gullnara_
08.04.2024 06:24

Bimahal çagy çüýrän dişiň agyrysy azar berýär. Öýde agyryny aýyrýan derman hem ýok. Diş lukmanynyň ýanyna gitmegi bolsa irdene çenli goýmasaň, başga alaç ýok. Näme etmeli?


Şeýle bolanda, dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem örän gowy peýda edip biler. Bidenekden (şalfeý), ýakymlyjadan (duşisa), sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden, ajynarpyzdan (mýata pereçnaýa) melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar. Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornuny soda ýa-da birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutup biler...


Mundan başga-da, spirte ýatyrylan bir bölek hasany agyryly ýere goýup bolar. Gadymy hytaý usulynyň hem nepi degmegi mümkin. Başam we süýem barmaklaryň we gözüň görejiniň hem çekgäniň arasyndan geçýän göz öňüne getirilýän çyzyklaryň kesişýän oý ýerinde simmetrik ýagdaýda ýörite nokatlar ýerleşýär. Eger olary başam barmagyň bilen mazalyja owkalasaň, agyry aýrylar.


Islendik ýagdaýda bir zady ýatdan çykarmaly däl: dişagyryny aradan aýryp bilseňiz-de, size çüýrük dişi özbaşdak bejermek başartmaz. Şonuň üçinem, göni diş lukmanynyňka howlugyň!

28
179
gullnara_
13 Aprel 2024
@Imissyou, oňat sen nähili? Işlerem gül ýaly täzeligem köp
gullnara_
13 Aprel 2024
@Imissyou, salam 🤗
perijik
9 Aprel 2024
👍🏻👍🏻
jeyhoo
8 Aprel 2024
Sarymsak(чеснок, garlic 🧄) hem peydaly.
efsane_tm
8 Aprel 2024
bu post zakrepit edilenmi? iñ yokarda dur🙄
Kenno_Tabi
8 Aprel 2024
@gul✿, google ýaz. Misvak diýip.
medik_
8 Aprel 2024
@enes_🧿, 🤷🏻‍♀️
ideallider
8 Aprel 2024
Tom Henksiň "Изгой" kinosyndan bilip galdym, dişiň agyranynda we özüň bejerende nähili bolýanyny👍
Kenno_Tabi
8 Aprel 2024
Dişi miswäk bilen ýuwmak sünnetdir
medik_
8 Aprel 2024
@flowers_, diś agyrdan òlen yok,halyñ sorap gelen yok diyip nakylam bara🤷🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.