gullnara_
28.06.2024 09:04
Biz durmuşymyzy sanlarsyz göz öňüne getirip bilemzok. Sanlar ähli ýerde bar. Mysal üçin, çaga dünýä inende, onuň doglan senesi boýunça oňa üstünlik getirýän sany anyklap bolýar.

Numerologiýa ylmy bilen gyzyklanýan hünärmenleriň tassyklamagyna görä, her adama üstünlik getirýän sanlar bolýar. Ol sanlar şeýle tertipde hasaplanylýar. Meselem: siziň doglan senäňiz 25.10.1986 bolsa, 2+5+1+0+1+9+8+6=32. 3+2=5.

Diýmek, 25.10.1986 senede doglan adamlara üstünlik getirýän san 5. Jem birden dokuza çenli bir belgili san bolmaly. Eger jem 11; 22; 33 bolsa, ýene-de bir belgili san alynýança goşmaly. Mysal üçin: 01.01.1989 bolsa, 1+1+1+9+8+9=29 2+9=11; 1+1=2. Şu senede doglan adamlara üstünlik getirýän san 2.

Ýokardaky görkezilen hasaplamalaryň netijesinde çykarylan sanyň degişlilikdäki häsiýetleri:

1 — bu san adama üstünlik, gülläp ösüş hem-de öňdebaryjylygy getirýän san diýlip häsiýetlendirilýär.

2 — bu sana degişli adamlar çydamlylygy, daş-töweregi bilen oňşuklylygy, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Beýle adamlar dawa-jenjelden daş durýarlar, özleriniň mamladygyny subut etmekden saklanýarlar. Töweregindäkileriň gaýgysyny, gussasyny paýlaşmagy, özgeleriň kemçiliginden sapak almagy başarýarlar. Olaryň ýiti seljeriji akyly garaşylmadyk netijeleri çykarmaga ýardam edýär.

3 — bu sagdyn ruh, şadyýanlyk, ylhamyň joşmagy. Bu sana degişli adamlar gyzykly, ýagty, gowy duýgular bilen baýlaşdyrylan durmuşda ýaşaýarlar. Olaryň maksady daş-töweregindäki adamlara-da şatlyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk paýlamak.

4 — Numerologiýa kesgitlemesi boýunça 4-lik sana degişli adamlar: deňagramly, zähmetsöýer, seresaply, özbaşdak. Olaryň şygary — ynamdarlyk, berk sütünlilik, dogruçyllyk.

5 — özgertmeleri we hereketi halaýan adamlar. Syýahat etmegi-de halaýarlar. Durmuşda abraýly orun alyp biljek adamlar.

6 — maşgala gymmatlyklarynyň sany. Şonuň üçin bu adamlar hyzmatdaşlyk etmäge ynamly, ýardam goluny uzadýan, jogapkärçilik duýýan adamlardyr.

7 — ruhy gözlegdäki adamlar. Içki ruhy erkinligi öňde goýýan adamlar. Işjeňligi, göwnaçyklygy her bir işi iň gowy derejede ýerine ýetirmäge itergi berýär. Bu adamlaryň ýolbaşçylyk ukyby güýçli we netijeli.

8 — bu san deňagramlylygyň, maddy üstünligiň hem-de aşa tertipliligiň sany. Sekizlik sana degişli adamlar subutnamasy bolmasa hiç zada ynanmazlar.

9 — sungaty we gözelligi söýýän adamlar. Ekologiýa, pedagogika, psihologiýa, lukmançylyk ylmy bilen gyzyklanýarlar.

Durmuşda şeýle bir halatlar bolýar, pikirlenip özbaşdak netije çykaryp bolmaýan ýagdaýlarda täleý sanyňyzy synap görüň! Goý, täleý sanyňyz size üstünlik getirsin!
17
91
gullnara_
21.05.2024 18:19
Multfilmde goýberilen ýalňyşlyklar
23
105
gullnara_
14.05.2024 12:09
Goý, şuglaňyz ýaýylsyn!

