gullnara_
10.11.2023 11:33
"Saman astyndan suw goýbermek"

Atalar sözüniň gelip çykyşy barada käbir gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşmagy makul bildim.
"Saman astyndan suw goýbermek". Gadym zamanlarda bir obada ýekeje çeşme bar eken. Şol çeşmäň hem suwy az bolansoň adamlar gezekleşip belli günlerde ekinlerini suwarar ekenler. Ýöne içlerinde köpbilmiş bar eken. Ol öz ekinine gizlin suw çekip, bildirmez ýaly hem üstünden agaç goýup, onuň üstüni hem saman bilen ýapypdyr. Ýaz gelende her kimiň ekini gurajak bolup ýatyrka onuň ekini güllap otyr diýýä. Obanyň adamlary hem geň galyp munda bir zada bar diýip çeşme bilen ekiniň aralygyny gowy edip barlapdyrlar. Görseler samanyň aşagyndan suw geçýän eken. Şol günden bäri hem hiç kime bildirmän, gizlin iş edenleir üçin şu söz hem ulanylýar.
22
104
yurek
10 Noýabr 2023
Su dowurdede bar seyle adamlar
alma___
10 Noýabr 2023
Atalar sòzi akylyñ gòzi 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.