gulle09
09.02.2024 18:46
Men bu mahal...
Sen hakynda ýazmaýyn.
Goý, syr bolsun aramyzyň söhbeti.
Göýä,
Penjirämden jyklaýan Asman
emaý bilen, meñ daşymdan aýlanyp.
Surata düşürýä... Aýyñ şöhlesi.
Ak ýelekden,
Ak bulutdan bölünen.
ýorganyma... gözün dikýän ýyldyzdan.
Ünsüm sowjak bolup,
Hemem señ bilen.
edýän söhbetimi kesmejek bolup.
Telefondan gyzypgiden gulagmy
Aýryp bilmän,
galyp ençe azara.
Atyp barya han-ha... dañam tizara.
...bu geçdi,
Gör-ä, galdy düýn bolup.
A, sen welin durar öýtdiñ gumsagat.
Ol akyp dur çüýşä,
Akyp durar kän..
Bizem, bu dünýäde geçiji bir jan!
Bir gün, ýa-da ýene nåçe sagatdan
(Tik-tokda) ölmümiz ederler yglan.
Şonda... eziz ruhum ýanyña ylgar.
Pel-pellär daşyñida,
Goşgulam aglar.
Yazmadyk setirlem, ýolumy baglar.
Tabydymda tükge düşer jesedim.
Çalaja eşdiler şonda "bes ediñ".
Sagryma dökülip duran saçlarmy
Lahadyň köýnegi bilen ýygșyryñ.
Soñam,
tozan girmez ýaly ýabşyryñ.
Iñ soñkuja pursat,
Omza münmänkäm..
Diñläp görüň. urman dursa-da gursak.Diñläp görüñ, urman dursa-da gursak.
söýgä garaşanmy, husyt Dünýeden?
Pyşyrdysyn ysgynsyzja dodagmyñ.
Ýylgyrýan gözlerme bakyň täzeden.
Alnymyňñ ýazgysy gara, nämeden?
Şeýdip, ötägidibiýrmi gülbeden.
Sorap galyñ.
Bolmasa, şanslydy her bir öñ ýeten.
A men welin,
Bir gujak gül.
Ya, bolgusyz jedel bilen.
Bu tabytda barýan... ömrüm paýawlap.
Günäm näme aýtsan-a,
Müñkür hem Nekir?
Dek düýnjigem aýly gje.
Söhbet edip, O, ýar bilen.
Hesretlere soñ bermägi wada edip.
Beýle öwrümleri etmändik pikir.
..ine-de, Dag üsti
Täzeje tümmek.
..täzeje gubura, syn edýä Asman.
Penjirämi gözläp, aýlanýa Aýam.
Belki, ýeke ýatanyma gabatlap
gelersiñ...
Men bolsa,
Ystyhanym çagşamanka bognumdan.
Gyzgynym gitmänkä gülgün tenimden.
Tirsegme daýanyp,
...turmaga taýyn.
25
34
gulle09
15.11.2023 15:41

Gerek




Ömre saglyk, saka bolsun durmuşda,

Iýmä hörek, geýinmäge jul gerek,

Ahlak, ynsap hemra bolsa bir başda,

Imanyňa Haka hakdan gul gerek.


Erkana gez, bakyp, degre-daşyňa,

Akyl, güýjüň laýyk gelsin ýaşyňa,

Tötänlikde bir iş düşse başyňa,

Dogan, dost-ýar, harajada pul gerek.


Eýeleseň wezipeleň birini,

Eýgerjek bol, tapyp onuň tärini,

Her hünäriň pyrlandyrma pirini,

Hak bermişli pata, soň usul gerek.


Ölçer öňden, aklyň gözde durlansyn,

Niýetiňden, ýüzüň-gözüň nurlansyn,

Aňsat däldir, başdan şeýle gurlansoň,

Dartyş güýje, dartgynlylyk bol gerek.


Gezmäwer geleňsiz, bähbidi bolmaz,

Görgüsin görmedik, piňine almaz,

Soňraky sojama ýerini dolmaz,

Suwa gaçsaň, suw üstüne sal gerek.


