gullnara_
10.11.2023 15:21
-Hany,gelmejekdiň-le?!Dünýâni terk edip gitjekdiň-le?!
--Wah, men gelmedim, jesedimi getirdim.
***
Dogrymy aỳtsam, “Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym.”Ol dörtlük alardy, meňki bäşlikdi.
***
Tanasalar bir nyşandan,
Tanarlar meni yşgymdan.
***
Ölümim bir ýürege, bir yşga jan bermese, ölüp oturasy iş ýok.
***
Ÿadyňdamy!? Ak garly basgançaklardan aỳakỳalaň ylgap-ylgap düşüpdiň.Basanyňa begenip sowuk garlar eräpdi. Ÿadyňdamy?!
***
Söỳdügine zar bolanyň, ölende gabry dar bolar.
***
Soňky sözüm şeỳle bolar: ”Allajan!. söỳgülime duşurmadyň.O dünỳäde, dowzahda duşursaňam razydyryn.”
***
Wah, gül ömrüm köỳdi!Niredekä? Niçikkä?Ŷatlaỳarmyka? Her säherde üç soraga jogap gözläp ömrüm köỳdi.
***
Ŷagmyr bolup gel!
Ŷagmyr bolup gel!diýdiň. Men diňe Ýagmyr dâl, ORAZ ÝAGMYR bolup geldim.AŞYK OKYJYM!
Aşyklaryň bu mukamy tükenmez.
Ony özüň dowam edeweri!
31
63
gullnara_
10.11.2023 05:42
Ölmek aňsat ýaşamak kyn dünýede
Ýaşap ýalan bilen göreşmek kyn dünýede
( Aýdymdan.)
Bu bir synag dünýesidir, seresap bolmak gerek,
Sabyrly bol her işiňde, ýogsa tapmarsyň derek,
Şowsyzlyga uçranyňda eneň-ataň janserek.
Ölmek aňsat ýaşamak kyn, pany dünýäň goýnunda
Ýaşap ýalan töhmet bilen, göreşmek kyn oýnunda.
Dagda daşa büdürän dek aşak gaýdan pursadyň,
Täleýiňi ters getiren, kysmatyňy ursadyň,
Nähak ýa:zykdan gutulyp, diýýäň baky dursadyň,
Ölmek aňsat ýaşamak kyn, pany dünýäň goýnunda
Ýaşap, ýalan töhmet bilen göreşmek kyn oýnunda.
26
52
gullnara_
09.11.2023 12:04
Gelinler.
Eý näzenin gelinler,
Gaş çytmaň siz igenip.
Ýoldaşyňyz egerde,
Işden gelse gijigip.
Olar gelýändir hökman,
Çaýsyrap hem ajygyp.
Goý olar çaý içsinler,
Goşa ýassyk ýaplanyp.
Diňläň men bu sözleri,
Ýöne ýerden diýemok.
Sebäbi oz gelnimem,
Iňirdisin goýanok.
Gijä galan günlerim,
Asla ýüzem berenok.
Gabanjynyň derdinden,
Ýadaw halym duýanok.
Irräjik gelen günüm,
Ýa aýlyk alan günüm.
Şeýle bir şirin sözli,
Göýä barda bilbiliň.
Şeýle bolup duranok,
Ýöne elmydam günüň.
Tikeni hem bar eken,
Anwar ysly bägüliň.
Bir tamada dostum bar,
Meň ýanymda zeýrendi.
Diýdi indi maňada,
Öýlenmäge çen boldy.
Diýdi sallahlyk maňa,
Bolýar örän kyn indi.
Ýylgyranym gördide,
Dostum maňa geň galdy.
Diýdim hökman suratda,
Ýar gekdir ýigide.
Ýekelik bir kyn zatdyr,
Men düşünýän saňada.
Öýlen diýdim emma dost,
Biliň guşagyn berkje.
Çydamaly bolarsyň,
Kä mahallar igenje.
Gaty görmäň gelinler,
Bu bir durmuş ýodasy.
A belkide şeýledir,
Bu ýollaryň kadasy.
Bagyşlaň siz bolaýsa,
Sözlerimiň hatasy.
Ýigitleri ynjytmaň,
Eý gözleriň didesi.
Isle tamada bolsun,
Islede bolsun ussa.
Isle uzyn boý bolsun,
Islede bolsun gysga.
Ynjytmaň oglanlary,
Kemsitmäňem siz asla.
Meňzäp duruň elmydam,
Ýylgyryp bahar pasla.
Sygyşmaz gahar bilen,
Söýgi asla bir ýerde.
