Nirelerde gaýyp bolduň,
Hany sen çagalyk döwrüm?!
Neçüýn ara menzil saldyň,
Hany sen çagalyk döwrüm?!
Oýunlar göwnüm açardy,
Köňlüm guş bolup uçardy,
Her gün düýş ýaly geçerdi,
Nirede çagalyk döwrüm?!
Gaýgy aladalar bolmaz,
Gülkidir, şatlyk soňlanmaz,
Ol günlerim indi gelmez,
Gitdiňmi, çagalyk döwrüm?!
Göýä düýş hyýalydy,
Ömrüň iň gowy çagydy,
Hiç gutarmajak ýalydy ,
Arzyly çagalyk döwrüm.
Seniň ýoluňa garasam,
Batly ses bilen gygyrsam,
Ýene gel diýip çagyrsam,
Gelermiň çagalyk döwrüm?!
Awtory: Dawut Asgarow.