gulia_maksatmyradowna
10.01.2024 18:00
Priming effect - priming täsiri (we pul bilen primelanmak)


Göz, gulak, burun ýaly organlarymyzdan gelýän maglumatlar beýnimizde belli neuronlaryň oýarylmagyna sebäp bolýar. Olara psihologiýada stimulus ýagny oýaryjy diýilýär. Bu oýaryjylar ys, şekil ýa-da söz bolup bilýär. Indi geleliň makalamyzyň asyl temasyna. Priming effekt - praýmiň diýip okalýar - diýip beýnimize birinji gelen oýaryjynyň ondan soňky geljek oýaryja nähili reaksiýa berjekdigimize edýän täsirine aýdylýar. Sözlem uzynrak bolup biler, arkaýýyn boluň mysallar bilen düşündirjek.

Mysal üçin siz ýakyn wagtda haýwanlar bilen baglanşykly zatlar gören bolsaňyz we men sizden EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam onda ýadyňyza EŞEK sözi geler. Ýöne ýaňy-ýakynda geýim-gejim bilen baglanşykly pikirlere sezewar bolan bolsaňyz EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam EŞIK diýip jogap berersiňiz. Bu ýagdaýyň şeýle bolmagyna priming täsiri diýilýär. Başgaça aýtsak, haýwanlar, ýük, saman ýaly sözler EŞEK sözüni , köýnek, balak, jorap ýaly sözler bolsa EŞIK sözüni primelaýar. Siziň indiki etjek pikirleriňizi, we reaksiýa hökmünde hereketleriňizi öňünden primelaýan zat ses, şekil, söz hatda hereket hem bolup biler.

Priming täsirine düşünmek üçin alymlaryň alyp baran tejribe işlerinden ýene birini mysal bereliň. New York uniwersitetinde John Bargh atly bir psihologyň ýöretmeginde bir eksperiment geçirilýär. 18-22 ýaş aralygynda ýaşlary gezekli-gezegine bir otaga çagyrýarlar. Bu ýaşlaryň öňüne içinde “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly sözler bolan sözlemleri goýup yzygiderli ýerleşdirmegi haýyş edýärler. Soňra bolsa gysgarak bir koridordan geçip başga bir otaga gitmegini isleýärler. Koridora bolsa gizlin kamera ýerleşdirýärler. Soňra başga bir topary çagyrýalar ýöne bu gezek “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly garrylygy ýatladýan sözler däl-de başgaça sözler ulanýarlar. Geçirilen barlaglar netijesinde “çal”, “kel”, “ýygyrt” ýaly sözler bilen baglanşykly ýumuş tabşyrylan toparyň koridordan geçip barýarka beýleki topara garanyňda has haýal ýöräp geçenligi ýüze çykýar. Ýumuşda “garry” sözi hiç agzalmadygam bolsa, ony ýatlatjak, primelajak sözler sebäpli, ýaşlar has uly ýaş bilen baglanşykly häsiýetleri ýüze çykarýarlar. Primingiň pikir arkaly herekete täsir etme şeklindäki bu görnüşine ideomotor effekt diýilýär. Bu ýagdaý tersine barlag geçirileninde-de netije berýär. Meselem belli bir topar ýaş juwana bir otagyň içinde adatydan has haýal ýöremegini buýurýarlar. Bu ýumuş netijesinde sözleriň içinden garrylyk bilen baglanşyklylary has çalt tapawutlandyrýandyklary ýüze çykýar. Ýagny garrylyk düşünjesi garrylyk öýkünmesine sebäp bolýar, edil şonuň ýaly hem garrylyk öýkünmesi garrylyk düşünjesini oýarýar.

Geliň indi ýene bir eksperimende göz aýlalyň. Bu gezekki eksperimendimizde-de iki topar bar. Iki topara-da galam berýärler. Bir topara galamy gapdal şeklinde dişlemegini soraýarlar, gapdal şekilde ortasyndan dişlenen wagty ýüzümizde ýasama-da bolsa bir ýylgyryş emele gelýär. Ikinji topardan bolsa galamy haýsydyr bir uç böleginden, ýüzümize göni durjak şekilde dişlemegi soralýar. Bu ýagdaýda bolsa ýasama-da bolsa gaharjaň ýüz keşbi orta çykýar. Indi iki topara-da agzynda galam bar wagty gysgajyk bir gülkili multifilm görkezýärler. Galam arkaly ýasama ýylgyryşa eýe bolan toparyň ýasama gaharly görünýän topardan has köp gülendigi ýüze çykýar. Gaty täsin ýagdaýda, ýüz muskullarymyzyň şekli biziň daşky gurşawdaky wakalary nähili kabul etjekdigimize täsir edýär. Diýmek dowamly ýylgyrmagy ündeýän paýhaslylaryň aýdýanlarynyň ugrunda bar eken :)