Bir uly kompaniýanyñ eýesi söwdagär adam hassa düşeginde ýatyp ömri ahyrlaberende mirasyny iň mynasyp ogluna galdyrmak maksady bilen, üç ogluny ýanyna çagyrdy-da: – Ine, heriňize 1 dollar. Şu pula näme alsaňyz alyň, ýöne alan zadyňyz şu otagyň içini doldurmalydyr – diýdi. Onuň ogullarynyň üçüsem 1 dollary alyp, şähere çykdy. Agşam gaýdyp gelenlerinde, kakasy olardan näme alandyklaryny sorady. Birinji ogly iki halta saman alandygyny aýtdy we samany otaga pytradyp goýberdi. Elbetde, saman otagyñ ep-esli ýerini tutsa-da, tutuşlygyna-ha doldurmady. Gezek söwdagäriň ikinji ogluna ýetdi. Asyl ol ýorgan perýeleklerinden satyn alan eken. Otaga pytradylan ýelekleriň diňe içerini çaşyrany galdy. Olaram otagy dolduryp bilmedi. Elbetde, söwdagär bu söwdadan hem kanagatlanmady.Onuň üçünji ogly näme diýdi, bilýäňizmi? – Dollarymy jübime salyp, bir dükana bardym we ony bölekletdim. Soňra onuň 90 sentini haýyr-sahawata bagyşladym. Galan 10 sentine-de iki sany zat aldym – diýip, jübüsinden otluçöp bilen şem çykardy-da, şemi ýakdy. Kakasynyň aýdyşy ýaly, şemiň ýagtylygy tutuş otagy dolduraýdy. Özem ep-esli wagtlap. Şeýle bolar-da, kakasy mundan hoşal bolmazmy?! – Örän gowy, örän gowy! Berekella, oglum! Kompaniýamyzyň başyna sen geçersiň. Çünki ýaşaýyşdaky esasy zady – şuglaňy saçmagy başarýarsyň – diýip, ol körpe oglunyň başyny sypady.

E-kitap: Şu kitaby okap görüñ mugallym
Yazar: Hasan Yylmaz
Dili: Türkmençe
Pdf kitap: 99363311664
25
79
gullnara_
13.05.2024 21:53
Häzir ( gowy, erbet ) nähili ýagdaýda bolsañyzam özüñiziñ nähili gymmatlydygyñyzy bilesiñiz gelýärmi ? Geliñ onda şu gysgajyk hekaýany okalyñ

