gulia_maksatmyradowna
12.08.2024 15:36
Söýgüden mähirden bagtdan püre-pür
Dünýä sen kakamyň aýdyşy ýaly
Mukam Muhamow

Eje !
Ýylgyr sen, ýylgyrşyň güneş mysaly,
Kalbyň täsin dünýäň gurluşy ýaly.
Sensiz tümlik, sen bar wagtyň öýmüze,
Gijelige aýyň doluşy ýaly.

Zeminiň bagryndan önýär gül-gunça,
Mähriňden gandyryp ulaltdyň şunça,
Toprak güle mähir berenok sençe,
Sensiz durmuş, gülüň soluşy ýaly.

Ullakan bir bagtdyr seniň barlygyň,
Uzyn ömrüň, bolsun agtyk çowlugyň...
Diläp hemmämize dünýäň gowlugyn,
Umytly yşygyň saçyşy ýaly.

Täzeden bu dünýä inmeli bolsam,
Şonda hiç dogulmak islemen, eje!
Bir birege ýene gowşarsmy eýsem?
Hudaýyň bu gezek ýalkaşy ýaly.

Ejem ýylgyr!
Men ýylgyrşyň haýrany.
Gülden çemen bogjak, gezip sährany
Çyndanam...
Söýgüden, bagtdan püre-pür,
Dünýä sen kakamyň aýdyşy ýaly.

O. Atagarryýewa
20
122
gulia_maksatmyradowna
11.08.2024 18:43
Alyslarda bir şöhle bar...
Yylysy kalbyma ýetýär.
Bir el sypaýar başymy,
Göni ýüregme seredýär
Yyldyz deý parlaýan göreç
Diýýär maňa: «Bar zat öňde,
Ruhdan düşme!
Göreş!
Göreş!

Alyslarda bir sudur bar..
Özem maňa meňzeş örän.
Ondan gulagma ses gelýär
Meger, bir meň üçin dörän
Owazmy...
Mukammy ýa-da.
Ondan aýňalmankam häli
Yagtylyp gidýär bir ýoda -
Çagyrýar şol taýa bir gol:
«Yol oglusyň,
Sen ýolda bol!"

Garalyp semanyň meňzi,
Göhi gelende bulutlaň,
Men bilýän, şol şöhle, şol ses,
şol sudur meni unutmaz.
Duýulsa perişan halym,
Aýaga galarlar zowwa.
Hem ýellerden geler seda:
«Huwwa, balam!
Huwwa!
Huwwal»

Alyslarda bir ene bar...

Mukam Muhamow
13
39
gulia_maksatmyradowna
10.08.2024 21:14
Sen barkaň, ýürekde orun ýok gama,
Ýatladygym saýy ýeňleýän, eje.
Goý, aýtsynlar meňzeş diýip kakama,
Men barybir saňa meňzeýän, eje.

Iň belent derejäm, şanym - sadalyk,
Kalbym heniz açylmadyk adalyk,
Kä parahat,
Kä möwç urýan bat alyp,
Ykbalym çalymdaş deňze kän, eje.

Arşa golun açanym sen her saba,
Bardyr enelileň daşynda gala,
Aýt, kim saldy ýüregiňe howsala?
Gyzyň özün bilmez telbe däl, eje.

Gamlanma, gazansam özüm nanymy,
Däldigime barly öyleň hanymy.
Ykbaldan ýeteni - ylham jamyny,
lçmän bilmen,
Yazyk mende däl, eje.

Mähriň bilen bezedim her bendimi,
Hiç hazyna çalyşmaryn pendiňi,
Durmuş ezip bilmez jigerbendiňi,
Sebäp Haka yşkym çende däl, eje.

Köp ýykyldym, galdym niçeler ýaly,
Näme bar bu ýerde kiçeler ýaly?!
Beren melhemiňi içerim ýaly
Meň ýolugan derdim tende däl, eje,
Oňa çäre tapmak elde däl, eje!

Gurbanjemal Annakowa
19
64
gulia_maksatmyradowna
08.06.2024 17:29
- Nähili häsiýetdäki ynsanlary halamaýarsyň?

- Patyşanyň gujagyna düşselerem kanagatlanman, şasynyň täjine göz dikýänleri.

- Ondan beterlerem barmy?

- Bu nygmatlary, rehmetleri görübem ynançsyz ýaşaýanlardan beteri ýokdur.

- Adama yzyndan gelen duşman howplumydyr ýa-da öňünden gelen?

