\"Bagt\" we \"Synag\"
Dünýä gurlanynda şeýle gurlupmy?
Ýa, ol soňlaryndan şeýle bolupmy?
Edil oňa aklym ýetip duranok,
Bagt we synag dünýä bile inipmi?
Hemişe \"Bagt \" üçin synag guralýar,
Şol synagdan geçseň bagtly bolunýar.
Her bir şeriň haýry boluşy ýaly ,
Bu şeriň soňunda ynsan tanalýar.
Bir wagt ýaşapdyr bir goşa juwan,
Ýöne bir juwan däl, ol goşa çynar.
Bular üçin ykbal synaglar guran,
Şol synaglar bilen bir-birini tanar.
Synaglary bile geçýär ýaş juwan,
Dünýäniň \"Bagt\" atly sowgatyn alýar.
\"Bagt \" atly ajaýyp sowgady bilen,
Özleriniň owadan dünýäsin gurýar.
Täze gurlan bu ajaýyp dünýäniň,
Içi çaga gülkilerinden dolýar.
Ykbalyň synagy gutardy diýip,
Ajaýyp dünýäde \"Bagt\" höküm sürýär.
Ýöne welin ykbal ýowuz synagyn,
Iň bagtly pursatda öňlerne zyňýar.
Bagtly ýaşap ýören goşa çynaryň
Ykbal paltasyny düýbüne urýar.
Urlan palta şeýdip täze dünýäniň
Dört diregniň iki diregni döwýär.
Bagt üçin guralan bu ýowuz synag,
Merdem ýigdiň iki aýagny alýar.
Ine synag, hem-de nähili synag?!
Ykbalyň oýnuna düşünip bolonok.
Ýöne welin anyk bir zady bilýän,
Ýaş juwanyň bir-birni söýýänligi hak.
Bolmasa-da ýigdiň goşa direği,
Söwer ýaryň mähri bilen dikeldi.
Ýowuz synag aýaklarny alsa-da
Merdem ýigit öz bagtyny bermedi.
Ine, şeýdip bagtly ýaş juwanymyz,
Ajap dünýäsini täzeden gurdy.
Balalarynyň gülki sesleri bilen,
Günler has owadan, ajaýyp dogdy.
Ine söýgi, ine hakyky söýgi,
Ýowuz synaglardan has üstün çykdy.
Ýöne meň entegem aklym çatanok🤦♀️
\"Bagt\" we \"synag\" dünýä bile inipmi?
(Durmuşy wakadan alnan )
Awtory:
@Gulia_Maksatmyradowna😔
.