Indi bolsa makalamyzyň iň gyzykly bölümine geldik. Hemişeki ýaly iň gyzykly ýerini iň soňuna goýdum. Pul bilen primelanmak adamlara nähili täsir edýär? Has köçe dilinde aýtsak - Pul adamyny nädip taşlaýar? Bärdäki pul göni nagt puluň bolmagy däl-de, pul düşünjesiniň bolmagy. Alymlar ilki bilen toparymyzy pul bilen primelamana başlaýarlar. Mundan öňki eksperimentlerdäki usul ýaly içinde pul bilen baglanşykly sözler bolan ýumuşlar buýrulýar. Barlag işi geçirilýän otagda stoluň üstüne pul bilen baglanşykly oýnawaç-bezegler ýerleşdirilýär. Otagdaky kompýuterde-de pul bilen baglanşykly suratlar goýulýar. Elbetde muny toparyň gözüne beter batmajak şekilde ýerleşdirýärler. Toparymyz pul bilen primelandy we mundan soňky ýumuşlara taýýar. Indiki ädimde kynrak ýumuş berilýär we çözüp bilmedik ýagdaýlarynda gyradaky kömekçilerden kömek sorap biljekdigi aýdylýar. Pul bilen primelanan adamlar primelanmadyklara garanyňda iki esse has köp wagt kömek soraman özleri dyrjaşýarlar. Sebäbi pul olary has garaşsyz bolmaga ymtyldyrýar. Bu eksperimentde pul bilen primelanan adamlaryň has egoist bolýandygy, ýagny pul bilen primelanmadyk adamlara garanyňda, kynçylyk çekýänlere has az kömek edýändikleri ýüze çykýar. Muny barlamak üçin şeýleräk eksperiment geçirýärler. Iki toparyň agzalarynyň öňünde-de tötänleýin ýaly edip bir adama elinden bir topbak galam gaçyrdylýar. Pul bilen primelanan adamlaryň has göwünsiz kömek edýändikleri ýagny olaryň beýlekilere garanyňda has az galam çöpleşýändikleri ýüze çykýar.

Başga bir eksperimentde bolsa iki toparyň agzalaryndan hem başga kiçiräk otaga geçmegini we otaga girjek adam bilen ikiçäk gürrüňdeşlik etmegini soraýarlar. Otagyň içine iki sany biri-birine bakyp duran oturgyç ýerleşdirilýär. Pul bilen primelanan adamlaryň oturgyçlary has daşraga süýşürip oturýandygy ýüze çykýar. Pul bilen primelanmadyk topar beýlekilere garanyňda garşysyndaka has ýakyn oturýarlar.

Umuman alanymyzda pul bilen primelanmak adamlarda indiwidualismi öjükdirýär, olar başgalary bilen gatnaşmaga, başgalara bagly bolmaga ýa-da başgalaryň isleglerini diňlemäge ýapyk bolýarlar.

Durmuşda bizi nämeleriň primelaýandygyna üns bereliň. Belkem özümiziňki hasaplaýan kararlarymyz, hereketlerimiz käbir primelaryň täsiriniň netijesidir.

Priming effect barada has içgin maglumat üçin Danniel Kahnemanyň “Thinking fast and slow” ýagny “Çalt we haýal pikirlenmek” atly kitabynyň 4-nji bölümine ser salyp bilersiňiz.

Ýaran Allamyradow.
33
231
gulia_maksatmyradowna
08.01.2024 01:44
Zenanmy?
Menem öz pikirmi edeýin beýan ,
Zenan öwüdinden çekmedim zyýan.
Käbämiň ündewni gursagma guýup,
Käbämden özüme görelde alýan.
Käbäm saçym sypalanda her gezek,
Ynamly gollarda özümi duýýan.
Beren mährin mäkäm gysyp kalbyma,
Dünýäde özümi bagtly saýýan.
Durmuşyň ýüküni bile çekişip,
Kyn günde Kyblama goldawyn beren,
Aňzak gyşa mährin çoýup, ýaz edip,
Balalarny gelejege ataran,
Käbäm meniň üçin MÄHRIBAN ZENAN,
Meni dogurypdyr, GAHRYMAN ZENAN!


