gulia_maksatmyradowna
20.04.2024 22:36

Käteler özümi olardan şeýlebir uzak duýýan,

Hamala başga bir planetadan ýaly men.



#Jean Paul Sartre

26
242
gulia_maksatmyradowna
18.04.2024 17:45
Ýüregmiň ümmilmez giňişlikde bir özüniň gezelenç etmegi käte birhili duýulsada, kätelerem tersine maňa rahatlyk berýär. Durmuş atly kitabmyň maňa peşgeş beren ýekeje sahypasynyňda ýyrtylyp ýitip gitmegini asla, hiç haçan islemenmikäm diýýän. Sebäbi her sahypamy agtaramda şatlykly bolsun ýa-da gynançly, kynçylykly bolsun tapawudy ýok men özümiň şu günüme , ertirime bolan ynanjymy şol sahypadaky altyna gaplaýmaly pursatlardan görelde alýan. Uzak illerdäki baýyrlyklarda, gülälekleň arasynda , günüň nurly doguşynyň , jerendir keýikleň bökjekleýşiniň, akar suwly bulaklaryň gözbaşynyň täsin jümşüldili teşne ýüregi gandyryjy owazynyň , mele topragyň , ýaşyl otlaryň ysynyň , gök asmanyň asudalygynyň garşysynda ýüregim ýekelegini heýde duýarmy?! Belki-de duýýandyr.
Gözi ýaşly ulalan ýüregim näme üçin hemişe şol gözellikleň arasynda diňeje sähel wagt ýitirim bolup , ýene-de Ýuwaş ummanyň ortasyndaky gaý-tupan turup duran aslyndaha hiç hili ýuwaş bolmadyk ýagdaýdaky iki ýana çaýkanýan kiçijik bir gaýygyň içinde , ýyldyrym çakýan gümmürdili bir asmanyň astynda ýenede özüni tapaýýarka?!. Belki-de ol asyl şol ýerdedir .
Ýöne käwagtlar umman çaýkanmasyny goýanda , uka gidip düýş göräýýärmikä?... Ýa-da... Ähli zat tersine...
Hopukdyryjy ýagdaýyňda seň eliňi mäkäm gysyp atmosfera giňişligini saňa sowgat edip biljek ynsan juda az bolsa gerek?!. Belki-de köpdir...
Seň şatlykly pursadyňy saňa sowgat etmeg-ä diýmäýin, şol pursatda seň bilen deň şatlanyp, ýüregiň böküp durka eliňden tutyp, kosmosa çenli guş bolup uçup başarjak ynsan belki-de bardyr. Belki-de ýokduram...
Ah şu "belkiler belkiler " diýsene, siz meni gaýga batyrýaňyz. Heýde ýüregi "belkilere" bogup bormy?! Meň kiçijik ýüregim , aslynda-ha gözýetimdenem giň, umman boşlugyny doldurup biljek derejede söýgi bilen gaplanan, asman giňişligindäki erkana guşlaryň ganat ýaýyşy ýaly türkana duýgulam bilen gurşalan ýüregim Bagyşla meni , käteler seni tupanly ummanlarda kiçijik gaýyga mündürenim üçin ötünç soraýan !
28
237
gulia_maksatmyradowna
15.04.2024 01:18
Ýürek döş kapasasynyň orta çyzygynyň birazajyk çep tarapynda ýerleşip, ol organlaryň arasynda adam ömrüniň aýrylmaz bölegidir.


Ýürek bu bedeni gan bilen üpjün edýän syna bolup , nasos hökmünde hyzmat edýär. Onuň agramy 250- 300 gram. Ýüregiň urşy her gezek klapanlar ýapylanda ýüze çykýar. Ýürek öz elektro impulsyna eýedir şol sebäpli hem ol bedenden aýratynlykdada birnäçe wagt urup bilýär.


Ýürek 2 sany öňdäki bölekden we 2 sany garynjykdan durýar.



Ýüregiň 4 Epenegi(klapan) bardyr. Her epenek gapa meňzeş bolup, ganyň akmasyny diňe bir taraba goýberýär.



Epenek (klapan) 2-3 berk dokumalardan ybarat bolup olara gapajyklar diýilýär. Gapajyklar gan epeneklerini geçirmek üçin açylyp, yzyna geçmezlik üçin ýapylýarlar. Olaryň açylyp ýapylmagy ýüregiň böleklerindäki basyş bilen sazlanýar.


