Ýürek döş kapasasynyň orta çyzygynyň birazajyk çep tarapynda ýerleşip, ol organlaryň arasynda adam ömrüniň aýrylmaz bölegidir.
![]()
Ýürek bu bedeni gan bilen üpjün edýän syna bolup , nasos hökmünde hyzmat edýär. Onuň agramy 250- 300 gram. Ýüregiň urşy her gezek klapanlar ýapylanda ýüze çykýar. Ýürek öz elektro impulsyna eýedir şol sebäpli hem ol bedenden aýratynlykdada birnäçe wagt urup bilýär.
![]()
Ýürek 2 sany öňdäki bölekden we 2 sany garynjykdan durýar.
![]()
Ýüregiň 4 Epenegi(klapan) bardyr. Her epenek gapa meňzeş bolup, ganyň akmasyny diňe bir taraba goýberýär.
![]()
Epenek (klapan) 2-3 berk dokumalardan ybarat bolup olara gapajyklar diýilýär. Gapajyklar gan epeneklerini geçirmek üçin açylyp, yzyna geçmezlik üçin ýapylýarlar. Olaryň açylyp ýapylmagy ýüregiň böleklerindäki basyş bilen sazlanýar.
![]()
Trikuspidal epenegi ýüregiň sag böleginde sag ýürek öňi bilen sag garynjygyň arasynda ýerleşýär.
Öýken epenegi sag garynjygy öýken arteriýasyndan aýyrýar .
Mitral epenegi ýüregiň çep böleginde çep ýürek öňi bilen çep garynjygyň arasynda ýerleşýär.
Aorta epenegi çep garynjygy we aortany biri birinden aýyrýar.
![]()
Ýürek 1 minudyň dowamynda 60-80 urgy edip bilýär .Ýagny iň pes derejede 60, iň uly stresli ýagdaýda 80 urgy edip bilýär.