Ýüregmiň ümmilmez giňişlikde bir özüniň gezelenç etmegi käte birhili duýulsada, kätelerem tersine maňa rahatlyk berýär. Durmuş atly kitabmyň maňa peşgeş beren ýekeje sahypasynyňda ýyrtylyp ýitip gitmegini asla, hiç haçan islemenmikäm diýýän. Sebäbi her sahypamy agtaramda şatlykly bolsun ýa-da gynançly, kynçylykly bolsun tapawudy ýok men özümiň şu günüme , ertirime bolan ynanjymy şol sahypadaky altyna gaplaýmaly pursatlardan görelde alýan. Uzak illerdäki baýyrlyklarda, gülälekleň arasynda , günüň nurly doguşynyň , jerendir keýikleň bökjekleýşiniň, akar suwly bulaklaryň gözbaşynyň täsin jümşüldili teşne ýüregi gandyryjy owazynyň , mele topragyň , ýaşyl otlaryň ysynyň , gök asmanyň asudalygynyň garşysynda ýüregim ýekelegini heýde duýarmy?! Belki-de duýýandyr.
Gözi ýaşly ulalan ýüregim näme üçin hemişe şol gözellikleň arasynda diňeje sähel wagt ýitirim bolup , ýene-de Ýuwaş ummanyň ortasyndaky gaý-tupan turup duran aslyndaha hiç hili ýuwaş bolmadyk ýagdaýdaky iki ýana çaýkanýan kiçijik bir gaýygyň içinde , ýyldyrym çakýan gümmürdili bir asmanyň astynda ýenede özüni tapaýýarka?!. Belki-de ol asyl şol ýerdedir .
Ýöne käwagtlar umman çaýkanmasyny goýanda , uka gidip düýş göräýýärmikä?... Ýa-da... Ähli zat tersine...
Hopukdyryjy ýagdaýyňda seň eliňi mäkäm gysyp atmosfera giňişligini saňa sowgat edip biljek ynsan juda az bolsa gerek?!. Belki-de köpdir...
Seň şatlykly pursadyňy saňa sowgat etmeg-ä diýmäýin, şol pursatda seň bilen deň şatlanyp, ýüregiň böküp durka eliňden tutyp, kosmosa çenli guş bolup uçup başarjak ynsan belki-de bardyr. Belki-de ýokduram...
Ah şu "belkiler belkiler " diýsene, siz meni gaýga batyrýaňyz. Heýde ýüregi "belkilere" bogup bormy?! Meň kiçijik ýüregim , aslynda-ha gözýetimdenem giň, umman boşlugyny doldurup biljek derejede söýgi bilen gaplanan, asman giňişligindäki erkana guşlaryň ganat ýaýyşy ýaly türkana duýgulam bilen gurşalan ýüregim Bagyşla meni , käteler seni tupanly ummanlarda kiçijik gaýyga mündürenim üçin ötünç soraýan !