Trikuspidal epenegi ýüregiň sag böleginde sag ýürek öňi bilen sag garynjygyň arasynda ýerleşýär.
Öýken epenegi sag garynjygy öýken arteriýasyndan aýyrýar .
Mitral epenegi ýüregiň çep böleginde çep ýürek öňi bilen çep garynjygyň arasynda ýerleşýär.
Aorta epenegi çep garynjygy we aortany biri birinden aýyrýar.



Ýürek 1 minudyň dowamynda 60-80 urgy edip bilýär .Ýagny iň pes derejede 60, iň uly stresli ýagdaýda 80 urgy edip bilýär.
26
205
gulia_maksatmyradowna
14.04.2024 13:34
En büyük başarı, hiçbir zaman düşmemek değil, her düşüşünüzde tekrar ayağa kalkabilmektir...

terjimesi:
Iň uly üstünlik hiç haçan ýykylmazlyk dal, her ýykylanyňda täzeden aýaga galyp bilmekdir...


#Konfussiy
76
960
gulia_maksatmyradowna
13.04.2024 14:12
Özümde ýok zatlara gynanman, bar bolan zatlarma begenýänim üçin bagtly men.

#L.N.Tolstoý
52
379
gulia_maksatmyradowna
11.04.2024 06:16
- "Aşk denen şey bazen yürür, bazen uçar, bazen koşar biriyle birlikte, bir başkasıyla
ölümcül yürüyüşe çıkar ,üçüncüyü
buzdan heykele çevirir, dördüncüyü
atar alevlerin içine. Birini yaralar, öldürür ötekini. Aynı anda çakıp sönen bir şim
şeğe benzer. Geceleri saklar şafakta
zapt edilecek olan kaleyi. Çünkü dayanacak güç yoktur karşısında. "

-"Ne garip bir metin" . "Kim yazmış bunu?" Dedi.
-"Cervantes" dedim


Livaneli Kardeşimin hikayesi kitapdan.
30
65
gulia_maksatmyradowna
09.04.2024 12:06

Kiçijik zatlarda ullakan bagtyň bardygny hemme adam görmegi başarýan bolsady....



(Yzyny dowam ediň:-p)
39
305
gulia_maksatmyradowna
09.04.2024 00:58
Çagalyga syýahat....

Biz çagakak gör nähili bagtly ekenik . Ellermiziň kiçijik aýasyna gysymlap gum alyp heniz öz jaýymyz ýokka palçykdan jaý gurardyk . Arzuwlar ederdik, birimiz mugallym bolsak diýip arzuw etsek, birimizem meşhur aktrisa bolmak islärdik. A näme oglanjygyň arzuwam boksýor bolmakdy hemem TARZANYŇ fanatydy. Ýadyňa düşýärmi?! Kerpiçleri kiçijik ellermiz bilen setir setir düzüp, oturyp mugallym-mugallym oýnardyk . Sen hemişeki arzuw edişiň ýaly biziň mugallymymyz bolardyň. Sapak gutarandan soňra naharlanardykda saçagy ýygnap, ýene oýunlar oýnardyk . Wagtyň nähili geçip gidýäni hiç hili piňimizede bolmazdy. Käteler ýüp bökdi oýnasak kätede top oýnardyk . Käte klassik oýnasak kätede gizlenpeçek oýnardyk. Käte kowalaşdym oýnasak kätelerem agaçdan gurjak ýasap oýnardyk:)
Wiii gurjaklarymyzyň atlary ýadyňa düşýärmi?! Hemişe ikimiziň gurjagymyz meňzeş bolardy bizem olara hemişe ekizleň adyny dakardyk, ýagny, seňki Äşe meňki Patma . Sen hemişe gurjagymyza köýnekler dikerdiň. Hatda ýatyranmyzda geýdirmägede köýnek dikerdiň;) kätelerem şeýlebir ýürekgysgynç bolardy( bir täzeligä etmeli diýip pikirlenerdik . Hemişeki ýaly pikirler seň kelläňde yşyklaryny saçardy. We hiňňildik ýasanardyk . Wi ýogsada tas unudypdym. Nämäni diýýäňmi? Ýadyňa düşýärmi ÝEKEMEN(kiçijik itimiz) bilen kowalaşdym oýnaýanmyz ?! Ýekemen ýitende köçeme köçe gözlänmizem ýadymdan çykanok(
HANYM GYZJAGAZ( bulam güjügmiz ) bilenem oýunlar oýnardyk hatda toýunam edipdik saz çalyp :))) wii SITKA(pişigmiz) seni halaýardy . Oturgyçda otyrdygyň wagt ýitirmän gujagňa böküp gujagyňda ýatýardy. MAGMIR(pişigmiz) bolsa gapyny açdygmyz ylgap gelýärdi ( gara bokurdagydy bolmasa garasöýmezdi ol) Meň Winnipuh aýyjygym ýadyňdymy? Hawa gyzyl papaklyja hemem çişijek. Şony ýuwupdyk ýüpden asamyzda ýere gaçanlygy üçin gaýta gaýta ýuwupdyk we ahyr soňy ýere gaçmazlygy üçin men günüň aşagynda saklap durupdym guraýança( "gün urmadymy?" diýýäňizmi ? Ýokla urmandyr günem biziň garagollugymyzdan bizar bolan bolaýmasa işe ýaramaz barybir diýip günem urmandyrda;))...
Arzuwlarymyz soňra üýtgedi . Aslynda üýtgemezdem şol gün şol hadysa bolmadyk bolsady( Belkide bähbidedir . Ulaldygymyzça aklymyz goýalyşdymy ýaaa kynçylyklar çaga ýüregmizde gorky goýup kynçylyk bolmakdan çykdymy bilemok, biz iň gowsy aklymyz goýalyşdy diýeli . Ýöne arzuwlarmyz henizem diri, janly. Esasy arzuwlarymyzy janly saklamakda ýardam berýän ynsan bar ýagny ynsanlar bar iki sany .Kakamyz hem ejemiz.
Olar biziň arzuwlarymyza bolan ynamymyzy ruhlandyryp , yhlasly zähmet çekmäge gönükdirip, MAKSATLARMYZA gidýän ýodamyzda bize umyt berip görelde bolup durlar. Biz şolaň saýasynda henizem bagtly:)

