyň “gara sanawynyň” deslapky görnüşi taýýar bolup, ol Eltiler geňeşiniň indiki ýygnagynyň gün tertibine girizildi. Sanawa oglanyň aýal dogany we gyz jigisi birinji we ikinji orunlary paýlaşyp girdiler.
Wals tansynyň dowamynda obadaky
40-njy orta mekdebiň 3-4-nji synp okuwçylaryndan ybarat “Gözelligiň duşmanlary” atly terrorçylykly topar ýokardan ýagdyrylan dürli reňkli şarlary bary-ýogy 58 sekundyň içinde ýaryp çykdylar. Şarlaryň sesinden ýaňa zähresi ýarylan oba gyzy Bahar tas özünden gidip ýykylýardy. Ýöne Akynyň kerpiç guýup ýören kuwwatly elleri walsyň endiganlygyny bozmady we ol içinden “ömrümde ýekeje gezek tans edýän, şony bir gowja edeli” diýip, täze gelinligini berk we dik saklap, toý märekesiniň ünsüni çekmezlige çalyşdy. Bahar özüni dürsemäge maý tapdy, emma Aky bilen Baharyň bedeniniň wals tansyndaky aradaşlygy ullakan mesele bolmagynda galýardy. “Gaty daş dursam gülkünç bolar, gaty ýakyn dursam görümsiz diýerler” diýen duýgy Aky bilen Baharyň kellesindäki integral hasaplamalarynyň diňe bir bölegini emele getirdi. Mundan başga-da wals tansynyň barşynda oba gyzlarynyň 32-sinde smartfon enjamynyň barlygy olaryň wideo almaga başlamaklary bilen dünýä aýan boldy. Arçynyň gyzy Ýazjemal hemişeki görümsizligini edip, wals tansyny iPhone 14 mobil enjamy bilen düşürdi.
Toý mekanynda işleýän ofisiant gyzlaryň zoroastrizmde ussatlyk derejesine ýetenleri ýokary tizlik bilen ýaş çatynjalaryň daşyna ýanýan şemleri ýerleşdirdiler. Ol gyzlardan Nasiba atly tejribeli işgär “Öňler adamlar oduň daşyndan aýlanýar eken, indi biz adamlaryň daşynda ot aýlaýas. Muňa neozoroastrizm diýilýär” diýip özboluşly pelsepesini biz bilen paýlaşdy. 3 minut 17 sekundlap ýanan bu şemleriň haýsy maksada we haýsy pikire gulluk edýändigi Akynyň kakasy Berdimyrat aga üçin we daýysy Şageldi üçin ömürbaky tapmaça bolup galar diýlip çaklanylýar.
Toýuň soňky çärýeginde ýedi gatly tortuň muşdaklary özleri üçin aýgytlaýjy pursadyň ýetip gelýändigini aňyp başladylar. Içinden “çaltrak dynsak” diýýän Akynyň Bahara tort berýän pursadynda onuň gözleri öz gelniniň gözlerine kaklyşyp durmuşyň süýji pursatlarynyň başlandygy baradaky hoş habar Akynyň nerw sistemasyndan 0,01 Amper akym bilen geçip gitdi. Baharyň ýüregindäki tolgunmalar hem Akyň duýgularyna simmetrik boldy we olam bagtly maşgalada ýaşajakdyklary barada umytlara 15 sekundlap gark boldy. Toý mekanynyň işgärleri tarapyndan tort tizden tiz gelen myhmanlara paýlanyldy. Toýuň galan bölegi barada maglumatlar habarçymyzyň içgili bolanlygy zerarly ýitipdir.