Alypbaryjy elindäki altyn teňňäni görkezip, söze
başlady. Otagyň içinde oturan ýüzlerçe adama şeýle sowal berdi:
– Bu altyn teňňäni kim almak isleýär?
Elleriň hemmesi diýen ýaly ýokary galdy.
Alypbaryjy sözüni dowam etdi:
– «Bu altyn teňňäni araňyzdan bir adama
bermekçi. Emma ondan öň käbir zatlary etmek
isleýärin».
Alypbaryjy altyn teňňäni ýere oklady we
aýakgaplary bilen onuň üstünden basgylady. Soňra ony ýerden galdyryp, oturan adamlara görkezdi weşeýle diýdi:
– «Bu altyn teňňäni henizem almak isleýän
barmy?».
Eller ýene ýokardady. Alypbaryjy bu gezek altyn
teňňäni kömekçisiniň getiren içi palçykdan doly bir gaba oklady. Ony gabyň içinden çykaranda, palçykdan ýaňa altynyň ýüzi hem görünmeýärdi. Alyp baryjy sowalyny ýene-de bir gezek gaýtalady. Eller henizem ýokardady, ähli kişi altyn teňňäni almak isleýärdi. Alypbaryjy ýylgyryp, şeýle diýdi:
«Dostlar, bu ýerde gaty möhüm bir zady görýäris.
Men bu altyn teňňä näme etsemem, siz ony almak isleýärsiňiz. Sebäbi altynyň başyna gelen ýagdaýlar onuň gymmatyny gaçyrmaýar. Ol henizem gymmat bahaly altyn. Bu altynyň başyndan geçiren ýagdaýlaryny biziň köpimiz hem başymyzdan geçirýäris. Ýykylarys, aglarys, göwnümize degler. Käwagt üstümize palçyk syçradarlar. Käte biz palçygyň
içine ýykylarys. Emma bularyň hiç biri möhüm däl, esasy zat öňümizdäki duran gözelligi unutmalyň we bagtly bolmagyň bularyň hiç birine bagly däldigini bileliň. Biziň gymmatymyzy başgalaryň bize nähili garaýandygy ýa-da başymyza gelen ýagdaýlar kesgitlemeýär. Kynçylyklara döz gelip bilşimiz biziň hakyky gymmatymyzy kesgitleýär».
21
58
gullnara_
13.05.2024 00:47
Size biri hakynda gürrüñ bermekçi. Ömründe hiç teatra gidip görmedik biri barada. Ol biri, bir gün barja puluny jemläp teatr üçin petek alypdyr. Şol gün sahnadaky goýulan çykyşa hezil edip tomaşa edipdir. Ahyry oýun gutarypdyr we ol kişiden başga hemmeler teatrdan çykypdyr. Soñra ol zaly süpürýän aýaldan " Müdiriñiz bar bolsa ýerini görkezseñiz, meniñ bir gürrüñim bardy " diýip salgy alyp teatryñ başlygynyñ ýanyna barypdyr. Müdire näme iş etmelem bolsa işe alsalar etjekdigni, bu teatryñ bir parçasy bolasy gelýändigni aýdypdyr. Müdirem özlerine tämizlikçi gerekdigini, emma ilki barlap görmelidigini aýdyp ol kişini näçe wagt bäri tozan basyp ýatan teatryñ kitaphanasyna eltip gaýdypdyr. Soñra wagt geçensoñ barlamak üçin baryp görse ol adam kitaphanany arassaja ýere öwrüpdir. Müdir hyzmatdan hoşal bolup işe alandygny aýdypdyr. Ol kişi "Meñ ýatmaga ýerim ýok" diýipdir. Müdirem "bolýar onda şu ýerde ýatarsyñ hemem işe ir başlarsyñ bärde bolsañ. Adyñy aýt hany belläp alaly" diýip ýüzlenipdir. Ol kişiñ jogaby bolsa şeýle bolupdyr : " adym Wilýam jenap. Wilýam Şekspir "
Wilýam Şekspir biziñ tanaýan Şekspirimiz bolmak ýoluna ilkinji ädimi tämizlikçi bolup äden mahaly 40 ýaşlarynda eken. Unutma, HIÇ ZAT ÜÇIN GIÇ DÄL!
Kitabyñ ady: Pes etme mucizeler yolda
Yazar: Kinsun
20
45
gullnara_
08.04.2024 06:24

Bimahal çagy çüýrän dişiň agyrysy azar berýär. Öýde agyryny aýyrýan derman hem ýok. Diş lukmanynyň ýanyna gitmegi bolsa irdene çenli goýmasaň, başga alaç ýok. Näme etmeli?


Şeýle bolanda, dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem örän gowy peýda edip biler. Bidenekden (şalfeý), ýakymlyjadan (duşisa), sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden, ajynarpyzdan (mýata pereçnaýa) melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar. Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornuny soda ýa-da birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutup biler...


Mundan başga-da, spirte ýatyrylan bir bölek hasany agyryly ýere goýup bolar. Gadymy hytaý usulynyň hem nepi degmegi mümkin. Başam we süýem barmaklaryň we gözüň görejiniň hem çekgäniň arasyndan geçýän göz öňüne getirilýän çyzyklaryň kesişýän oý ýerinde simmetrik ýagdaýda ýörite nokatlar ýerleşýär. Eger olary başam barmagyň bilen mazalyja owkalasaň, agyry aýrylar.


