gullnara_
01.10.2023 17:36
Dagdan gaýdan sili, böwet saklanok,
Akan ýerin oýup, jar ýasap otyr.
Gybatçy hiç-haçan soñun çaklanok,
Päkize kalblar-da kir ýasap otyr.

Öwrenşilip barýa, adam satana,
Şyltak atmak moda, geçen ötene,
Bu gün joj-jok edip düýnki etene,
Uçmakdan bihabar, per ýasap otyr.

Özün beýik saýýa hökümi güýçli,
Salama ýaranok ýokary işli,
Ýeri bor bularyñ barysy hiç diý,
Dindarlar metjitde şer ýasap otyr.

Asman dury içi ýaly aýamyñ,
Aşygy men, ülkeriñ, ak maýanyñ,
Ömri zaýamykan, ömri zaýanyñ?
Ýyldyzlar asmana zer ýasap otyr.

Mydam açyk ýer şarynyñ dykysy,
Ýetişme ýok düzlemäne nepesi,
Biri gelse, gidip barýa ikisi,
Gabyrman ýatmaga ýer ýasap otyr.

Ýazmyrat Çörliýew
15
34
wolf
1 Oktýabr 2023
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.