Zenanmy?
Menem öz pikirmi edeýin beýan ,
Zenan öwüdinden çekmedim zyýan.
Käbämiň ündewni gursagma guýup,
Käbämden özüme görelde alýan.
Käbäm saçym sypalanda her gezek,
Ynamly gollarda özümi duýýan.
Beren mährin mäkäm gysyp kalbyma,
Dünýäde özümi bagtly saýýan.
Durmuşyň ýüküni bile çekişip,
Kyn günde Kyblama goldawyn beren,
Aňzak gyşa mährin çoýup, ýaz edip,
Balalarny gelejege ataran,
Käbäm meniň üçin MÄHRIBAN ZENAN,
Meni dogurypdyr, GAHRYMAN ZENAN!
Zenanmy?
Ýykylan çagymda elimden tutyp,
Ýagşy umyt berip ýerden galdyran.
Bilýänje zadyny gysganman menden,
Zehininden deňje bile bölüşen.
Ýola çyksam , mydam arkamy alyp,
Agraslygy, sadalygy öwreden.
\"Geljege hemişe ynamly gara,
Hem ynamly basgyn her bir gadamyň\"
-Diýip, ýüregimde ajap ýer eden,
Ol meniň mähriban UÝAMDYR, UÝAM!
Dünýämde ikinji GAHRYMAN ZENAN !