Gahar däl söýgi mahsus,
Ahli gelin gyzlara.
Bizde kine saklamaň,
Munda ýönekeý ýere.
Ýalan bolsa sözleri,
Käýýäň Begenç şahyra.
Begenc Orazow
30
227
gullnara_
09.11.2023 05:56
KÖNEÇİL ÝARYM BİLEN JEDEL... Meniñ söýen ýarymyñ,
Şeýle gözel görki bar,
Gözellikde beýleki,
Gyzlardan köp parhy bar.
Emma ol ýar köneçil,
Egninde-de keteni.
Göýä şol köne köýnek,
Oñ arzuwlap ýeteni.
Diýdim bir gün "söýenim,
Senem döwrebap bolaý,
Hanha ähli gözeller,
Pommaha geldi golaý".
Hat-da olañ käbiri,
Ýupkajygam geýipdir.
Çünki olar bu döwrüñ,
Lezzetini duýupdyr.
Diýdi-gutaran bolsañ,
Indi sen meni diñle.
Duşanyma utanýan,
Sen dek kellesi ýeñle.
Geýen geýmim ýakmasa,
Hanha ýollaryñ açyk.
Emma beýle söýgi diýp,
Bilmen däbimden geçip.
Barda hanha ýar bolaý,
"Undanlara Türkmenligin".
Sen dek ýeñil kelle diýp,
Unutmaryn Türkmenligim!!!
Bu sözlerden soñ ony,
Has-da söýüp başladym.
Ýubkaly gyzlara göz,
Gyzdyrmamy taşladym.
Şeýdip bile ýoredik,
Köne bagtly ýol bilen.
Men jedelde ýeñildim,
Hasap: 2:0 bilen.
36
184
gullnara_
08.11.2023 21:13
Nuryşka bir gün Maryda 65 diyen bir obada toý sowup gelyâr diyýâ,
soñra muny yolda GAI radara düşürip -agam 65 den gelyâñ diyse Nuryşka -beh, bu zat nirden gelyâniñem aytýarmay tüys maña gerek zat eken diýýämiş...
÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷
Daşary ýurtda okaýan talyplaryň biri öýüne baransoň (Türkmenistana) saçy beter ösgünligi zerarly dellekhana barypdyr.
Dellekçi saçyny alyp durka birden eline magnit alyp saçynyň daşyndan aýlap ugrapdyr. Talyp:"Dost, buda saç almaň bir täze görnüşimi?" Dellekçi:"Otursanaý, gaýçym ýitdi şony gözleýän...
°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°
-Kimi söÿdüñ gyzym ?
-Eje, name ucin beyle sorag beryan? -Sen 15 minutdan bäri çorbany wilka bilen iyjek bolyañ...
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Bir türkmen rus bazaryna baranmyş. Bende juda sadamyş özem. Üstesine-de rusça bilenokmyş. Kim nämäniň adyny tutsa, ýüzünden geçip bilmän : “Bolýar, bir kile çekäý” diýäýýämiş. Hiç satyjy ony deňinden geçirmän, hökman bir zadyny satyp galýamyş. Ahyry zat satyn alyp ýadan türkmen bazardan çykyberjek bolanda, onyň gidip barýanyny gören hem-de ep-esli zadyny aldap satan rus satyjylary üýşüp “Uraaa” diýip gygyrypdyrlar. Muňa-da düşünmedik türkmen yzyna öwrülip: “Bolýa how, bolýa, ondanam bir kile çekäýiň” diýýämiş.
××××××××××××××××××××××××××
Myrat bilen Maýa toy edyarler. Onson Maýanyn çaga galyar. Myrat muna gaty begenip oglum bolmaly, oglum bolmaly diýýämiş we Maýa dine ogul dogurmalysyñ diyip gaytalaýamyş. Çaga dogulmagyna 1 aý galanda Myrat iş teklibi gelip gyssagly daşary ýurda gitmeli bolyar we oglum bolanda gyssagly hat ýaz diýip sagbollaşýar. Bir aýdan soñ Maýa çaga doguryar, seretse çagajyk gyz: ,,Eý Allam işim gaťtdy men indi Myrada nadip aýdaýyn gyz doguranymy" diýip aglap başlapdyr we özüni dursap oña hat ýazyp başlayar:
Myratjan, söýgüli ärim buşlyk, bir çagajygymyz boldy: elleri, aýaklary, gaşlary, gözleri, agzy, burny edil sen, galan ýeri men...
@@@@@@@@@@@@@@@@
36
228