- Adamyň iň howply duşmany öz içinden gelýän nebsidir.
33
105
gulia_maksatmyradowna
08.06.2024 14:49
Mark Twain:
“Bundan yirmi yıl sonra yaptıkların değil,
yapamadıkların için üzüleceksin.
Dolayısıyla halatları çöz.
Güvenli limandan uzaklara yelken aç.
Rüzgârı yakala, araştır, düşle, keşfet.”


Louisa May Alcott:
“Fırtınalardan korkmuyorum;
çünkü o sayede gemimi yüzdürmeyi öğreniyorum.”
21
68
gulia_maksatmyradowna
24.05.2024 14:38
...Hakydamda baky ýaşar ÝATLAMAŇ,
Gaýdyp gelmeseňde MEKDEP ÝYLLARYM...

🥲
30
309
gulia_maksatmyradowna
24.05.2024 11:45
Kaka
Öten agşam düýş gördüm,
Sen, men, ejem üçümiz.
Ýadyňdamy?!
Ýadyňdadyr elbetde,
Her ýyl bahar aýynda,
Baýyra gezelenjimiz.
Kaka
Düýşümde göräýsediň,
Gülälekleň içinde,
Meni kowalaýşyňy.
Gül gyzyňa\\\" Jümjümäm\\\"
-diýip ýüzlenişiňi.
Kaka
Ýadyňdamy bir gezek,
Pyşdyl ýöräp barýardy?!
Hawa...
...Ana şol pyşdyl
Düýşümde gürläberdi.
Bilýäňmi näme diýdi?
Gülälekler ýuwaşja,
Gürleşende eşdipmiş.
Olar-a çyny bilen,
Senden öýkeläýipmiş.
Wiý kaka
Sebäbini soramda,
Pyşdyl pyşyrdap aýtdy.
\\\"Men seň jümjümäňmişim\\\"
Diýdi-de, ötä gitdi.
Dogrymy aýtsam kaka
Seň bilen sähralykda,
Aýakýalaň otlukda,
Her ädimňi yzarlap,
Bökjekleýän Jümjümäň
Gülki sesin eşdemde
Oýanasym gelmedi.
Kaka...
Seň toprakda galdyran,
Aýaklaryň yzlarny,
Ýitiresim gelmedi.
Ýöne oýanaýdym-da...
Bagyşla meni kaka.
Özümi alyp gaýtdym.
Ýöreýşiňi,
Ylgaýşyňy,
Her ädimiňi,
Aýak yzlaryňy,
Aýaklaryňy
Öňki seni,
Başarmadym äkelip,
Galdyraýdym-da kaka.
29
404
gulia_maksatmyradowna
20.05.2024 19:51
Arzuwyňda aýap bilmän özümi,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.
Gözleň ýanyp duran söýgiň özümi?!,
Ýanyp-köýüp gözleriňi synlaýyn.

Sünnälenip, sünnälenip çekilen
Yşk kölüniň kenarynda ekilen,
Mähir küýsäp öwran-öwran bakylan,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.

" Gel-de meni gujagyňa gys!" diýen,
Göwün guşum gözellige besleýän,
Söz sözlemän, söýmegimi isleýän,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.

Ýene gelse alyslardan aýlanyp,
Ak kepderim, al-asmanda saýlanyp,
Bagra basyp, bagtym hakda oýlanyp,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.
31
413
gulia_maksatmyradowna
15.05.2024 22:52
Ýumak ýaly saraýanmy ömrümi,
Ýa-da...
Çöşleýänmi ýumakdaky düwnümi?
Çagalykda gyjyklanan böwrümi,
Indi gam gussalam dürtýär-le eje.

Jykyr jykyr gülki sesli döwrümi
Äkitdi ýyllaryň rehimsizligi.
Sähel zada läliksirän göwnümi
Bu gün çyndan ynjydaýdym-la eje.

\"Humaý gözli gyzym\" diýäýse kakam,
Begençden ýylgyrar gözlermiň içi.
Tozga gaçsa, ýaşa dolan didelem,
Indi çeşme bolup akýa-la eje.

Ýüregmi iňňe däl, iňňeler sünçýär,
Bagryňa bas meni, mähriban ejem.
(Seniň mährem gujagyňa dolaýyn,
Dolanaýyn ýene öňki menligme
Ýogsam gyzyň halys ejizlär, eje!)
40
352
gulia_maksatmyradowna
24.04.2024 00:17
Hopukdyryjy ýagdaýyňda seň eliňi mäkäm gysyp atmosfera giňişligini saňa sowgat edip biljek ynsan juda az bolsa gerek?!. Belki-de köpdir...
38
366