gullnara_
04.10.2023 15:25
Bilyäñmi, meniñ gözüm kör eken🙈, senden süÿji - süyji sözler eşiderdim👂.Her gün agşam sesiñi eşitmesem ukym tutanokdy🙅, ir bilen oyananymda bolsa ilki seniñ mende barlygyñ yadyma düşüp, öz ÿylgyranymy😊 duyman galÿardym☝.Seni şeÿle az wagt tananam bolsam, edil bütin ömrüme ÿanymda bolan yaly duÿÿadym👫.Yzy name boljagy hakynda pikir etmezden, 🙍seniñ bilen gürleşmegimi dowam etdim📞.Sen meniñki, menem seniñkidim 💑 şonda-da gabanardym😤, aladaňy ederdim 😥,yöne sen bu zatlary hiç bilmediñ🙅.Seniñ bilen gürleşemde ☎ barja gaÿgylarymy unudyp, dine sesiňi eşitÿänim üçin özümi bagtly duÿÿardym💝.Indi bolsa sen meni şojagaz bagtdanam mahrum etdiñ😢, men bu zatlara çydaryn, wagtyñ geçmegi ⌛bilen ÿadymdanam çykar☝, emma yüregime ❤ salan bu yarañ, hiç wagt bitmez🔪💔.Sen maña, dünÿäde nähili erbet ÿagdaÿam bolsa ÿylgyrmagy😊 öwretdiñ. Meniñ gözüm 👀  bilen seretseñ "Sen iñ gowy adam😇" şony yadyñdan çykarma, bagtly bol 💝 başga name diyeyin... 😔😢 😯
31
368
gullnara_
03.10.2023 21:28
Dünyä bolsam - güneşim bolarmydyn?
Asman bolsam - mawy reňkim bolarmydyn?
Deňiz bolsam - tolkunum bolarmydyň?
Bir beden bolsam - janym bolarmydyň?
Bir jan bolsam durmuşym bolarmydyň !!!
30
270
gullnara_
03.10.2023 16:16
Adamyň kalbyndaky söýgüni, bagty, şatlygy, begenji, gaýgy-hasratyny ýüzinden bilip bolmaz, ol öz duýgylaryny ýüzine çykarman saklap biler emma onyň GÖZLERI hiç zady gizläp bilmez!!! Gör näme üçin söwer ýaryň gözlerine kän seredilýän eken) Ýakynlaryňyzyň ýagdaýlaryny, söwer ýaryňyzyň duýgusyny söýgüsini gözinden okamagy başaryň dostlar)) Alladan hemmäňize söýgi bagt arzuw etdýän!
22
62
gullnara_
03.10.2023 07:11
«Saýra dutar»

Saýra dutar, saýra dutar, saýra sen,
Gülleriň aşygy bilbiller kimin.
Näzik owazyňa, şirin mukama
Adamlar saz çalsa, ýigdelýär zemin.

Saýra ussatlaryň ele alanda,
Saýra sen gözeller seýle gelende,
Näzik kirişleriň bolan bolsadym,
Saýrap adyň götärdim has belende.

Ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur hemişe,
Näçe diňleseň-de doýma ýok senden.
Saýra yzlap ýürekleriň ýodasyn,
Goý, güller açylsyn näzik sesiňden.

Awtor:Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa)

1967-nji ýylda Mary welaýatyndan doganlar Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar bu goşga saz ýazypdyrlar. Gysga wagtda doganlar Berdiýewalar bu aýdym bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başarypdyrlar. 2016-njy ýylda Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

«Saýra dutar» aýdymynyň sözlerini Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa) ýazypdyr. Bu goşgy 1967-nji ýylda «Ýaş kommunist» gazetinde ilkinji gezek çap edilýär. Goşgyny ýazan wagtlary Ogulnabat Allaberdiýewa Halaç etrabyndaky 37-nji sekizýyllyk mekdebiň 8-nji synp okuwçysy eken. Bu goşgyny okan doganlar Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar goşga aýdym ýazypdyrlar. Doganlar Berdiýewalar «Saýra dutar» goşgusynyň awtoryny hem diňe metbugat üsti bilen tapýarlar.

«Saýra dutar» goşgusyny ýazan Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa) 1972-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa synanyşýar. Professor Kakajan Ataýew synag wagtynda onuň adyna gözi düşüp «Sen, «Saýra dutaryň» awtorymy?» diýip oňa edebiýatdan bäşlik baha goýýar.

Doganlar Berdiýewalar indi 50 ýyldan gowrak wagt bäri «Saýra dutar» aýdymyny ýerine ýetirip gelýärler. Bu aýdymy näçe diňleseň hem doýup bolmaýar. Berdiýewalar – Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 18-nji orta mekdebinde okap, öz deň-duşlarynyň öňünde mandolinaly saz çalyp, aýdym aýdyşlary dilden-dile geçýär. Bu bolsa gyzlaryň geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda Baýramaly şäherinde açylan telestudiýada çykyş etmegine sebäp bolýar.
15
45
gullnara_
02.10.2023 18:01
Ýigidiňiz sizden gysga bolsa, sizem beýik ökjeli köwüşde bolsaňyz, ony başga  uzynrak birine çalyşyň. Ýöne ökjeli köwüşden  ýüz öwürmäň! 😆
27
346
gullnara_
02.10.2023 13:09
Zar etme!

Heniz elim, aýagymda güýç barka,
Allam, çörek diyip, ile zar etme.
Sana sygnan bendelenni, ymmatyny,
Hijem yeke goyma, yolda hor etme.

Ene-ata gor nahili eziz zat,
Yetime goldaw ber, söýga zar etme.
Bir omurlik ýanyoldaş ber wepaly,
Biwepanyn gujagyna yar etme.

