gullnara_
28.06.2024 09:04
Biz durmuşymyzy sanlarsyz göz öňüne getirip bilemzok. Sanlar ähli ýerde bar. Mysal üçin, çaga dünýä inende, onuň doglan senesi boýunça oňa üstünlik getirýän sany anyklap bolýar.

Numerologiýa ylmy bilen gyzyklanýan hünärmenleriň tassyklamagyna görä, her adama üstünlik getirýän sanlar bolýar. Ol sanlar şeýle tertipde hasaplanylýar. Meselem: siziň doglan senäňiz 25.10.1986 bolsa, 2+5+1+0+1+9+8+6=32. 3+2=5.

Diýmek, 25.10.1986 senede doglan adamlara üstünlik getirýän san 5. Jem birden dokuza çenli bir belgili san bolmaly. Eger jem 11; 22; 33 bolsa, ýene-de bir belgili san alynýança goşmaly. Mysal üçin: 01.01.1989 bolsa, 1+1+1+9+8+9=29 2+9=11; 1+1=2. Şu senede doglan adamlara üstünlik getirýän san 2.

Ýokardaky görkezilen hasaplamalaryň netijesinde çykarylan sanyň degişlilikdäki häsiýetleri:

1 — bu san adama üstünlik, gülläp ösüş hem-de öňdebaryjylygy getirýän san diýlip häsiýetlendirilýär.

2 — bu sana degişli adamlar çydamlylygy, daş-töweregi bilen oňşuklylygy, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Beýle adamlar dawa-jenjelden daş durýarlar, özleriniň mamladygyny subut etmekden saklanýarlar. Töweregindäkileriň gaýgysyny, gussasyny paýlaşmagy, özgeleriň kemçiliginden sapak almagy başarýarlar. Olaryň ýiti seljeriji akyly garaşylmadyk netijeleri çykarmaga ýardam edýär.

3 — bu sagdyn ruh, şadyýanlyk, ylhamyň joşmagy. Bu sana degişli adamlar gyzykly, ýagty, gowy duýgular bilen baýlaşdyrylan durmuşda ýaşaýarlar. Olaryň maksady daş-töweregindäki adamlara-da şatlyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk paýlamak.

4 — Numerologiýa kesgitlemesi boýunça 4-lik sana degişli adamlar: deňagramly, zähmetsöýer, seresaply, özbaşdak. Olaryň şygary — ynamdarlyk, berk sütünlilik, dogruçyllyk.

5 — özgertmeleri we hereketi halaýan adamlar. Syýahat etmegi-de halaýarlar. Durmuşda abraýly orun alyp biljek adamlar.

6 — maşgala gymmatlyklarynyň sany. Şonuň üçin bu adamlar hyzmatdaşlyk etmäge ynamly, ýardam goluny uzadýan, jogapkärçilik duýýan adamlardyr.

7 — ruhy gözlegdäki adamlar. Içki ruhy erkinligi öňde goýýan adamlar. Işjeňligi, göwnaçyklygy her bir işi iň gowy derejede ýerine ýetirmäge itergi berýär. Bu adamlaryň ýolbaşçylyk ukyby güýçli we netijeli.

8 — bu san deňagramlylygyň, maddy üstünligiň hem-de aşa tertipliligiň sany. Sekizlik sana degişli adamlar subutnamasy bolmasa hiç zada ynanmazlar.

9 — sungaty we gözelligi söýýän adamlar. Ekologiýa, pedagogika, psihologiýa, lukmançylyk ylmy bilen gyzyklanýarlar.

Durmuşda şeýle bir halatlar bolýar, pikirlenip özbaşdak netije çykaryp bolmaýan ýagdaýlarda täleý sanyňyzy synap görüň! Goý, täleý sanyňyz size üstünlik getirsin!
17
91
flowers_
4 Sentýabr 2024
9.👍
ATOMIC
28 Iýun 2024
@Serwi, teswirleň goşa goşadan gelýä Serwiiii
ATOMIC
28 Iýun 2024
8
ATOMIC
28 Iýun 2024
@Serwi, hawa 1 bolýa sebäbi 0ly aýyrmaly
Adyl_G
28 Iýun 2024
10 boldy
maral
28 Iýun 2024
@Serwi, Meñkem 10 boldy. Men hem şeýle pikir etdim. 1 dir
gullnara_
28 Iýun 2024
Meniň sanym 9 boldy👍🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.