Çym-gyzylja ýüzüni birenaýy bürüşdirip, garynjygy doýanyndanmy nämemi, agzyna gysan emmesini çyny bilen emmän, käte bir tamşanjyran bolýar. Tutuşlygyna boýy-syraty eliň tirseginden aşagyna ýerleşjek, ýüzi-gözi bilen durmuşyna garaja-garaja, mymyjakdan-ýumşajyk tüýjagaza örtülen, eteneje guşjagaz, öz sokjap ýatanynyň kalbynda gopýan harasatdan bihabar, mysylapjyk uklap ýatyr…Ojagazyň näzijek göwrejigini haýsam bolsa bir oňaýsyz hereket bilen, atdanlykda-da ynjydaýmaýyn diýýän dek, behişdiň ysy kükäp duran akja düwünçegi gujagyna gysyp, ýanyn ýatanyň dünýäsinde welin, bu mahal garjaşyk gapma-garşylyklaryň dürli-dümen dürüşdesi helemek bolup gaýnaýar.
Gujagyndaky gyzgynjak dünýäjige bolan çensiz-çaksyz mähir-muhabbet bir ýanyndan ýüregini ezmiljedip, ojagyň gyzgynyna ereýän muma dönderip barsa, beýle ýanyndan heniz başy bogulmadyk gyz halyna öz düşen gününe ahmyrdyr-ökünjiň awuly gussasy gursagyny ýakymsyz alas-gopaslykdan dolduryp, alyp barýar. Ojagazyň tüýlüje burunjygynda özüni oda atan biwepanyň keşbini tanap, özüniň aldawa salnyp zyňylsa-da, henize çenlem küle dönmedik duýgusynyň köräp duranja galyndylary bilen, öz mähribanynyň keşbini gaýtalamagyň hötdesinden gelenine diňe ene bolmak bagty miýesser eden hatynlara mahsus zenan buýsanjy bilen buýsanýar.
Şol bir wagtda-da özi bilen otagda bile ýatan ýanýoldaşly zenanlardan utanjyna ýer-ä ýarylmaýar, olam girmeýär. Beýleki bir tarapdanam öz mähribanlary bilen üçünji gatyň penjiresinden aşaklygyna gygyryşyp hal-ahwal soraşýanlaryň bagtyna gözi gidýär. Özüniň şujagaz zenan bagtyndanam kemyrsgal edilip ýaradylanyna möňňüripler aglaberesi gelýär. Bada-badam bu kemsinmek duýgusynyň gapdaly bilen özüniň tutuş bir ýyla ýakyn wagtlap däli-mežnun bolşanynyň iň soňunda aýdan ajy hem zalym sözleri gulagynda ýaňlanyp gidýär-de, ol: “ölsemem, ýan bermerin” diýip gazaply aýgyt bilen lowlap tutaşýar.
…“Kimden edinen bolsaň, git-de şonuň boýnuna-da dakyl” diýdi-de, ýeňsesini el ýaly etdi ýanymdan, ýeksurun biwepa! Wa-a-ah, özümi çapmaly, özümi! Ýeri, kim saňa onuň ýüz-keşbine, edenliden-dogumly sypatyna, boý-syratyna melul bol diýdi, kim?! Bar, melul bolupsyňam diýeli, ýöne ol gujagyna gysan badyna erkiňi eliňden aldyryp, o näme diýse, näme etse kaýyl bolmak nämäňe derkardy diýsene?! Ýa, näme, öz hyjuwyňa bäs gelip bilmän, nähilem bolsa bir erkek tapsam bolýa, diýip tanapyna towsup ýörendiňmi, sen?! Olam-a däldiň. Kaddy-kamatyňa aşyk bolup töweregiňde jöwlan urup ýörenem gyt däldi. Ýa, şol, özüň seňrigiňi ýygryp ret edenleriň ahy tutdumy, sen garamaňlaýy?!...Indi belli däl! Indi boljak iş boldy. Indi diňe mert bolup, eliň bilen edeniňi egniň bilen çekmek galýar…Ýa, şol, joramyň salgy berşi ýaly, çagany bäbekler öýüne tabşyryp, ondan ýüz dönderäýsemmikäm?! Soňam, tanyş lukmanlaryň birine tikdirip goýbersem…Wa-eý, toba! Daş edewersin!
Içini it ýyrtyp gelýän gyz göýä, öz uýat pikirlerini bäbeklerine gümra otagdaşlarynyň haýsam bolsa biri okaýan ýaly, ýaňaklaryny al öwüsdirip, assyrynlyk bilen daş-töweregine garanjaklady. Onuň bilen hiç kimiň işi ýokdy.
…Ýog-eý, Hudaý saklawersin! Heý bujagazdanam bir ýüz dönderip bolarmy?!...
Gyz emmesini sokjap ýatanja tüýjümek zatjagazy misli biri elinden alyp barýan dek, hasam beter özüne ýakyn süýşürdi.
Näme bolsa-da şundan-a dönmen. Sebäbi meniň üçin ol…ol…ol…
Gyz deňeşdirere zat tapmady. Birdenem kimdir birine nämedir bir zady subut edip, jedelde ýeňmekçi bolýan ýaly, umytsyz hyruç bilen: “Ol meniň bar zadym!” diýip aýgytly oýlanyp goýberdi.
…Taşlasa taşlap geçsin, ýeksurun, biwepa! Ahbetin ony şujagazyň atasyz ýesir ösmegi bilen meniň yhlasym tutar…