gullnara_
09.11.2023 05:56
KÖNEÇİL ÝARYM BİLEN JEDEL... Meniñ söýen ýarymyñ,
Şeýle gözel görki bar,
Gözellikde beýleki,
Gyzlardan köp parhy bar.

Emma ol ýar köneçil,
Egninde-de keteni.
Göýä şol köne köýnek,
Oñ arzuwlap ýeteni.

Diýdim bir gün "söýenim,
Senem döwrebap bolaý,
Hanha ähli gözeller,
Pommaha geldi golaý".

Hat-da olañ käbiri,
Ýupkajygam geýipdir.
Çünki olar bu döwrüñ,
Lezzetini duýupdyr.

Diýdi-gutaran bolsañ,
Indi sen meni diñle.
Duşanyma utanýan,
Sen dek kellesi ýeñle.

Geýen geýmim ýakmasa,
Hanha ýollaryñ açyk.
Emma beýle söýgi diýp,
Bilmen däbimden geçip.

Barda hanha ýar bolaý,
"Undanlara Türkmenligin".
Sen dek ýeñil kelle diýp,
Unutmaryn Türkmenligim!!!

Bu sözlerden soñ ony,
Has-da söýüp başladym.
Ýubkaly gyzlara göz,
Gyzdyrmamy taşladym.

Şeýdip bile ýoredik,
Köne bagtly ýol bilen.
Men jedelde ýeñildim,
Hasap: 2:0 bilen.
36
184
kewin
9 Noýabr 2023
K
dilber
9 Noýabr 2023
Soyyan bolsa, bolsy yaly kabul etmeli
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.