ARZUW+YNAM+YHLAS=MAKSAT.
34
322
gulia_maksatmyradowna
08.04.2024 21:09
"Barlyk" diýen söz ähli dillerde hem " bar bolmak" işliginden emele getirilýär. Filosofiýanyň taryhynda bu düşünje materiýa düşünjesinden tapawutlylykda has umumy obstrakt häsiýetli düşündirişlerden takyk mazmunly düşündirişlere tarap bolan ösüş ýoluny geçipdir.

Eýnşteýniň "Barlyk " taglymaty.

Günlerde bir gün mugallym sapakda:
-Size bir zady subut etmek isleýärin.
Biz öz görmeýän, duýmaýan zatlarymyzy bir BARLYK diýip çokunyp bilmeris. Eger-de adamlaryň çokunyp ýören taňrysy bar hem bolsa ol adamzat üçin näme sebäpli erbetligi, garaňkylygy-da ýaratdy?! Eger-de ol hemme zadyň ýaradyjysy hasaplanýan bolsa?! Bul hem taňry erbet barlyk diýmek bolýar.
-Bagyşlaň mugallym! Meniň bir soragym bar. Hakykatda sowuk diýilýän zat barmy?
- Bu nähili sorag bolýar, elbetde bar . Sen hiç üşäp görmediňmi?!
-Bagyşlaň welin aslynda sowuk diýip zat ýokdur! Fizikanyň kanunlaryna görä, hakykatda bize sowugyň nämeligini düşündirýän zat, ýylylygyň ýoklugydyr.
Ýene-de bir sorag professor, onda garaňkylyk barmydyr?
-Elbetde bardyr.
-Ýalňyşýaňyz jenap professor! Garaňkylyk hem aslynda bar bolmaýan zatdyr. Garaňkylyk aslynda yşygyň ýoklugydyr. YŞYK üstünde işlenilip öwrenilýän zatdyr, emma garaňkylyk beýle däl . Edil şonuň ýaly-da erbetlik, ýamanlyk diýip zat ýokdur. Taňry erbetligi ýaratmady. Erbetlik diňeje bir adamyň kalbyndadyr, Hudaýa bolan söýgüsi bolmazdan edýän zatlaryndan ybaratdyr.
33
212
gulia_maksatmyradowna
07.04.2024 14:16
Bu gün @Arzuw Öwezowaň doglan güni ekeni 🥳
Arzuw Uzak ýaşa! Görjegiň diňe gowluk bolsun, bu günüň düýnden, ertiriň bu günden örän owadan bolsun ! Durmuşda diňe ýylgyryp ýaşa :)) Saňa egsilmejek bagt, tükenmejek nagt😁, asla pese düşmejek abraý arzuw etýän!
Uzak ýaşa 🥳 esasy MANYLY ÝAŞA😊

39
444