Çaga wagtym enem pahyr ündäpdi,
Bir döwüm çöregem asla, har etme.
Gursagyma giňlik bergin umman dek,
Ýoluma şugla saç, asla dar etme.

awtoryny bilemok
18
47
gullnara_
02.10.2023 07:10
Gyş bolsun, ýaz bolsun, parhy ýok, her gün
Keýpihonluk bilen dogýar Gün aga.
Guşlaryñ dyngysyz jürküldeýişi
Ýuwaş-ýuwaş dönýär säher senaña.

Eneleñ kalby deý owadan asman
Topraga mährini berýär bol-telki.
Tebigat şeýle bir akylly, oña
Atalañ paýhasy siñendir, belki.

Parhy ýok, obamy, şähermi ýa-da,
Säher hemme ýere owadan gelýär.
Wah, ýöne durmuş-da! Muña işleriñ
Oñat dälem gelýär, oñadam gelýär.

Bagty çüwen adamlaram bar munda,
Bagtygara adamlaram ýeterlik.
Kimsi bagtdan ýaña dünýä syganok,
Kimsilere ejir berýär ýekelik.

Birisi ýaşaýar perzent zarynda,
Birisi perzentden bireýýäm doýgun.
Ýene biri halallykdan gönense,
Biri haramlyga bolupdyr uýgun.

Garaz, garasy hem, agy hem ýetik,
(Mundan oñat dünýe barmy, kim bilýär!)
Ýalkansamam, ýanaýsamam, şonda-da,
Meniñ şu durmuşda ýaşasym gelýär.
18
46
gullnara_
01.10.2023 17:36
Dagdan gaýdan sili, böwet saklanok,
Akan ýerin oýup, jar ýasap otyr.
Gybatçy hiç-haçan soñun çaklanok,
Päkize kalblar-da kir ýasap otyr.

Öwrenşilip barýa, adam satana,
Şyltak atmak moda, geçen ötene,
Bu gün joj-jok edip düýnki etene,
Uçmakdan bihabar, per ýasap otyr.

Özün beýik saýýa hökümi güýçli,
Salama ýaranok ýokary işli,
Ýeri bor bularyñ barysy hiç diý,
Dindarlar metjitde şer ýasap otyr.

Asman dury içi ýaly aýamyñ,
Aşygy men, ülkeriñ, ak maýanyñ,
Ömri zaýamykan, ömri zaýanyñ?
Ýyldyzlar asmana zer ýasap otyr.

Mydam açyk ýer şarynyñ dykysy,
Ýetişme ýok düzlemäne nepesi,
Biri gelse, gidip barýa ikisi,
Gabyrman ýatmaga ýer ýasap otyr.

Ýazmyrat Çörliýew
15
34
gullnara_
01.10.2023 08:00
Dälileri  bir şäherden beýleki şähere göçürmek üçin uçara mündiripdirler. Ýöne şeýle bir goh edýäler welin lýotçik çydaman ýerine kömekçisini goýup näme bolýanyny görmek isleyar. Seretse hemme daliler alagoh bolup  gygyrysyarlar. Öňde biri sesini cykarman akylly otyr diyya.
-sen name bulara gosulaññok diyse
-men mollym bular okuwcylarym, hazir ara kesme sonun ucin sesimi cykarammok diyipdir. Lýotcik bialac yerine dolanypdyr. Bir salymdan son goh galypdyr. Lýotçik begenip:
- ýañky ozune mollum diýýän däli bulary sapaga salypdyr oytyan diyip arkaýyn bolupdyr. Aradan ýarym sagat gecya ses yok lýotcik alada etya. Durup bilman ahyry seredeyin diyip gitse ynha name gorsin uçaryñ gapysy açyk dalilerden hic kim yok dine mollym otyr. Lyotcik howsalaly bilen soraýar:
-Hany okuwcylañ?
- JAÑ KAKYLDY SAPAK GUTARDY hemmesini öýüne göýberdim!
👅👅👅
Bir gun Arnold jygyllykda aýlanyp ýörka Maýa ene  demir lom satyp otyr diýýä ...Arnoldam Maýa enaniň  öňündaki demir lomy alyp bar güýji bilen yemserdip düwüp goýup gitse yzyndan Maýa ene : ----Arnoldjan oglum almajak bolsaň beytmelidal-dä - diyip demir lomy cözüp göneldyä diýýä...
👣👣👣
Başlyk :-işe näme üçin giç gelýaň
İşçi:- aýlygym giç geçýa, şonuň uçin
Başlyk:-aýlygyňy gijem bolsa geçirýänä
İşçi:-menem işe gijem bolsa gelýänä
😊😊😊
29
263
gullnara_
30.09.2023 20:30

Bir oglanjygy taksa mundirip Aşgabatdan Mara ugratyalar,

mundiryan garyndaşy taksisa diyya oglanjyk yolda dine gurlap gider bolgusyz zatlary siz dinleman gidiň diyya taksistam bolya diyya Bular yola duşyaler oglanjyk gurlap taksistyn nerwisine degip ugraya, oglanjyk sey diyya kakam okuz bolan bolsa ejem sygyr bolan bolsa menem golejik bolardym diyya taksist gahary gelya, şeydiwem taksityn nerwisine degip başlaya son yetip gelyakaler oglanjyk şey diya kakam horaz bolan bolsa ejem towuk bolan bolsa menem juýjejik bolardym diyya, Taksist gahary gelip oglanjyga sorag berya kakan narkaman bolan bolsa ejen k..... bolan bolsa sen name bolardyn diyya? Oglanjyk-Men taksist bolardym diyya!!!

26
231