Islendik ýagdaýda bir zady ýatdan çykarmaly däl: dişagyryny aradan aýryp bilseňiz-de, size çüýrük dişi özbaşdak bejermek başartmaz. Şonuň üçinem, göni diş lukmanynyňka howlugyň!

28
178
gullnara_
06.04.2024 07:16
Moskwada 1100 jübüt 24-nji aprelde nikadan geçmekçi

Russiýanyň paýtagtynda ýaş çatynjalaryň köp sanlysy 24.04.24 senede nikadan geçmek barada arza berdiler. Bu barada Moskwanyň Nikalar öýi edarasy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bu ýyl nikadan geçmek isleýänleriň arasynda iki we dörtlük sanlaryň utgaşýan seneleri has-da meşhurdyr. Mysal üçin, 24.02.2024 senede nikadan geçmek üçin 800-e golaý jübüt hasaba alyndy. Indi bolsa, 24.04.2024 senede nikadan geçmek isleýän moskwaly jübütleriň sany 1100-e ýetdi.
20
52
gullnara_
05.04.2024 18:37
Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär.

"Россия" teleýaýlymynda görkezilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde türkmenistanly tiz hasaplamak boýunça ilkinji milli rekordy goýan gyz Liwanur Berdiýewa çykyş etdi. Çykyş edýäniň öňündäki iň kyn mesele: synagdan geçmek, tomaşaçylary geň galdyrmak we finala çykmak boldy. Bu barada «Salamnews»  habar berdi.

Liwanur Berdiýewa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy. Ol mekdepden boş wagtlary «Kämil Bilim» okuw merkezinde «Mega mentalnaýa arifmetika ANZAN» kursuna gatnaşýar. Geçen ýylyň mart aýynda okuwçy gyz zehin başarnygy bilen MEMORIAD (Bütindünýä zehin sport federasiýasy) tarapyndan hasaba alnan mental arifmetikasy boýunça Türkmenistanda ilkinji milli rekordy goýdy.

«Удивительные люди» («Täsin adamlar») şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde Liwanur taslama gatnaşýan mental arifmetikasy boýunça halkara ýaryşlarynyň çempiony, moskwaly Maksim Kuçin, islendik guşy ýekeje ýeleginden tanap bilýän permli ýetginjek Mihail Razgulýaýew, ABŞ-dan Aýsmen lakamly pälwan J.D. Anderson, hytaýly mnemotehnik Hu-Synwenýa, tanzaniýaly deňagramlygy saklap bilýän Barak Juma Feruz, magadanly aşa takyk burawçy Nikolaý Pçelenkow, Russiýa Federasiýasynyň iň gowy programmistleri Sankt-Peterburg şäherinden Igor Permýakow we Kirill Woloh dagylar bilen bäsleşmeli bolar.

Olaryň hemmesi özleriniň zehin başarnygynyň syryny bilmäge çalyşýan tomaşaçylaryň we eminler toparynyň öňünde «Удивительные люди» («Täsin adamlar») adyna mynasypdygyny ykrar etdirmäge synanyşarlar.

Türkmenistandan baran Liwanur Berdiýewanyň täsin zehini tomaşaçylary haýran galdyryp finala çykarmy?

Biz muny şu gün Aşgabat wagty bilen 23:30-da (Moskwa wagty bilen 21:30) anyklarys.

Türkmenportal
21
109
gullnara_
26.03.2024 12:23
Holi - bahary garşylaýan hindi festiwaly.