Ölüm gorkuly däl, ölseň hak zada,

Zol, gorkup ýörmeklik gelişmez ada,

Bolmalysy bolar, gygyrma dada,

Göni garşy durma, Rüstem Zal gerek.


Bu ýagty «Ýalançyň» ady galp munda,

Çyna berimsizdir sözi galpyňda,

Dönüp döwüşmäge, «Göwün solpunda»,

Armandan çykara, çyn ahwal gerek.


Eýýam täzelener, döwürler geler,

Soňy näme bolar, bir Alla biler,

Nesiller dowamdan paýyny alar,

Bagtyýar bolmaga hoş ykbal gerek.


Alla ýardam eýläp, bersin rysgyňy,

Goldaw görse, güýçli eder asgyny,

Ýürek iňläp beýnä berse sarsgyny,

Başyňy dyndara bir hyýal gerek.


Ýagşy aýal bakyşynda ýakymly,

Ýaman duşsa iňirdär ýör hökümli,

Illi aýdar, ynjytmagyn hiç köňli,

Onuň üçin ýagşy niýet-päl gerek.


Ilmämmet ALLAGULYÝEW.

14
34
gulle09
12.11.2023 12:46

Ýalan höwesleriň yzyna düşüp,

Ömür ýaşanyňa degýämi näme?!

"Men seni unutdym" diýen bolýarsyň,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Bir pursatlyk hyýalmydy ählisi,

Dargasyz gämide gark boldy yşkym.

Ýaz ýakymyň bilen maýylkaň maňa,

A men gar burjulan sowujak gyşdym.


Perwana saýanym belki, hozanak

Yşk oduna dözmän eziz ýüregin.

Gezip ýörmi uzaklardan garaşyp,

Özge kişiň doldurmagna deregin.


Arzuwlara ýugrulan süýji düýşlerem,

Oýansaň, görenňe degýämi näme?!

Unutmak çäremi ýanan gursaga,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Annabeg AÝMAKOWA

18
33
gulle09
05.11.2023 10:14

Dowamy. Taýýarmy, jigi?-diýen ses gyzy çuň oýlanmalarynyň arasyndan sogrup aldy.

-Hä?! Hawa, hawa, taýýar. Ine, häzir turalyň-diýip ol bäbegi üstüne abanyp diýen ýaly duran şepagat uýasyna uzatdy-da ýerinden turdy. Öz ýatyş sekisiniň ýanynda düýnden taýýar edilip goýlan goş-golamly horaşaja sebedine ýapyşdy.

-Ýör jigi, men seni daşaryk ugradaýyn…-diýip kalbynyň mähri ýüzüne çykyp giden şepagat uýasy sägindi. Soňam üstüni ýetirdi:-Hem-de kireý edýän ulaglaryň birini saklap bereýin…

Gyz sesini çykarman ýuwdundy. Olar tirkeşip dälize çykdylar-da, basgançak bilen aşaky gata düşüp ugradylar. Köpi gören şepagat uýasy aralaryna düşen tagaşyksyz dymyşlygy bozmakdan ötri, dil ýardy:

-Bu gün senden başga-da üç sany enäni çykarýarys-diýdi.

“Olar-a meniň ýaly däldirler. Häzir daşarda edil täze gelin getirýän ýaly edip, bir giden ulag kerweni bilen atbaşy çekdirip garşy alýandyrlar, ärleri” diýip gyz ýene-de gussaly oýlandy. Emma kelam agyz geplemedi.

Olar şondan soň gepleşmän bäbekhananyň çykalgasyna bardylar. Gyz eli bäbekli şepagat uýasyna gapyny açyp berende, ol az-kem sägindi-de:

-Barmaga ýeriň bir barmy?-diýip göýä, bu garamaňlaýyň düşen halyna özi günäkär ýaly pessaý pyşyrdady. Gyzyň bogazy doldy. Ol ilki gepläp bilmän baş atyp oňjak boldy. Emma soň näme üçindir ýuwdundy-da, gysgajyk:

-Hawa. Joramyň öýi-diýip gyryljak pyşyrdady.

