Dowamy. Taýýarmy, jigi?-diýen ses gyzy çuň oýlanmalarynyň arasyndan sogrup aldy.
-Hä?! Hawa, hawa, taýýar. Ine, häzir turalyň-diýip ol bäbegi üstüne abanyp diýen ýaly duran şepagat uýasyna uzatdy-da ýerinden turdy. Öz ýatyş sekisiniň ýanynda düýnden taýýar edilip goýlan goş-golamly horaşaja sebedine ýapyşdy.
-Ýör jigi, men seni daşaryk ugradaýyn…-diýip kalbynyň mähri ýüzüne çykyp giden şepagat uýasy sägindi. Soňam üstüni ýetirdi:-Hem-de kireý edýän ulaglaryň birini saklap bereýin…
Gyz sesini çykarman ýuwdundy. Olar tirkeşip dälize çykdylar-da, basgançak bilen aşaky gata düşüp ugradylar. Köpi gören şepagat uýasy aralaryna düşen tagaşyksyz dymyşlygy bozmakdan ötri, dil ýardy:
-Bu gün senden başga-da üç sany enäni çykarýarys-diýdi.
“Olar-a meniň ýaly däldirler. Häzir daşarda edil täze gelin getirýän ýaly edip, bir giden ulag kerweni bilen atbaşy çekdirip garşy alýandyrlar, ärleri” diýip gyz ýene-de gussaly oýlandy. Emma kelam agyz geplemedi.
Olar şondan soň gepleşmän bäbekhananyň çykalgasyna bardylar. Gyz eli bäbekli şepagat uýasyna gapyny açyp berende, ol az-kem sägindi-de:
-Barmaga ýeriň bir barmy?-diýip göýä, bu garamaňlaýyň düşen halyna özi günäkär ýaly pessaý pyşyrdady. Gyzyň bogazy doldy. Ol ilki gepläp bilmän baş atyp oňjak boldy. Emma soň näme üçindir ýuwdundy-da, gysgajyk:
-Hawa. Joramyň öýi-diýip gyryljak pyşyrdady.
Soň olar daş çykdylar. Ala şowhun turzup bu dünýä täze gelenleri garşylaýanlaryň deňesinden tensiz-agramsyz salgymlara dönäýjek bolup geçdiler-de, bäbekhananyň derwezesinden çykdylar. Çykanlary hem şoldy welin, ýerden gögeren dek, olaryň ýeňsesinden gelen bir ýigit emaý bilen gyzyň tirseginden tutdy.
-Gelýäňizmi? Meniň ulagym bu tarapda!-diýende onuň sesi müýnli çykdy.
Gyz allaniçigsi boldy. Bada-bat ol ýigdi tanady. Dessine-de gözleriniň öňüni soňky duşuşyklaryndan bäri aýlara çeken gahar-gazabyň, gam-gussanyň, lapykeçligiň, umytsyzlygyň, ýalňyzlygyň garym-gatym tümlüginden emele gelen perde tutdy. Ol özüniň hiç zat görmeýäne dönen gözlerinden ot sowrara getirip, tirsegini silkip alaga-da, birden-ä özüne, birdenem şepagat uýasynyň elindäki akja düwünçege mylaýym mähirden doly müýnlilik bilen garaýan ýüze iň awulydan zäherli sözleri pürküp, ony edil demir darak bilen daraýana dönderäýesi geldi. Geçen aýlaryň hasraty hem hesreti mergimuş sözlere öwrülip, onuň diliniň ujuna mündi. Şol pille-de edil şu wagt, şu pille öz ykbalyna özi täsir etmese, bu iki sany gögeläniň öz ömrüne hiç haçan düzedip bolmajak zeleli ýetirmekleriniň gaty ähtimaldygyny syzan ýaly, göwrejigine gelişmeýän çirkinje ses bilen bäbejik çar-töweregi ýaňlandyryp goýberdi:
-Iňňä! Iňňä-ä-ä!!!...
Gyzyň gözleriniň öňünden perde syryldy. Hüjüme taýýarlanyp gerlen egni sallandy. Ol ýigdiň elinden tirsegini sypdyrjagam bolman şepagat uýasyna tarap aljyraňňy garanjaklady. Köpi gören zenan bolsa bolýan zatlaryň änigine-şänigine ýetjek bolup durman, elindäki iňňäleýän düwünçegi kakasyna uzatdy. Ýigit, gyzyň tirsegini goýberip, geçen hepdäniň içinde özi üçin tapylgysyz hazyna öwrülen ojagaz düwünçegi garbap aldy-da, misli ony öpmäge dözmeýän dek, taýly gezek ysgady. Soňam:
-Ýör, ýör, ulagym hanha, hol ýerde!-diýip gyzyň öňüne düşüp ugrady. Şepagat uýasy olaryň ýanaşyp baryşlaryna, ýigdiň eglip gyzyň gulagyna nämedir bir zatlary janygyp, janyndan-teninden syzdyryp pyşyrdaýandygyny gördi…