gullnara_
09.11.2023 12:04

Gelinler.


Eý näzenin gelinler,

Gaş çytmaň siz igenip.

Ýoldaşyňyz egerde,

Işden gelse gijigip.


Olar gelýändir hökman,

Çaýsyrap hem ajygyp.

Goý olar çaý içsinler,

Goşa ýassyk ýaplanyp.


Diňläň men bu sözleri,

Ýöne ýerden diýemok.

Sebäbi oz gelnimem,

Iňirdisin goýanok.


Gijä galan günlerim,

Asla ýüzem berenok.

Gabanjynyň derdinden,

Ýadaw halym duýanok.


Irräjik gelen günüm,

Ýa aýlyk alan günüm.

Şeýle bir şirin sözli,

Göýä barda bilbiliň.


Şeýle bolup duranok,

Ýöne elmydam günüň.

Tikeni hem bar eken,

Anwar ysly bägüliň.


Bir tamada dostum bar,

Meň ýanymda zeýrendi.

Diýdi indi maňada,

Öýlenmäge çen boldy.


Diýdi sallahlyk maňa,

Bolýar örän kyn indi.

Ýylgyranym gördide,

Dostum maňa geň galdy.


Diýdim hökman suratda,

Ýar gekdir ýigide.

Ýekelik bir kyn zatdyr,

Men düşünýän saňada.


Öýlen diýdim emma dost,

Biliň guşagyn berkje.

Çydamaly bolarsyň,

Kä mahallar igenje.


Gaty görmäň gelinler,

Bu bir durmuş ýodasy.

A belkide şeýledir,

Bu ýollaryň kadasy.


Bagyşlaň siz bolaýsa,

Sözlerimiň hatasy.

Ýigitleri ynjytmaň,

Eý gözleriň didesi.


Isle tamada bolsun,

Islede bolsun ussa.

Isle uzyn boý bolsun,

Islede bolsun gysga.


Ynjytmaň oglanlary,

Kemsitmäňem siz asla.

Meňzäp duruň elmydam,

Ýylgyryp bahar pasla.


Sygyşmaz gahar bilen,

Söýgi asla bir ýerde.

Gahar däl söýgi mahsus,

Ahli gelin gyzlara.


Bizde kine saklamaň,

Munda ýönekeý ýere.

Ýalan bolsa sözleri,

Käýýäň Begenç şahyra.


Begenc Orazow

30
227
gggh
10 Noýabr 2023
@karalewa⁰⁷, bolýala
gggh
10 Noýabr 2023
@karalewa⁰⁷, salam muň kellesi gowymy
gggh
10 Noýabr 2023
@gullnara_, şeýlemi
gggh
10 Noýabr 2023
Ýaltanman ýazypsyň men okamana ýaltandyma
alma___
9 Noýabr 2023
Igenmeseñ òzleri igenip başlaýada 😁
010283
9 Noýabr 2023
👉👉👉❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️👈👈👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.