Alyslarda bir şöhle bar...
Yylysy kalbyma ýetýär.
Bir el sypaýar başymy,
Göni ýüregme seredýär
Yyldyz deý parlaýan göreç
Diýýär maňa: «Bar zat öňde,
Ruhdan düşme!
Göreş!
Göreş!
Alyslarda bir sudur bar..
Özem maňa meňzeş örän.
Ondan gulagma ses gelýär
Meger, bir meň üçin dörän
Owazmy...
Mukammy ýa-da.
Ondan aýňalmankam häli
Yagtylyp gidýär bir ýoda -
Çagyrýar şol taýa bir gol:
«Yol oglusyň,
Sen ýolda bol!"
Garalyp semanyň meňzi,
Göhi gelende bulutlaň,
Men bilýän, şol şöhle, şol ses,
şol sudur meni unutmaz.
Duýulsa perişan halym,
Aýaga galarlar zowwa.
Hem ýellerden geler seda:
«Huwwa, balam!
Huwwa!
Huwwal»
Alyslarda bir ene bar...
Mukam Muhamow