gullnara_
02.10.2023 07:10
Gyş bolsun, ýaz bolsun, parhy ýok, her gün
Keýpihonluk bilen dogýar Gün aga.
Guşlaryñ dyngysyz jürküldeýişi
Ýuwaş-ýuwaş dönýär säher senaña.

Eneleñ kalby deý owadan asman
Topraga mährini berýär bol-telki.
Tebigat şeýle bir akylly, oña
Atalañ paýhasy siñendir, belki.

Parhy ýok, obamy, şähermi ýa-da,
Säher hemme ýere owadan gelýär.
Wah, ýöne durmuş-da! Muña işleriñ
Oñat dälem gelýär, oñadam gelýär.

Bagty çüwen adamlaram bar munda,
Bagtygara adamlaram ýeterlik.
Kimsi bagtdan ýaña dünýä syganok,
Kimsilere ejir berýär ýekelik.

Birisi ýaşaýar perzent zarynda,
Birisi perzentden bireýýäm doýgun.
Ýene biri halallykdan gönense,
Biri haramlyga bolupdyr uýgun.

Garaz, garasy hem, agy hem ýetik,
(Mundan oñat dünýe barmy, kim bilýär!)
Ýalkansamam, ýanaýsamam, şonda-da,
Meniñ şu durmuşda ýaşasym gelýär.
18
46
oras
2 Oktýabr 2023
@guldesse, onunden gacyanla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.