Zenanmy?
Ýykylan çagymda elimden tutyp,
Ýagşy umyt berip ýerden galdyran.
Bilýänje zadyny gysganman menden,
Zehininden deňje bile bölüşen.
Ýola çyksam , mydam arkamy alyp,
Agraslygy, sadalygy öwreden.
\"Geljege hemişe ynamly gara,
Hem ynamly basgyn her bir gadamyň\"
-Diýip, ýüregimde ajap ýer eden,
Ol meniň mähriban UÝAMDYR, UÝAM!
Dünýämde ikinji GAHRYMAN ZENAN !
60
813
gulia_maksatmyradowna
06.01.2024 12:43
Maşgalaň diregi , daýanjy sensiň,
Her gün gyzyň saňa daýanýar, kaka!
Arkamyň dag ýaly, söýenji sensiň,
Mydam gyzyň saňa söýenýär, kaka!

Käteler, şeýle bir oýa batýaryn,
Diýip,\"sen deý merdiň gerçegi bolsam\".
Bolmasamda sen deý merdiň gerçegi,
Meňzemek isleýän men saňa, kaka!

Kyn günde ejizläp epmediň dyzyň,
Kyn günde, kyn halda goýmadyň kaka!
Başyňy tuğ deýin belentde tutgyn,
Söz berýän başyňy egdirmen, kaka!

Umytsyz kalbymda umyt tohumun,
Sepeläp kalbymy gülletdiň, kaka!
Ynam berdiň hem ynandyň gyzyňa,
Kalbymdan mynasyp ýer etdiň, kaka!
44
373
gulia_maksatmyradowna
03.01.2024 00:45
Ýöreseň ýoluňda güller açylar,
Garasaň gözüňden şugla saçylar,
Söýgüdir ýüregiň goşa ganaty,
Uzyn ýollar söýgi bilen geçiler.

Gursakda göterip seniň yşgyňy
Nirä baksam görýän gözel keşbiňi
Bizi şol mähriban kenarda goýup
Aý-ýyllar suw ýaly akyp geçdimi

Bakyşlaryň çeşmedimi?
Göwün oňa teşnedimi?
Arzuwlar gowyşmadymy?
Kalbymda sen kalbymda.

Ýar ýylgyrsa älem-jahan ýaz bolar,
Pyşyrdap aýdanyň şirin saz bolor,
Söýgüsine gowşup taýyny tapan,
Bu dünýäde mydam bagtyýar bolar.

G. Berdimuhamedow
40
359
gulia_maksatmyradowna
02.01.2024 20:59
"Gel, uçaly ganatymyz guratka,
Ýan bermäli ýazlaň ynjyk ýeline,
Äkit meni, äkit meni" diýýärin
Seň gursagyň aram tapjak ýerine.

Sada seniň hyýallaryň Arzuwyň,
Iň sap söýgi gursagyňa guýulan.
Diýmän bilmen bu zatlary men saňa,
Aram tapman ahyr soňy diýibem.

"Daglaň başy asman bilen gürleşer,
Zemin bardyr deňizleriň serinde,
Çarlaklara mekan bolmaz gaýadan,
Bürgüt oňmaz seniň oňjak ýeriňde"

Aşyr Hanow
36
357
gulia_maksatmyradowna
01.01.2024 23:57
Asman tüme dönse , ýyldyzlar öçüp,
Bağlara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!
44
143
gulia_maksatmyradowna
31.12.2023 11:44
Yetip gelyan taze 2024- nji yyl bilen sizi we agzybir masgalalarynyzy gyzgyn gutlayaryn.
2024- nji yyl her masgala:
4 pasyl - jan saglyk;
12 ay- agzybirlik;
52 hepde - gulki satlyk ;
365 gun - ustunlik;
8760 sagat - abray;
525 mun 600 minut - rysgal dowlet .
31 million 526 sekund - soygi getirsin!!
43
538
gulia_maksatmyradowna
29.12.2023 16:44
Şygra salyp seniň waspyňy sözläp,
Bägül dek keşbiňi bahardan gözläp,
Hat-da garaşýanym özümden gizläp,
Men saňa garaşdym, saňa garaşdym.

