gulia_maksatmyradowna
24.05.2024 11:45
Kaka
Öten agşam düýş gördüm,
Sen, men, ejem üçümiz.
Ýadyňdamy?!
Ýadyňdadyr elbetde,
Her ýyl bahar aýynda,
Baýyra gezelenjimiz.
Kaka
Düýşümde göräýsediň,
Gülälekleň içinde,
Meni kowalaýşyňy.
Gül gyzyňa\\\" Jümjümäm\\\"
-diýip ýüzlenişiňi.
Kaka
Ýadyňdamy bir gezek,
Pyşdyl ýöräp barýardy?!
Hawa...
...Ana şol pyşdyl
Düýşümde gürläberdi.
Bilýäňmi näme diýdi?
Gülälekler ýuwaşja,
Gürleşende eşdipmiş.
Olar-a çyny bilen,
Senden öýkeläýipmiş.
Wiý kaka
Sebäbini soramda,
Pyşdyl pyşyrdap aýtdy.
\\\"Men seň jümjümäňmişim\\\"
Diýdi-de, ötä gitdi.
Dogrymy aýtsam kaka
Seň bilen sähralykda,
Aýakýalaň otlukda,
Her ädimňi yzarlap,
Bökjekleýän Jümjümäň
Gülki sesin eşdemde
Oýanasym gelmedi.
Kaka...
Seň toprakda galdyran,
Aýaklaryň yzlarny,
Ýitiresim gelmedi.
Ýöne oýanaýdym-da...
Bagyşla meni kaka.
Özümi alyp gaýtdym.
Ýöreýşiňi,
Ylgaýşyňy,
Her ädimiňi,
Aýak yzlaryňy,
Aýaklaryňy
Öňki seni,
Başarmadym äkelip,
Galdyraýdym-da kaka.
29
404
jbmm
29 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, duyn nam giribem jogap berman cykypsynlay
gulia_maksatmyradowna
29 May 2024
@jbmm, 😡<--- gelişýä saňa 🤭
jbmm
26 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, yagshy ( agsham bellibir wagt goyayo shutak girmane 23:00 dan son bolyan men) 😡
gulia_maksatmyradowna
26 May 2024
@jbmm, ýagşy. Özüň naili
gulia_maksatmyradowna
25 May 2024
@jbmm, senem
jbmm
25 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, bolya sheytyañdami gara bassyn agsham
gulia_maksatmyradowna
25 May 2024
@jbmm, ölmesem aýlanýan😁 hoş doganmyň goňşusy👋
jbmm
25 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, bir gitsen gelmani bilenoga sen yada gundiz gelyañ menem gundiz normalny gelip bilemok ish bilen bahsagay bolup
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.