Soň olar daş çykdylar. Ala şowhun turzup bu dünýä täze gelenleri garşylaýanlaryň deňesinden tensiz-agramsyz salgymlara dönäýjek bolup geçdiler-de, bäbekhananyň derwezesinden çykdylar. Çykanlary hem şoldy welin, ýerden gögeren dek, olaryň ýeňsesinden gelen bir ýigit emaý bilen gyzyň tirseginden tutdy.

-Gelýäňizmi? Meniň ulagym bu tarapda!-diýende onuň sesi müýnli çykdy.

Gyz allaniçigsi boldy. Bada-bat ol ýigdi tanady. Dessine-de gözleriniň öňüni soňky duşuşyklaryndan bäri aýlara çeken gahar-gazabyň, gam-gussanyň, lapykeçligiň, umytsyzlygyň, ýalňyzlygyň garym-gatym tümlüginden emele gelen perde tutdy. Ol özüniň hiç zat görmeýäne dönen gözlerinden ot sowrara getirip, tirsegini silkip alaga-da, birden-ä özüne, birdenem şepagat uýasynyň elindäki akja düwünçege mylaýym mähirden doly müýnlilik bilen garaýan ýüze iň awulydan zäherli sözleri pürküp, ony edil demir darak bilen daraýana dönderäýesi geldi. Geçen aýlaryň hasraty hem hesreti mergimuş sözlere öwrülip, onuň diliniň ujuna mündi. Şol pille-de edil şu wagt, şu pille öz ykbalyna özi täsir etmese, bu iki sany gögeläniň öz ömrüne hiç haçan düzedip bolmajak zeleli ýetirmekleriniň gaty ähtimaldygyny syzan ýaly, göwrejigine gelişmeýän çirkinje ses bilen bäbejik çar-töweregi ýaňlandyryp goýberdi:

-Iňňä! Iňňä-ä-ä!!!...

Gyzyň gözleriniň öňünden perde syryldy. Hüjüme taýýarlanyp gerlen egni sallandy. Ol ýigdiň elinden tirsegini sypdyrjagam bolman şepagat uýasyna tarap aljyraňňy garanjaklady. Köpi gören zenan bolsa bolýan zatlaryň änigine-şänigine ýetjek bolup durman, elindäki iňňäleýän düwünçegi kakasyna uzatdy. Ýigit, gyzyň tirsegini goýberip, geçen hepdäniň içinde özi üçin tapylgysyz hazyna öwrülen ojagaz düwünçegi garbap aldy-da, misli ony öpmäge dözmeýän dek, taýly gezek ysgady. Soňam:

-Ýör, ýör, ulagym hanha, hol ýerde!-diýip gyzyň öňüne düşüp ugrady. Şepagat uýasy olaryň ýanaşyp baryşlaryna, ýigdiň eglip gyzyň gulagyna nämedir bir zatlary janygyp, janyndan-teninden syzdyryp pyşyrdaýandygyny gördi…

20
90
gulle09
04.11.2023 15:52

Çym-gyzylja ýüzüni birenaýy bürüşdirip, garynjygy doýanyndanmy nämemi, agzyna gysan emmesini çyny bilen emmän, käte bir tamşanjyran bolýar. Tutuşlygyna boýy-syraty eliň tirseginden aşagyna ýerleşjek, ýüzi-gözi bilen durmuşyna garaja-garaja, mymyjakdan-ýumşajyk tüýjagaza örtülen, eteneje guşjagaz, öz sokjap ýatanynyň kalbynda gopýan harasatdan bihabar, mysylapjyk uklap ýatyr…Ojagazyň näzijek göwrejigini haýsam bolsa bir oňaýsyz hereket bilen, atdanlykda-da ynjydaýmaýyn diýýän dek, behişdiň ysy kükäp duran akja düwünçegi gujagyna gysyp, ýanyn ýatanyň dünýäsinde welin, bu mahal garjaşyk gapma-garşylyklaryň dürli-dümen dürüşdesi helemek bolup gaýnaýar.

