Çagalyga syýahat....
Biz çagakak gör nähili bagtly ekenik . Ellermiziň kiçijik aýasyna gysymlap gum alyp heniz öz jaýymyz ýokka palçykdan jaý gurardyk . Arzuwlar ederdik, birimiz mugallym bolsak diýip arzuw etsek, birimizem meşhur aktrisa bolmak islärdik. A näme oglanjygyň arzuwam boksýor bolmakdy hemem TARZANYŇ fanatydy. Ýadyňa düşýärmi?! Kerpiçleri kiçijik ellermiz bilen setir setir düzüp, oturyp mugallym-mugallym oýnardyk . Sen hemişeki arzuw edişiň ýaly biziň mugallymymyz bolardyň. Sapak gutarandan soňra naharlanardykda saçagy ýygnap, ýene oýunlar oýnardyk . Wagtyň nähili geçip gidýäni hiç hili piňimizede bolmazdy. Käteler ýüp bökdi oýnasak kätede top oýnardyk . Käte klassik oýnasak kätede gizlenpeçek oýnardyk. Käte kowalaşdym oýnasak kätelerem agaçdan gurjak ýasap oýnardyk:)
Wiii gurjaklarymyzyň atlary ýadyňa düşýärmi?! Hemişe ikimiziň gurjagymyz meňzeş bolardy bizem olara hemişe ekizleň adyny dakardyk, ýagny, seňki Äşe meňki Patma . Sen hemişe gurjagymyza köýnekler dikerdiň. Hatda ýatyranmyzda geýdirmägede köýnek dikerdiň;) kätelerem şeýlebir ýürekgysgynç bolardy( bir täzeligä etmeli diýip pikirlenerdik . Hemişeki ýaly pikirler seň kelläňde yşyklaryny saçardy. We hiňňildik ýasanardyk . Wi ýogsada tas unudypdym. Nämäni diýýäňmi? Ýadyňa düşýärmi ÝEKEMEN(kiçijik itimiz) bilen kowalaşdym oýnaýanmyz ?! Ýekemen ýitende köçeme köçe gözlänmizem ýadymdan çykanok(
HANYM GYZJAGAZ( bulam güjügmiz ) bilenem oýunlar oýnardyk hatda toýunam edipdik saz çalyp :))) wii SITKA(pişigmiz) seni halaýardy . Oturgyçda otyrdygyň wagt ýitirmän gujagňa böküp gujagyňda ýatýardy. MAGMIR(pişigmiz) bolsa gapyny açdygmyz ylgap gelýärdi ( gara bokurdagydy bolmasa garasöýmezdi ol) Meň Winnipuh aýyjygym ýadyňdymy? Hawa gyzyl papaklyja hemem çişijek. Şony ýuwupdyk ýüpden asamyzda ýere gaçanlygy üçin gaýta gaýta ýuwupdyk we ahyr soňy ýere gaçmazlygy üçin men günüň aşagynda saklap durupdym guraýança( "gün urmadymy?" diýýäňizmi ? Ýokla urmandyr günem biziň garagollugymyzdan bizar bolan bolaýmasa işe ýaramaz barybir diýip günem urmandyrda;))...
Arzuwlarymyz soňra üýtgedi . Aslynda üýtgemezdem şol gün şol hadysa bolmadyk bolsady( Belkide bähbidedir . Ulaldygymyzça aklymyz goýalyşdymy ýaaa kynçylyklar çaga ýüregmizde gorky goýup kynçylyk bolmakdan çykdymy bilemok, biz iň gowsy aklymyz goýalyşdy diýeli . Ýöne arzuwlarmyz henizem diri, janly. Esasy arzuwlarymyzy janly saklamakda ýardam berýän ynsan bar ýagny ynsanlar bar iki sany .Kakamyz hem ejemiz.
Olar biziň arzuwlarymyza bolan ynamymyzy ruhlandyryp , yhlasly zähmet çekmäge gönükdirip, MAKSATLARMYZA gidýän ýodamyzda bize umyt berip görelde bolup durlar. Biz şolaň saýasynda henizem bagtly:)
ARZUW+YNAM+YHLAS=MAKSAT.