Sen barkaň, ýürekde orun ýok gama,
Ýatladygym saýy ýeňleýän, eje.
Goý, aýtsynlar meňzeş diýip kakama,
Men barybir saňa meňzeýän, eje.
Iň belent derejäm, şanym - sadalyk,
Kalbym heniz açylmadyk adalyk,
Kä parahat,
Kä möwç urýan bat alyp,
Ykbalym çalymdaş deňze kän, eje.
Arşa golun açanym sen her saba,
Bardyr enelileň daşynda gala,
Aýt, kim saldy ýüregiňe howsala?
Gyzyň özün bilmez telbe däl, eje.
Gamlanma, gazansam özüm nanymy,
Däldigime barly öyleň hanymy.
Ykbaldan ýeteni - ylham jamyny,
lçmän bilmen,
Yazyk mende däl, eje.
Mähriň bilen bezedim her bendimi,
Hiç hazyna çalyşmaryn pendiňi,
Durmuş ezip bilmez jigerbendiňi,
Sebäp Haka yşkym çende däl, eje.
Köp ýykyldym, galdym niçeler ýaly,
Näme bar bu ýerde kiçeler ýaly?!
Beren melhemiňi içerim ýaly
Meň ýolugan derdim tende däl, eje,
Oňa çäre tapmak elde däl, eje!
Gurbanjemal Annakowa