Gujagyndaky gyzgynjak dünýäjige bolan çensiz-çaksyz mähir-muhabbet bir ýanyndan ýüregini ezmiljedip, ojagyň gyzgynyna ereýän muma dönderip barsa, beýle ýanyndan heniz başy bogulmadyk gyz halyna öz düşen gününe ahmyrdyr-ökünjiň awuly gussasy gursagyny ýakymsyz alas-gopaslykdan dolduryp, alyp barýar. Ojagazyň tüýlüje burunjygynda özüni oda atan biwepanyň keşbini tanap, özüniň aldawa salnyp zyňylsa-da, henize çenlem küle dönmedik duýgusynyň köräp duranja galyndylary bilen, öz mähribanynyň keşbini gaýtalamagyň hötdesinden gelenine diňe ene bolmak bagty miýesser eden hatynlara mahsus zenan buýsanjy bilen buýsanýar.

Şol bir wagtda-da özi bilen otagda bile ýatan ýanýoldaşly zenanlardan utanjyna ýer-ä ýarylmaýar, olam girmeýär. Beýleki bir tarapdanam öz mähribanlary bilen üçünji gatyň penjiresinden aşaklygyna gygyryşyp hal-ahwal soraşýanlaryň bagtyna gözi gidýär. Özüniň şujagaz zenan bagtyndanam kemyrsgal edilip ýaradylanyna möňňüripler aglaberesi gelýär. Bada-badam bu kemsinmek duýgusynyň gapdaly bilen özüniň tutuş bir ýyla ýakyn wagtlap däli-mežnun bolşanynyň iň soňunda aýdan ajy hem zalym sözleri gulagynda ýaňlanyp gidýär-de, ol: “ölsemem, ýan bermerin” diýip gazaply aýgyt bilen lowlap tutaşýar.

…“Kimden edinen bolsaň, git-de şonuň boýnuna-da dakyl” diýdi-de, ýeňsesini el ýaly etdi ýanymdan, ýeksurun biwepa! Wa-a-ah, özümi çapmaly, özümi! Ýeri, kim saňa onuň ýüz-keşbine, edenliden-dogumly sypatyna, boý-syratyna melul bol diýdi, kim?! Bar, melul bolupsyňam diýeli, ýöne ol gujagyna gysan badyna erkiňi eliňden aldyryp, o näme diýse, näme etse kaýyl bolmak nämäňe derkardy diýsene?! Ýa, näme, öz hyjuwyňa bäs gelip bilmän, nähilem bolsa bir erkek tapsam bolýa, diýip tanapyna towsup ýörendiňmi, sen?! Olam-a däldiň. Kaddy-kamatyňa aşyk bolup töweregiňde jöwlan urup ýörenem gyt däldi. Ýa, şol, özüň seňrigiňi ýygryp ret edenleriň ahy tutdumy, sen garamaňlaýy?!...Indi belli däl! Indi boljak iş boldy. Indi diňe mert bolup, eliň bilen edeniňi egniň bilen çekmek galýar…Ýa, şol, joramyň salgy berşi ýaly, çagany bäbekler öýüne tabşyryp, ondan ýüz dönderäýsemmikäm?! Soňam, tanyş lukmanlaryň birine tikdirip goýbersem…Wa-eý, toba! Daş edewersin!

Içini it ýyrtyp gelýän gyz göýä, öz uýat pikirlerini bäbeklerine gümra otagdaşlarynyň haýsam bolsa biri okaýan ýaly, ýaňaklaryny al öwüsdirip, assyrynlyk bilen daş-töweregine garanjaklady. Onuň bilen hiç kimiň işi ýokdy.

…Ýog-eý, Hudaý saklawersin! Heý bujagazdanam bir ýüz dönderip bolarmy?!...

Gyz emmesini sokjap ýatanja tüýjümek zatjagazy misli biri elinden alyp barýan dek, hasam beter özüne ýakyn süýşürdi.

Näme bolsa-da şundan-a dönmen. Sebäbi meniň üçin ol…ol…ol…

Gyz deňeşdirere zat tapmady. Birdenem kimdir birine nämedir bir zady subut edip, jedelde ýeňmekçi bolýan ýaly, umytsyz hyruç bilen: “Ol meniň bar zadym!” diýip aýgytly oýlanyp goýberdi.

…Taşlasa taşlap geçsin, ýeksurun, biwepa! Ahbetin ony şujagazyň atasyz ýesir ösmegi bilen meniň yhlasym tutar…

27
97