gullnara_
03.10.2023 07:11
«Saýra dutar»

Saýra dutar, saýra dutar, saýra sen,
Gülleriň aşygy bilbiller kimin.
Näzik owazyňa, şirin mukama
Adamlar saz çalsa, ýigdelýär zemin.

Saýra ussatlaryň ele alanda,
Saýra sen gözeller seýle gelende,
Näzik kirişleriň bolan bolsadym,
Saýrap adyň götärdim has belende.

Ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur hemişe,
Näçe diňleseň-de doýma ýok senden.
Saýra yzlap ýürekleriň ýodasyn,
Goý, güller açylsyn näzik sesiňden.

Awtor:Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa)

1967-nji ýylda Mary welaýatyndan doganlar Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar bu goşga saz ýazypdyrlar. Gysga wagtda doganlar Berdiýewalar bu aýdym bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başarypdyrlar. 2016-njy ýylda Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

«Saýra dutar» aýdymynyň sözlerini Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa) ýazypdyr. Bu goşgy 1967-nji ýylda «Ýaş kommunist» gazetinde ilkinji gezek çap edilýär. Goşgyny ýazan wagtlary Ogulnabat Allaberdiýewa Halaç etrabyndaky 37-nji sekizýyllyk mekdebiň 8-nji synp okuwçysy eken. Bu goşgyny okan doganlar Ogulbibi, Ogulnabat, Sülgün Berdiýewalar goşga aýdym ýazypdyrlar. Doganlar Berdiýewalar «Saýra dutar» goşgusynyň awtoryny hem diňe metbugat üsti bilen tapýarlar.

«Saýra dutar» goşgusyny ýazan Ogulnabat Allaberdiýewa (Astyýewa) 1972-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa synanyşýar. Professor Kakajan Ataýew synag wagtynda onuň adyna gözi düşüp «Sen, «Saýra dutaryň» awtorymy?» diýip oňa edebiýatdan bäşlik baha goýýar.

Doganlar Berdiýewalar indi 50 ýyldan gowrak wagt bäri «Saýra dutar» aýdymyny ýerine ýetirip gelýärler. Bu aýdymy näçe diňleseň hem doýup bolmaýar. Berdiýewalar – Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 18-nji orta mekdebinde okap, öz deň-duşlarynyň öňünde mandolinaly saz çalyp, aýdym aýdyşlary dilden-dile geçýär. Bu bolsa gyzlaryň geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda Baýramaly şäherinde açylan telestudiýada çykyş etmegine sebäp bolýar.
15
45
mandarin
3 Oktýabr 2023
Menem şapbat çalýan gerek bar bolsa😁😂🤣 👋👋👋
tmyigit76
3 Oktýabr 2023
Hawa gowy aýdym menem halaýan bu aýdymy. Kimiň ýazanynam öwrendik indi. Sps 👍👍
atakulyyewa_humay
3 Oktýabr 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.