gullnara_
05.04.2024 18:37
Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär.

"Россия" teleýaýlymynda görkezilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde türkmenistanly tiz hasaplamak boýunça ilkinji milli rekordy goýan gyz Liwanur Berdiýewa çykyş etdi. Çykyş edýäniň öňündäki iň kyn mesele: synagdan geçmek, tomaşaçylary geň galdyrmak we finala çykmak boldy. Bu barada «Salamnews»  habar berdi.

Liwanur Berdiýewa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy. Ol mekdepden boş wagtlary «Kämil Bilim» okuw merkezinde «Mega mentalnaýa arifmetika ANZAN» kursuna gatnaşýar. Geçen ýylyň mart aýynda okuwçy gyz zehin başarnygy bilen MEMORIAD (Bütindünýä zehin sport federasiýasy) tarapyndan hasaba alnan mental arifmetikasy boýunça Türkmenistanda ilkinji milli rekordy goýdy.

«Удивительные люди» («Täsin adamlar») şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde Liwanur taslama gatnaşýan mental arifmetikasy boýunça halkara ýaryşlarynyň çempiony, moskwaly Maksim Kuçin, islendik guşy ýekeje ýeleginden tanap bilýän permli ýetginjek Mihail Razgulýaýew, ABŞ-dan Aýsmen lakamly pälwan J.D. Anderson, hytaýly mnemotehnik Hu-Synwenýa, tanzaniýaly deňagramlygy saklap bilýän Barak Juma Feruz, magadanly aşa takyk burawçy Nikolaý Pçelenkow, Russiýa Federasiýasynyň iň gowy programmistleri Sankt-Peterburg şäherinden Igor Permýakow we Kirill Woloh dagylar bilen bäsleşmeli bolar.

Olaryň hemmesi özleriniň zehin başarnygynyň syryny bilmäge çalyşýan tomaşaçylaryň we eminler toparynyň öňünde «Удивительные люди» («Täsin adamlar») adyna mynasypdygyny ykrar etdirmäge synanyşarlar.

Türkmenistandan baran Liwanur Berdiýewanyň täsin zehini tomaşaçylary haýran galdyryp finala çykarmy?

Biz muny şu gün Aşgabat wagty bilen 23:30-da (Moskwa wagty bilen 21:30) anyklarys.

Türkmenportal
21
108
Akram_Beshimov
6 Aprel 2024
Gowy çykyş etdi, emma finala çykyp bilmedi((
alma___
5 Aprel 2024
Ùstùnlik gazansyn Liwanur Berdiýewa geliñ dileg edeliñ🤲
ideallider
5 Aprel 2024
Mbäh beýle gyza menýalaklary deminde gara-köýük kül edip, üflände tozan bolupgiderin😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.