Baharyň we söýginiň baýramy Hindistanda doly Aýyň günlerinde bellenilýär.
Çygly we reňkli hindiler hezil edýärler, reňk sepýärler, tüsse ýakýarlar, aýdym aýdýarlar we tans edýärler. Käbir gatnaşyjylar taýak bilen ýenjilýär.
Ýylyň dowamynda yssy günüň aşagynda adamlar işleýär, garyplykda ýaşaýar we fewral aýynyň ahyrynda - mart aýynyň başynda festiwalda şatlanýarlar Iň joşgunly baýramçylyklar diňe bir jahankeşdeleriň däl, eýsem ýerli ilatyň hem köpüsini özüne çekýän Uttar Pradeş ştatynda bolup geçýär.
24-25-nji njy martda iki günlük Holi - bahar we reňk baýramy Hindistanda başlandy. Bu baýram ýurtda ýüzlerçe ýyl bäri bellenilip geçilýär. Onda adamlar birek-birege dürli reňkler sepýärler, tans edýärler we baýramçylyk gutlaglaryny iberýärler.
Aslynda hindi durmuşynyň sahnalary dürli reňklerde öz beýanyny tapdy.
32
85
gullnara_
23.03.2024 21:23
SEN GARRAMA EJEJAN...” aýdymyň goşgusynyň döreýşiniň taryhy barada

Suratda: Çepde - Myrat Ömür, sagda onuň şahyr dosty Italmaz Akmyradow. 

“SEN GARRAMA EJEJAN...”
Hemmelere ýürege ýakynlygy bilen, sada, akgynly, şirin sazy bilen belli bolan “Sen garrama ejejan” aýdymyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Çünki häzire çenli halk arasynda, toý-baýramlarda aýdylyp, halkyň ýürek senasyna öwrülen bu aýdym ençeme ýyllardan bäri göwünleri heýjana salmagyny dowam edýär. Onuň başyny aýtsaň aýdymy ýüzugra dowam edip biljek adamyň juda köpdügi ikuçsyzdyr. Bu bolsa ýürekden çykan eseriň ýürege barýandygynyň aýdyň mysaly. Aýdymyň goşgusynyň döreýşiniň özboluşly taryhy bar. 

Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan bolan şahyr Myrat Ömür işden dolanyp geleninde ogluny görmäge gelen ejesini görüp bir gez beýgelen ýaly boldy. Gelenine birnäçe sagat geçen ejesi bilen görüşeninden soňra işden ajygyp gelen ogluna bir zatlar taýýarlan ejesiniň saçak ýazyp agşamlyk äbermegi bilen nahar başyna geçdiler. Oglunyň gelerine garaşyp duz datmadyk ejesini synlap oturan şahyra, göýä ejesi öňküsindenem has garran ýaly, ylaýta-da özüne garaşyp garran ýaly duýuldy. (Özüni dünýä inderen bagtyň gözöňünde garrap barýanyny gören şahyryň ýüregi jigläp giden ýaly boldy. Ýüzi soldy) Ejesine ahwalyny bildirmejek bolup, onuň nazar salanyna mähetdel, “Sen garrama, ejejan” diýip degişen ýaly etdi. Bu şahyryň agşamky döretjek, soňlugy bilen aýdyma öwrülip halk içinde meşhurlyk gazanjak eseriniň meşhur setiridi. Gije bolsa sözler kerweni bir-birine birigip, ýürekden inen setirler ak kagyza nagyşlanyp başlady:
Maňlaýyňda bar gasyn,
Sen garrama, ejejan.
Dünýe dursun, dur asyr,
Sen garrama, ejejan.

Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak bir garraly,
Sen garrama, ejejan.

Garşylasyn goja dag.
Garşylasyn goja bag,
Bolup bize arkadag,
Sen garrama, ejejan.

Perzentlarňe pena sen,
Dillermize sena sen.
Meňzeseň-de enä sen,
Sen garrama, ejejan.

Şahyryň bu aýdymy 1993-nji ýylda bagşy Baýramgeldi Gutlyýewiň saz ýazmagy we ilkinji bolup ýerine ýetirmeginde aýdyma öwrülip, hali häzire çenli telewideniýede, radioda ýaňlanyp gelýär. Ylhamdan dörän ylham perzentleri diňe bir adamlara ruhy lezzet bermän, eýsem, ylham paýlaýan ajaýyp eserdir.

(Žurnalist Hojaberdi Apbaýewiň gürrüň bermegi esasynda taýýarlanyldy)
Türkmenportal
27
74