Sebäpkärim aglamaga gülmäge,
Sen öwretdiň diken näme gül näme,
Süýji arzuwlary gaplap dünýäme
Men saňa garaşdym, saňa garaşdym.

Gün nurly gündizim, Aýly gijämem
Saňa bagly ykbal atly bijämem,
Meğer şoldur ylham atym tijänem,
Men saňa garaşdym, saňa garaşdym.

Aýlawyna düşdük agras pelegiň,
Bu günler çalşyp dur düýnüň deregin,
Beýik Biribardan diläp geleriň,
Men saňa garaşdym, saňa garaşdym

Ilmyrat Babaýew
40
229
gulia_maksatmyradowna
27.12.2023 13:40
\"Bagt\" we \"Synag\"

Dünýä gurlanynda şeýle gurlupmy?
Ýa, ol soňlaryndan şeýle bolupmy?
Edil oňa aklym ýetip duranok,
Bagt we synag dünýä bile inipmi?

Hemişe \"Bagt \" üçin synag guralýar,
Şol synagdan geçseň bagtly bolunýar.
Her bir şeriň haýry boluşy ýaly ,
Bu şeriň soňunda ynsan tanalýar.

Bir wagt ýaşapdyr bir goşa juwan,
Ýöne bir juwan däl, ol goşa çynar.
Bular üçin ykbal synaglar guran,
Şol synaglar bilen bir-birini tanar.

Synaglary bile geçýär ýaş juwan,
Dünýäniň \"Bagt\" atly sowgatyn alýar.
\"Bagt \" atly ajaýyp sowgady bilen,
Özleriniň owadan dünýäsin gurýar.

Täze gurlan bu ajaýyp dünýäniň,
Içi çaga gülkilerinden dolýar.
Ykbalyň synagy gutardy diýip,
Ajaýyp dünýäde \"Bagt\" höküm sürýär.

Ýöne welin ykbal ýowuz synagyn,
Iň bagtly pursatda öňlerne zyňýar.
Bagtly ýaşap ýören goşa çynaryň
Ykbal paltasyny düýbüne urýar.

Urlan palta şeýdip täze dünýäniň
Dört diregniň iki diregni döwýär.
Bagt üçin guralan bu ýowuz synag,
Merdem ýigdiň iki aýagny alýar.

Ine synag, hem-de nähili synag?!
Ykbalyň oýnuna düşünip bolonok.
Ýöne welin anyk bir zady bilýän,
Ýaş juwanyň bir-birni söýýänligi hak.

Bolmasa-da ýigdiň goşa direği,
Söwer ýaryň mähri bilen dikeldi.
Ýowuz synag aýaklarny alsa-da
Merdem ýigit öz bagtyny bermedi.

Ine, şeýdip bagtly ýaş juwanymyz,
Ajap dünýäsini täzeden gurdy.
Balalarynyň gülki sesleri bilen,
Günler has owadan, ajaýyp dogdy.

Ine söýgi, ine hakyky söýgi,
Ýowuz synaglardan has üstün çykdy.
Ýöne meň entegem aklym çatanok🤦‍♀️
\"Bagt\" we \"synag\" dünýä bile inipmi?

(Durmuşy wakadan alnan )

Awtory:
@Gulia_Maksatmyradowna😔


.
45
384
gulia_maksatmyradowna
24.12.2023 10:30
Nirelerde gaýyp bolduň,
Hany sen çagalyk döwrüm?!
Neçüýn ara menzil saldyň,
Hany sen çagalyk döwrüm?!

Oýunlar göwnüm açardy,
Köňlüm guş bolup uçardy,
Her gün düýş ýaly geçerdi,
Nirede çagalyk döwrüm?!

Gaýgy aladalar bolmaz,
Gülkidir, şatlyk soňlanmaz,
Ol günlerim indi gelmez,
Gitdiňmi, çagalyk döwrüm?!

Göýä düýş hyýalydy,
Ömrüň iň gowy çagydy,
Hiç gutarmajak ýalydy ,
Arzyly çagalyk döwrüm.

Seniň ýoluňa garasam,
Batly ses bilen gygyrsam,
Ýene gel diýip çagyrsam,
Gelermiň çagalyk döwrüm?!

Awtory: Dawut Asgarow.
50
503